Predator
21.08.2022 13:22
Maňa gelýän käbir punktual soraglary nygtap geçmek isleýärin:

—Agam birzatlar edesim gelýär emma welin näme etjegimi bilmeýärin
—Bilim al diýýäňiz welin bilim almak näme bolýar? Fizikany öwrenmelimi? Ýa-da matematikadan formulalary ýat tutmalymy?
—Daşary ýurda git diýýäňiz welin ol ýere baryp näme etjegimi bilmeýärin. Hiç hili tanaýanym ýok
—Pul nädip gazanjagymy bilmeýärin

Mähriban Ýaşlar!
Şu soraglaryň jogaby siziň özüňizde. Siz ilki bilen näme isleýäniňizi biliň! Näme isleýänini bilýän adam, näme etjeginem bilýär. Ol hyjuwly bolýar we energiýasy gutarmaýar. Şu durmuşdan näme isleýäniňizi biliň we şoňa görä hereket edip başlaň!

—Näme isleýäniňi bilmek näme bolýar?

—Ilki bilen öz-özüňize sorag beriň. Men şu durmuşdan näme isleýärin? Kim bolmak isleýärin? Nämeler edesim gelýär? Nähili derejelere ýetesim gelýär? Adamlaryň maňa garşy nähili garaýyşda bolmaklaryny isleýärin? Köpçülik maňa hormat goýsunmy ýa äsgermesinlermi? Ejemi nädip begendirip bilerin? Jigilerim-doganlarym üçin näme edip bilerin? Nähili maşyna münesim gelýär? Haýsy brend eşikleri geýesim gelýär? 70 ýaşyma gelenimde, öz-özümden razy boljak işleri bitirip bilermikäm? Çagalaryma görelde boljak paýhasly durmuşym bolarmyka? Ölenimden soň adamlar meni nähili ýatlarka? Bir yz galdyryp bilermikäm? Dünýä jemgyýetçiliginde meniň adym galarmy? Ýa Garaguma siňip giderinmi? Garaşyp ýatanym bilen hemmezat öz-özünden düzelermi?

Şu soraglaryň ählisini galam, kagyz alyp ýeke-ýeke ýazyp öz-özüňize jogap beriň. Şol jogabyňyza göräde hereket edip başlaň. Sebäbi siz indi näme isleýänini bilýän adam. Aýdaly ýaňky öz jogaplaryňyza görä köp pul gazanmak isleýärsiňiz. Näme edip bilersiňiz? Kiçiräk mysal hökmünde nygtap geçmek isleýärin. Az-owlak söwdadan, managementden başyňyz çykýar. Iller mobil oýun programmalaryny ýazyp Play Store, App Store-da satyp dünýäniň puluny gazanýarlar. Ýöne siz programma ýazmany bileňzok. Bolubersin, bilmän geçeýin. Gowy bir pikir tapdyňyz diňe şol oýunyň programmasyny bilýän bir hünärmene hakyny töläp ýazdyraýmak galýar. Oňada puluňyz ýok bolsa şol hünärmeni pikriňize şärik edip çözgüt tapyp bilersiňiz. Halkara derejesinde bolar ýaly dilinem iňlis dilinde edýärsiňiz. Soňam tölegli edip Play Store we App Store-de goýýaňyz. Dünýäde 6 milliarddan köp adam bar. Şolaryň diňe 1 milliony oýuny satyn alsa, her oýundanam azyndan 2 dollar gazansaňyz, ine siz eýýäm millioner. Toý bagşysy aýdym aýdybersin, Siz ýol alyň!

Ýa bolmasa başga kärlerde işläp hem girdeýji gazanyp bolýar. Belki siz güýçli ýazyjysyňyz. Kitap ýazyp satyň internetden. Ýörite kindle üçin ýazylýan kitaplaryň satylýan birgiden saýtlary bar. Indi köne döwür ýok, täze dünýä. Türkmenistanda kitap çykartmaýarlarmy, indi internet bar. Internet arkaly kitabyňy satyp bolýar. Şeýdip ýazyjy adamam özüne mynasyp derejede ýaşap bilýär.

