Predator
22.08.2022 09:18
Moskwa syýahat maksady bilen gidenimde, agşamlyk wagty myhmanhanada hal-ýagdaýyny soramak maksady bilen ejeme jaň edeýin diýdim. Aramyzdaky gürrüň şeýläräk geçdi:

—Eje salam, gowumy ýagdaýlaryňyz? Jan-saglygyňyz nähili?
—Hawa oglum gowçulyk hemmezat. Nirelerde bu wagt?
—Moskwa geldim eje bir hepdelik.
—Hä, şeýlemi tüweleme. Kreml-i gördüňmi?
—Hawa eje aýlandym özä ýetişdigimden.
—Biz çagakak “Kremliň üstünde bir ýyldyz gördüm, Şol ýyldyz öýümize bagt getirdi” diýip goşgy ýat tutardyk
Menem hezil edip güldüm bu ýagdaýa we ejeme şeýle diýdim:
—Eje bagyşla welin sizi çagakaňyz gowy edip aldapdyrlar. Men gözüm bilen (žiwoý...) gördüm şol ýyldyzy ýöne bagt-da paýlanokdy beýlekem...
Gülüşdik, soňam hoşlaşyp telefony ýapdyk.

Mähriban adamlar! Men aslynda siz bilen maňa gaty düşnüksiz gelýän bir meseläni paýlaşmak isleýärin. Taryhda biziň guran beýik döwletlerimiz dargaly bäri türkmende öz pikirlilik, özbaşdak garaýyş bolmady. Biri beýik Hywa diýip aldady, ýene biri beýik Lenin diýip aldady...we.ş.m. Garaz bizde nätanyş beýikleriň sany köp... Biri gelip Lenine ynan diýse, türkmen hä bolýar diýip şoňa ynanypdyr. Şony dogry ýol hasap edipdir. Bar owgana gidiň söweşiň, gyrylyň diýse biz gidip gyrylyp geldik...Ýa bolmasa tutuş bir obany ekläp oturan ynsaply baýyň malyny talaň diýse gidip talapdyrys...Men düşünip bilmeýärin. A-how nätanyş biri gelip şu awyny iç gowlaşýarsyň diýse içmersiňä?! Sen dogry diýýäň welin meniň başga pikirim bar, başga garaýşym bar diýip bolýandyra. Adama berilen akyl bar. Akyl bize pikirlen diýýär. Biziň başga pikirimiz bolup biler. Bir meselä başgaça garap bileris. Gynansagam türkmende özge pikirlilik ýok! Ýitdi!!!

Bir zady kabul etmeli, biz gaty ynanjaň halk. Diýseň sada halk. Näme bolsa pikirlenmän ynanýarys. Biziň başymyza bela bolan zatlaryň birem şu. Keramatly adammy Lenin?! O nähili keramatly? Özümizden näme tapawudy bar. Iýýän, içýän, biz ýaly hajathana gidýän adam. Näme pikiri bizi halas etdi?! Millionlap türkmeni gyryp, millionlarçasyny sürgün edip halas etdimi?! Nämesi bagt getirdi?! Haýsy ideologiýasy, haýsy taglymaty?! Gazetda işleýän 70 ýaşly bir tanyş žurnalist ýaşuly bardy. Özem biz ýaly türkmen. Şonuň kakasyny, Stalin atuwa berdiren. Emma bir gezek meniň bilen jedel edýär “Stalin weli adam diýip”. Menem a-how ýaşuly birinjidenä “weli” bolmak üçin käbir şertler bar. Ilki bilen musulman bolmaly diýsemem meniň bilen ylalaşasy gelenok. Kakasam şol weli diýýän adam tarapyndan atdyrylan. Galanyny özüňiz pikirlenip görüň. Şol adam ýene 5 ýyl ýa ýaşar ýa ýaşamaz. Diňe nebsim agyrýar. Ömri bihowa ideologiýa bilen siňip gitmeli. Allatagala bize akyly ulanyň diýip berendir. Azajyk ulanmaly. 20 million adamy gyrdyran, ölen wagty Hudaý azap etdirýän ýaly beýni çogup, haram ölen Stalin nädip weli bolup biler? Dünýäde şuňa ynanýan ýeke adam galdymy indi? Şuwagt öz halky tarapyndanam ýazgarylýan adamy türkmenden goldaýan bar integem. Diňe nebsim agyrýar şeýle adamlara. Näme diýeýin.

