"Ykbaldyr-da" diýdiñ, lowlady ýürek,
"Ykbaldyr-da" diýdiñ, ot aldy dünýäm.
Ýañy on dokuzyñ dolan pursaty,
Ykbal diýlen zady nireden bilýäñ?
Bar zada günäkär däl ahyr ykbal,
Ýok, men ykbalymdan ýanyp geçjek däl.
Ýa meñ söýgim düşjek menzilin tapman,
Ýel ugruna gaýyp ýören peşmek däl.
Süýji dideleñden ajy gözýaşy
Süpür,
Ajy gözýaş gül ýüzüñ daglar.
Düşün, diñe munda umydy ýoklar,
Şeýle için tutup perişan aglar.
Wagt – lukman,
Belki, köñül düşüşer,
Ýaralary bitip barýan durna dek.
Wah, hawa-da, yşga nädip düşüner,
Sen deý gyzyñ jebrin çekip görmedik.
Hojaberdi Çaryýew