Ýa bolmasa “Blockchain” sistemasyny öwreniň. Diňe Bitcoin ýaly finans ugruny dälde, eýsem durmuşymyzda başga nirelerde ulanyp bolar, nähili açyş edip bolar şolaryň pikirini ediň. Meniň pikirimçe 21-nji asyryň häkimi we hökümi, iň uly öwrümi diňe şuňa bagly, ýagny Blockchain, Blockchain, Blockchain. Senagat döwründe dünýäden yzda galdyk, “Blockchain” dünýäsinde bir yza galmalyň. Blockchain dünýäsinde hiç kim bizden öňde däl. Her kim üçin täze zat. Tiz öwrenip, öňe geçip bilýäris. Aslynda tutuş adamzat üçin Blockchain hemmezady düýpgöter üýtgetjek bir sistema. Göniläp aýtsaň bizi halas etjek sistema.


Ýa-da siz ylym adamsy bolsaňyzam öz mynasyp derejäňizde ýaşap bilýärsiňiz. Ösen ýurtlarda ylmy ugurda çynlakaý iş başarsaňyz million dollarlap labarotoriýa açyp bilmegiňiz üçin goldaw berilýär. Unutmaň! Edisony, Edison eden ylmy ukyby däldi, täjirçilik ukybydy. Esasy zat oýlap tapan lampasyny önümçilige goýmany başardy. “General Electric” kompaniýasynyň esaslandyryjysy Edison. Şuňa meňzeş başga-da birnäçe mysal berse bolar. Ýöne sözümiñ asyl manysy bu däl. Wagty gelende bu ugurda giňişleýin kitap ýazmakçy. Ýöne jemläp şuny aýtmak isleýärin: “Her käriň öz biznesini edip bolýar”. Girdeýji gazanyp bolýar. Esasy zat beýni işlesin we pikirlensin, çykalga gözlesin. Her kärdäki adam täze dünýäde isle halasyn isle halamasyn ekonomika düşünmäge mejburdyr. “Aý men hasap-hesibe düşünemok...we.ş.m”. Gadyrdanlar täze dünýäde ýaşajak bolsaňyz düşünäýmeli.

Giň pikirleneliň. Dar garaýyşda bolmalyň. Edýän işimizi, öndürýän harydymyzy (obýektiw & subýektiw harytlar) halkara derejesinde oýlanyň. Şu x zady Türkmenistanda näçe adam satyn alarka diýip pikirlenmeli dälde, şu x zady 100 ýurtdan adamlar alarmyka, download edermika diýip pikirlenmeli. Şol nukdaýnazardan gözleg-agtaryş işlerini geçirmeli. Näme üçin, türkmende 10.000 sany millioner bolmasyn?! Täze dünýäde millioner bolmak kyn däl!!!

Biz türkmenler gynansagam käbir zatlary özümize mynasyp görmeýäris. Hamala 12.000$ gazanyp bilsek bize ýetýän ýaly. Beýnimiz şol ramkadan aňyryk gitmeli däl ýaly, serhedi geçmeli däl ýaly. Diňe George, Iwan, Erol...million dollar gazanmaly ýaly. Maral bilen Myrat şol million dollara mynasyp däl ýaly. Biz mydama garyp ýaşamaly ýaly. Mydama biz aldanmaly ýaly... A-howwww halaýyk! Bu wehimleriňiziň hemmesi ýalňyş!!! Asyl biz şoňa mynasyp. Türkmen baý bolmalydyr, gaýratly bolmalydyr.Bize baýlyk gelişýär. Gujurly bolmalydyr, hiçkime mätäç bolmaly däldir. Magtymguly atamyz aýtmyşlaýyn: “Sag elim, sol ele mätäç eýleme!!!” Hiçhili üstünlik gazanmadyk adam, ýalňyşmakdan gorkýan adamdyr! Ýalňyşmakdan gorkmaň! Täze dünýä biziňki bolmaly! Täze dünýä bize düşümli bolar! Siz duruň, dünýe dursun –Türkmenim!

