Melikee
21.08.2022 09:33
Bu gün bir üýtgeşik bazara düşdüm,
Jar çekýär sesine bat berip küýki.
" Puluň bolsa tapylmajak zat ýokdur "
Ýassyk satyn aldym,tapmadym uky.

Ýene-de bir ýerden edindim derman,
Näçe pul bolsa-da,tapmadym saglyk.
Nahar satyn aldym äpet aşpezden,
Işdä soranymda " ýok " diýdi eglip.

Ynha-da bir ýerden täsin dost tapdym,
Wepasyn tapmanma gynandym çala.
Hemem satyn aldym bir ýetim ýigdi,
Ejesin tapmadyk ullakan pula.

Bir gözel gyz tapdym bazar içinden,
Derhal satyn aldym, töledim nagt.
Toýa diýip haryt baryn ýygnadym
Emma giň bazardan tapmadym bagt.

Bazarda pul berip maýmyn oýnatdym,
Pul berseň atlaram kişňeýän eken.
Şunça meseläni çözýän şaýlyga,
Maňa gerek zatlar düşmeýän eken.
23
183
ylham_gurbanaly
2 Sentýabr 2022
Bitter, ikisi deň şolaň:)
ylham_gurbanaly
2 Sentýabr 2022
Bitter, Ertir Täze ýyl diýýäňmi)))
Myhman Myhman
2 Sentýabr 2022
Oran gowy gosgy eken
Myhman Myhman
22 Awgust 2022
👍👍👍👍 gaty gowy gosgy
perizadym
21 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
YslamNazarow
21 Awgust 2022
Gou goshgy soz yokk
abdy_dayy
21 Awgust 2022
Gowy gosgy kerim hally gosgy gow duzyar mena sozm yokla su oglana

Gowy gosgy kerim hally gosgy gow duzyar mena sozm yokla su oglana
Sheýda
21 Awgust 2022
🔥🔥🔥🔥🔥
BaýramBejidow
21 Awgust 2022
Bitter, mugtyna akyl berselerem mugtyna haýyr edýän azdyr näbileli
Myhman Myhman
21 Awgust 2022
Bitter toyun bolsa ayt menem barjak diktor bolup🤯
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.