Ellerdäki we aýaklardaky guruşma köplenç nerw ulgamymyz bilen baglanyşykly keselleriň alamatydyr. B12 witamininiň ýetmezçiligi, tiroidiň bozulmagy we süýji keseli ýaly keselleriň başlangyjy bolan el we aýaklaryň guruşmagy köplenç semizlik bilen baglanyşykly keseller sebäpli hem ýüze çykyp biler. Newropatiýa diýilýän nerwleriň zeperlenmeginden döreýän el we aýak guruşmagy, böwrek ýetmezçiligi, şeýle hem fol kislotasynyň ýetmezçiligi sebäpli hem ýüze çykyp biler.
Adatça bedende guruşma duýgusy aşa gyjyndyrma ýa-da nerw öýjüklerine zeper ýetmegi netijesinde ýüze çykýar. Guruşma köplenç ellerde, aýaklarda, gollarda we bedeniň beýleki ýerlerinde bolýar.
Guruşmanyň sebäpleri
🔹Oňurga ýiliginiň kanalynyň daralmagy
🔹Beýni we oňurga ýiliginiň çişleri
🔹Beýni ganamasy
🔹Süýji keseli
🔹Rak keseliniň metastazlary
🔹Dynçsyz aýak sindromy
🔹Witamin ýetmezçiligi
🔹Psihologiki sebäpler
🔹Aýlanyş bozulmalarynda ýüze çykýan keseller,
🔹Migren we revmatizm agyrylary
Süýji keseli: Gözegçiliksiz süýji keseli we onuň dowamlylygy newropatiýa üçin iň möhüm faktorlardyr. Süýji keseli dürli mehanizmler arkaly ýüze çykyp biler. Şeýlelikde bolsa elleriň we aýaklaryň guruşmagy, agyry we titremek ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Tiroidiň bozulmalary: Tiroid gormonynyň derejesiniň ýokarlanmagy ýa-da peselmegi newropatiýa sebäp bolup biler. Bu ýerde-de gormon derejesi uzak wagtlap erbet derejede bolmak keseliň ýa guruşmanyň möhüm sebäbidir.
Böwrek ýetmezçiligi: Böwrek ýetmezçiligi netijesinde ganda nerwlere zäherli käbir maddalaryň toplanmagy netijesinde şikaýatlar ýüze çykýar.
Goluň guruşmagy
Sag we çep elleriň guruşmagy biri-birinden tapawutly bolup biler. Çep eliň guruşmagy ýürekdäki näsazlyklar we ýürege barýan damarlar sebäpli ýüze çykýar. Gan aýlanyşynyň çäklendirilmegi netijesinde goluň guruşmagy agyr ýükleriň göterilmegi bilen ýüze çykýar. Goluň guruşmagy ýykylmalarda, heläkçiliklerde we duýdansyz hereketlerde hem bolýar.
🔻Fiziki faktorsyz goluň guruşmagy bu newrologiki faktor ýa-da stres sebäplidir.
Aýaklaryň guruşmagy
Bir aýakda ýa-da iki aýakda-da bile bolup bilýän aýaklaryň guruşmagy, adatça ol hem nerwiň zeperlenmegi ýa-da gan aýlanyşynyň bozulmagy netijesinde ýüze çykýar. Aýagyň urgylara sezewar bolmagy, nerwiň zeperlenmegi, ýokançlyklar, şikesler we çişler hem aýaklaryň guruşmagynyň sebäplerinden biridir.
Aýaklaryň guruşmagy iýmitlenmegiň bozulmagy, gan aýlanyşynyň pes bolmagy we çilim çekmek aýaklaryň guruşmagynyň çeşmesidir. Gan aýlanyşyny gowşadýan aşa sowuga duçar bolmak, periferiýa arteriýa keseli, arterial we damar düwünleri we çuň damar trombozy aýaklaryň guruşmagyna sebäp bolýan beýleki faktorlardyr. Osteoporoz, gan aýlanyşyna zyýan ýetirýän oturgyç ýagdaýy, degeneratiw disk keseli, böwrek şikesleri hem aýaklaryň guruşmagyna sebäp bolup biler. Mundan başga-da, süýji keseliniň newropatiýasy, tiroid keselleri aýaklaryň guruşmagynyň umumy sebäpleridir.
Beýni guruşmagy
Fiziki ýa-da psihologiki gelip çykyşy bolup bilýän beýniniň guruşmagy–aşa stres, alada we newrologiki kynçylyklar ýaly ýagdaýlarda başdan geçirilýär. Kellä agyr zarba, damarlaryň böwetlenmegi, beýniniň ganamagy we beýnide kislorodyň ýeterlik bolmazlygy ýaly sebäpler beýniniň guruşmagyna sebäp bolýar.
Ýüzüň guruşmagy
Ýüzüň guruşmagy iň ýönekeý sebäbi hemişe çepde ýa-da sag tarapda ýatyr. Gan aýlanyşygynyň päsgelçiligi sebäpli bu ýagdaýda guruşma ýüze çykýar. Emma gysga wagtdan soň geçýär. Ýüzüň bir taraplaýyn guruşmagy, adatça boýun boýundaky nerw gysylmagy ýa-da ýüz ysmazy ýaly ýagdaýlarda ýüze çykýar. Çagalarda ýüzüň guruşmagynyň iň köp ýaýran sebäbi witamin ýetmezçiligi. Ýüzüň guruşmagy köplenç stres, howsala hüjümi, depressiýa we migren ýaly psihologiki sebäpler bilen ýüze çykýar.
❗ Guruşmany bejermek sebite garamazdan sebäbine görä edilýär. Umuman alynanda dowamly guruşma duýgusy organizmiň näsazlygy baradaky başlangyç habarydyr. Iň ýönekeý duýgyda-da hünärmen lukmana ýüz tutmaly we bejergini haýal etmän başlamaly.