『SALYH』
21.08.2022 16:18
Ýanwardamy,
Apreldemi,
Maýdamy,
Ýa başga aýdamy – gelerkäň haçan?
Çözülýänçä bu sowalyň jogaby,
Milýon ömürleri äkitdi ajal.

Garaşdyk biz Saňa gözümiz ýolda...
Emma weli Saňa garaşmak diýmek
Söýgüli bir gyza garaşýan ýaly
Erik saýasynda ah çekmek, köýmek
Däldi. Oňa görä has uly zatdy,
Garaşypdyk Saňa göreşler bilen.
Ol göreşleň niçik göreşdigini
Diňe garaşan däl,
Göreşen biler.

Garaşmak, göreşmek – bu iki dogan
Biri arzuw berdi, birisi ynam.
Şol iki doganyň bolan ýerinde
Mydam bola-bola gelýänsiň Senem.

Ahyry biziňki bolmalydyň Sen.
Şeýle boljakdygam anykdy juda.
Ýöne weli näçe pida çekmeli,
Näçe gerçeklerden düşmeli jyda?
Şonuň anygyny bilemzokdyk biz.
Öňünden çözerden kyndy bu sowal.

Emma weli näçe pida çeksek-de,
Biziň ýelkenmize urýardy şemal.

Arzuwdan, ynamdan dörän şol şemal
Urýardy ýelkene. Dolýardy ýelken.
Şoň ýaly şemalyň bolan ýerinde
Diňe
ilerligne gidiljek eken.
Ölmedikler
Seni gazanyp geldi,
Gelmedikler
Seni gazanyp öldi.
Şeýdip Sen ahyry biziňki bolduň...
Diýmek bir hakykat meň üçin belli:

Ömür – adam üçin gymmat zat. Emma
Ölüm hem gerek zat islände döwür.
Ölümsiz göreş ýok,
Göreşsiz Sen ýok,
Sensiz bolsa
kime gerekmiş Ömür.
13
134
Myhman Myhman
23 Awgust 2022
Salam
『SALYH』
22 Awgust 2022
SAHYRLARWEMEN, aha gordum spasibo

Milaya_🌺,sps
perizadym
21 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
sahyrlar_we_men
21 Awgust 2022
『SALYH』, taze geldinizmi? How geldiniz, birine yazjak bolsanyz 👍🏻-👎🏻 gapdalyndaka basmaly.
『SALYH』
21 Awgust 2022
Resul, spasibo

Sahyrlarwemen, menm dushunmedim yogsa govy manyly goshgy
sahyrlar_we_men
21 Awgust 2022
Namesine dislike basyalaray, 😡
wolf
21 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
『SALYH』
21 Awgust 2022
Serwi, spasibo
『SALYH』
21 Awgust 2022
Süsen, spasibo
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.