Belli bir wagt soň şu sözleri öz-özüňize diýip bilmegiňizi umyt edýärin:
—Hemmeler umytsyz wagty, meniň maksadym bar, ýetmek isleýän nokadym bar.
—Herkim ukuda wagty, men oýadym.
—Hemmeleriň gorkýan wagty, meniň bar gorkym maksadyma ýetip bilmezligimdi.
—Hemme adamlar soňýetme toý bagşysyna gargaýar, menem gargap ýadadym. Garganym bilen hiç zat üýtgemedi. Allanyň beren akylyny ulanyp, öz ýolumy özüm çyzjak.
—Köp pul gazanyp öz obama aswalt çekdirjek
—Köp pul gazanyp Ýewropada bir uniwersitet ýa-da akademiýa açjak we türkmen çagalaryny mugt okatjak.
—Pikirlenjek, pikirlenjek, pikirlenjek. Hiçkime öz beýnimi gipnoz etdirjek däl.
—Meniň hyýallarym, arzuwlarym we oňa ýetmek üçin strategiýalarym bar.
—Pikirleniş örimi giňeltjek. Dünýägaraýşymy ösdürjek. Dünýä klasi kitaplarynyň hemmesini diýen ýaly okap çykjak. Magtymgulynyň şygyrlary we ideologiýasy bilen içgin tanyşjak.
—Täze dünýäde hemme zat gaty tiz. Şu tizlige menem ýetişjek. Tizligimi artdyrjak.
—Watanyma şu zulumy eden adamlara bir gün özüme gözigidijilik we haýranlyk bilen sereder ýaly derejä geljek. Goý, meniň bilen duşuşmak üçin haýyşt etsinler. Meniň bilen duşuşaýanlarynda-da menden aljyrasynlar.
—Köp pul gazanyp öz adyma haýyr-sahawat guramasy (foundation) açjak. Bolsa öz ýurdumda, bolmasa Ýewropada. Öz ýurdumda açdyrmasalar, wagt ýitirip ýörjek däl. Saglyk, bilim, medeni taýdan ýer-ýüzündäki haýsy türkmene kömek gerek bolsa şu gurama kömek eder.
—Çagalaryma diňe bilim öwretjek. Olara goýjak iň uly mirasym—bilim.
—Men bahyl däl-men sahy, men sowatsyz däl-men alym, men gorkak däl-men batyr, agzala däl-agzybir men, ine men TÜRKMEN!!!
—Eger bir gün öläýsemem Mert bolup öljek. Hiç kime azar bolman öljek. Ýatakda ölmeli etmesin! Halkym üçin hyzmat edip ýörkäm öleýin! Eger bir zannyýaman tarapyndan öldürilsem ýüzüne tüýkürip öljek! Ýeke çyňsanymy eşitmez hiç kim. Gorky ýok mende.
MERT ÝAŞARYN –MERT HEM ÖLERIN!
Türkmene gelişýäni hem ine şudyr!!!
14
197
Gloria
1 Sentýabr 2022
👍👍👍👍🙂🙂🙂
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Bitter.Diýmek sen gaflat ukusynda ekeniñ.Oýanmagyñ gerek.Munuñ üçin seni bütinleý pozitiwlige hyjuwlandyrjak zady tapmagyñ gerek...
Lilia_
21 Awgust 2022
Bitter, gowy sorag...
Predator
21 Awgust 2022
Bitter, doga dileg etmeli
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Howwa.Oýalylara goldaw,oýanasy gelenlere ýardam bolar.
Predator
21 Awgust 2022
Myhman Myhman, belkide bir adama peydasy deger
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Şeýle tůrkmenleriñ bardygy gaty buýsandyrýar.Minnetdar paýlaşanyñ üçin...
Predator
21 Awgust 2022
Myhman Myhman,Çagry Kerim
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Awtor?
Isko
21 Awgust 2022
Google playa nadip prigramma cykarmaly... nadip yazan kitaplañy dasry yurda satyp bolor...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.