Rus basybalyjylar Orta Aziýa we beýleki döwletlere aralaşan wagty ne Hywa, ne Buhara, ne beýleki özüni hanlyk-beglik hasap edýän milletler olaryň garşysyna göreşmän meýletin tabyn boldylar. Diňe Türkmenler öljegini bilsede mertlerçe göreşdi. Bir zady analiz edip göreliň. Bir jemgyýet özünden näçe esse güýçli goşun bilen näme üçin söweşe girer?! Öljegini bilibem näme üçin söweşer?! Meniň pikirimçe şol halkyň şol wagt öz pikiri bardy, namys atly duýgusy bardy. Duşman: boyun bol, tabyn bol, men senden güýçli diýsede Gökdepäniň gahrymanlary men bu pikir bilen ylalaşmaýaryn diýýärdi. Men başga hili garaýaryn bu meselä diýýärdi. Ölerin emma gul bolup ýaşamaryn diýýärdi. Biriniň öňünde dyza çökeniňden ölenim maňa eziz ediýýärdi. Soň bize näme boldy, nämämizi ýitirdik düşünip bilmedim.

Türki halklaryň içinde iň gadymy halk türkmen halky. Dünýä ýaň salan Osmanly döwletiniň gülläp ösen başdaky 300 ýyllyk döwrüni dolandyran soltanlar Merwden giden Kaýy tiresiniň nebereleri. Hutba-hut öz türkmenlerimiz. Soň Anadoludaky beýleki aga-inileri patyşalyga saýlanýar. Osmanlyny gülledip ösdüren, erk näme, döwlet name tutuş dünýä görkezenem ýene biziň garyndaşlarymyz. Ol güýçli erkimiz ýitdi. Bar filosofiýamyzy : “nädip agzala bolup bileris, nädip birek-birege bahyl bolup bileris” soraglaryň üstünde özümizi kämilleşdirdik. Häli-şindilerem şol gury filosofýany ösdürýäris. Daşary ýurtda bir kärhanada 50 adam işleýän bolsa şolaryň hemmesem aýry döwletden, aýry milletden, dürli reňkden, başga-başga dinlerden ybarat adamlar. Agzybir bolup işiň bähbidine bilelikde zähmet çekýärler. Hat-da olaryň arasynda agzybirlik sözi kän ulanylmaýaram. Herkim öz işini edýär, herkim öz bähbidini bilýär. Ne milletparazlyk, ne dinparazlyk piňlerinede däl. Birek-biregi sylamak, hormat goýmak birinji şert, aralarynda dialog bar. Şeýdip herkim öz derejesinde ösýär, gazanýar. Biz bolsa bir gysym halk entegem öz aramyzda oňuşyp bilmän ýörüs. A-how adamlar bu gaty arzan düşünje... Akylyňyza aýlanyň! Iller kosmosa uçdy, biz nämäniň aladasyny edip ýörüs? Agzy ala halk ömürem birleşip, güýç emele getirip bilmeýär. Taryhda beýle milletara agzalalyk düşünjesi bilen ýurtlary dolandyrmak 10 asyr mundan öňki syýasat. Ondan bäri näçe wagt geçdi, elektrik oýlanyp tapyldy, bilim ösdi, tehnologiýa ösdi...Biz şu wagt haýsy döwürde ýaşap ýörüs ahbetin...?!

Hemmezat bir ýaňa, Muhammet Pygamberiň milletparazlyk barada şu sözlerini size ýetirmek isleýärin: “ADAMLAR! Rabbyňyz birdir, ol Biribardyr. Ataňyz bir, ol Adam atadyr. Siziň hemmäňiz Adam atanyň perzentlerisiňiz. Adam ata bolsa toprakdandyr. Allanyň huzurynda iň ýagşy görlüp, halanýanyňyz oňa iň köp hormat goýýanyňyzdyr. Arabyň arap bolmaýana Allatagala eden hormatyndan başga üstünligi ýokdur. MUSULMANLAR! Sözümi oňat diňläň we asla unutmaň. Musulman musulmanyň doganydyr, şeýlelikde bütin musulmanlar dogandyrlar. Din doganyňyza degişli bolan her bir hak-hukugy basgylamak halal däldir.” O-how Türkmen! Meni diňlemeseňizem Pygamberiňi bir diňle!!!
6
103
☝️☝️☝️
3 Oktýabr 2022
Biz turkmen☝️☝️☝️
Myhman Myhman
18 Sentýabr 2022
Pygamberimizem diñleyän senem diñledim

Biz yaly agzybir kop zady geçirip,yudup,bagyşlap bilyan dowlet azdyr
gulshatayewa97
22 Awgust 2022
Predator,dogry🤔
Predator
22 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa,yo agzaladal mundan has gowy agzibirlige cagyryar
gulshatayewa97
22 Awgust 2022
Agzalamy näme türkmenler🤔
wolf
22 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.