Alymlar, horlamanyň asyl sebäbini orta çykardy
Birnäçe adamlaryň gorkuly düýşleri halyna gelen horlama (hor çekme) meselesi üstünde geçirilen gözlegler, horlamanyň asyl sebäbini orta çykardy. Hünärmenlere görä horlamanyň sebäbi, dilde ýagyň bolmagy.
Horlama, käwagt jübütleriň arasyndaky gatnaşyklary hem erbet ýagdaýa getirip bilýän rahatsyzlyk. Ýyllar boýy geçirilen gözlegler, horlama meselesiniň asyl sebäbini doly derejede tapmady we alymlar dürli çaklamalar berdi. Emma, täze edilen gözlegler, horlamanyň asyl günäkärini orta çykardy.
Pennsylvania uniwersitetinde geçirilen MRI (magnit-rezonans tomografiýa) gözleglerinde, horlamanyň asyl günäkäriniň boýun ýa-da eňekdäki däl, dildäki ýagyň bolmagydygyny ýüze çykaryldy. Işlere görä dilde saklanan ýag, ukynyň hiline uly möçberde täsir edip bilýän horlama sebäp bolýar.
Pennsylvania uky merkezinde medisina direktory bolan Richard Schwab, “ Käbir klinikler we hatda uky apneasy hünärmenleri, ukuda horlamany bejermek üçin dildäki ýaga üns bermedi. Indi dildäki ýagyň bir risk faktory bolandygyny bildigimize we dildäki ýag möçberiniň azalanda uky horlamasy düzeldigine görä mundan öň eýe bolmadyk bejergimizi belli etdik” şekilinde gürledi.
Ylma görä diliň ýag möçberi azaldylanda, horlama zerur möçberde azalýar. Schwab aýratynda, “Gelejekde ediljek işlerde, käbir berhizleriň (diýeta) dil ýagyny azaltmaga beýlekilerden has gowy bolup-bolmadygyny we aşgazan ýagyny azaltmak üçin ulanylýan bejergileriň diliň ýagyny azaltmak üçin ulanylyp-ulanylmajagyny gözlemek üçin taýýarlanyp bilner” diýip, ediljek işleriň soňky ädimlerini düşündirdi.
Gözlegçiler, semiz bolmaýan we horlaýan adamlaryň dillerindäki ýag mukdarynyň ýokary bolup-bolmadygyny anyklaýarlar. Kim bilýär, belkide horlamanyň çäresi, dil berhizi bolup biler.
Alnan çeşme: https://www.webtekno.com/bilim-insanlari-horlamanin-asil-sebebini-ortaya-cikardi-h86271.html
Habar barada pikirleriňizi teswirlerde ýazyp, göwnüňize ýaran bolsa halap bilersiňiz.