Mercedes_fan
20.08.2022 14:15
Samsung 2022-nji ýylda smartfon önümçiligini azaldar.

Samsung 2022-nji ýyl üçin strategik meýilnamasyna gaýtadan seredýär we smartfonlaryň çykarylyşynyň meýilnamasyny 300 milliondan 260 milliona çenli azaldýar diýip, Günorta Koreýanyň TheElec neşiri habar berýär.

Samsung-yň ilkibaşky önümçilik maksady 334 mln smartfondy, olaryň 284 millionyny hut öz kuwwaty bilen ýygnamagy meýilleşdirýärdi. TheElec-iň çeşmelerine görä, häzir Samsung oktýabr aýyndan noýabr aýyna çenli özbaşdak 34 mln smartfon öndürmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa ýylyň geçen çärýekleri ýa-da geçen ýyllaryň degişi döwri bilen deňeşdirilende juda azdyr.
Şu ýyl maksatly görkezijileriň peselmegi puluň hümmetiniň gaçmagy, alyjylaryň isleginiň peselmegi we ähli öndürijileriň kösenýän meselesi — ugratmakdaky kynçylyklar bilen baglydyr. TheElec-iň habar bermegine görä, kösenmedik ýeke-täk kompaniýa Apple-dir.
Samsung 2020-nji ýylda COVID-19 pandemiýasy sebäpli birgiden kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ähli külpetlere garamazdan, her näme-de bolsa kompaniýa 250 mln gurluşy alyjylaryna ugratmagy başardy, 2021-nji ýylda pandemiýa biraz ýatyşansoň, Samsung eýýäm 300 mln smartfon çykardy.

11
77
wolf
21 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.