Melikee
22.08.2022 14:51
Sanlar we adamlar



Adamyň häsiýetini ýüze çykarmak üçin dürli usullar bar. Ony astronomiýada ýyldyzlara görä kesgitleseler, grafologiýada ýazuw usulyna görä baha berýärler. Bu babatda numerologiýada hem käbir garaýyşlar bar. Numerolog alymlar adam bilen sanlaryň arasynda örän uly ýakynlygyň bardygyny belleýärler. Adamyň içki dünýäsini açmak üçin olar özboluşly usuly teklip edýärler. Olaryň pikiriçe, adamyň iň gowy görýän sany şol adam barada ähli zady aýan edýär. Şunda 1-den 9-a çenli sanlar göz öňünde tutulýar. Meselem, eger-de biriniň iň gowy görýän sany 17 bolsa, onda onuň sany 1+7=8 edip, islendik iki belgili sany goşup, jem alynýar. Şol san hem adamyň häsiýetini kesgitleýän san bolýar.

Bir — ýekeligiň we özbaşdak pikiriň sany. Bu sany gowy görýän adamlarda ýolbaşçylyk ukyby bolýar, olar ähli zatda baştutanlyk etmegi başarýarlar. Üstesine-de, bu adamlar iş dolandyrmagy gowy görýärler. Jogapkärçilik we adamlara tabşyryk bermek olara ýaraýar. Bu adamlar başarjaňdyrlar we öz başarnyklaryna ynanýarlar. Olar hemişe ruhubelentdirler, başgalara kömek etmäge taýýardyrlar.

Iki — özdiýenlilik we adalatsyzlyk bilen göreşýän adamlaryň gowy görýän sanydyr. Olar köplenç ýakynlarynyň we dogan-garyndaşlarynyň pikirlerine uýýarlar. Olar asla adalatsyzlyga ýol bermeýärler, garasöýmezleri halamaýarlar. Ikiligi saýlan adamlar düşünişmezlik dörän ýagdaýynda hemişe ylalaşyga ýol tapýarlar, hiç wagt dawanyň başyny başlamaýarlar. Olar örän gowy dostlardyr, çünki olar garşydaşyny diňlemegi we duýgudaşlyk bildirmegi başarýarlar.

Üç — aňly-düşünjeli hereketleriň sanydyr. Bu sany gowy görýän adamlar hemişe dogry ýoluň gözleginde bolýarlar. Olar başgalaryň dilini tapmagy, ynandyrmagy başarýarlar. Bu adamlar guramaçylyk ukyplary bilen tapawutlanýarlar. Olardan hemişe maslahat soraýarlar. Üçlük sany saýlan adamlar üçin durmuşda iň esasy zat — garaşsyzlyk.

Dört — durnuklylygy aňladýar. Bu sany saýlan adamlar örän sabyrly we geçirimli adamlardyr. Olaryň sowukganlylygy durmuşyň ähli ugurlarynda ýüze çykýar. Eger olara käbir zatlar barada tankydy bellikler edilse, ikirjiňlenmezden we dawalaşmazdan şol kemçiligini düzetmek bilen bolýarlar. Özara gatnaşykda adamlaryň kemçiliklerine asla üns bermeýärler, çünki olar üçin adamyň abraýy we durmuşyndaky orny has wajyp.

Bäş — töwekgelligi we joşguny alamatlandyrýar. Bu sany gowy görýän adamlaryň durmuşy başdangeçirmelerden doludyr. Olar dürli töwekgelçilikli we pikirlenmesiz hereketi talap edýän ýagdaýlarda bolmagy gowy görýärler. Şeýle-de örän duýguçyl bolýarlar.

Alty — wepalylygyň we tertipliligiň sanydyr. Bu sany saýlan adamlar durmuşda ähli zadyň ýerbe-ýer bolmagyna aýratyn üns berýärler. Ýaşaýşynda öňde goýlan maksatlara ýetmek olara başardýar. Şeýle-de maşgala gatnaşyklarynda wepalylyk babatda tapawutlanýandyrlar. Olar çagalary terbiýelemegi we durmuşa taýýarlamagy gowy görýärler.

Ýedi — syrlylygyň we özüne çekiji bilimleriň sanydyr. Bu sany saýlan adamlar öz çägini goraýan, özbaşdaklyga mätäçlik çekýän adamlardyr. Olar bilesigelijidirler, täze zatlary öwrenmegi gowy görýärler. Kähalatlarda olary filosoflara deňeýärler. Çünki olaryň bilimleri we gyzyklanmalary adamyň ahlak we ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklaryndan gözbaş alýar.

Sekiz — häkimiýeti alamatlandyrýar. Sekizligi gowy görýän adamlar başgalara höküm etmekden lezzet alýarlar. Olar talapkär bolýarlar. Şonuň üçin hem iş dolandyryjy, müdir we ýolbaşçy ýaly wezipelerde kynçylyk çekmeýärler.

Dokuz — bilimiň we üstünligiň sanydyr. Bu sany saýlan adamlar alýan bilimlerini durmuşda üstünlik gazanmak üçin peýdalanmagyň aňsatlyk bilen hötdesinden gelýärler. Şahsyýetara gatnaşyklarynda uly abraýdan peýdalanýarlar. Garşysyndaky adamlaryň duýgularyna gowy düşünýärler. Adamlary ýeňillik bilen tanaýarlar we dostluga hormat goýýarlar.
21
258
Myhman Myhman
23 Awgust 2022
Bäş😊😊
RuníA
23 Awgust 2022
Durmuşda kiçilikden halaýan sanlarym: 27,4,3,7.
Gulperi
23 Awgust 2022
Mena 5 elbetde
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
Alty 🍒🍏
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
😝😝😝😝😝😝

🥺😭😭😭😭😭
bismark
22 Awgust 2022
SSHB,nm ucin yekeleyaniz 0 sany oda sandyra 1 den 9 a cenli bilyan bolsan 0 y yekelemeli dalde😀
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
*7lik sany halayan. Häsiýetnama dogry...
Melikee
22 Awgust 2022
Shazada o barada bilemok..🤐
bismark
22 Awgust 2022
0 sany gowy gorsen nm bolya🤔
Gülhan
22 Awgust 2022
Gowy post 👌🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.