alisherxon
19.08.2022 23:48
Pyragym

Bagtly geljek sary ýagty ýolda biz,
Ösüş batly, baldakda däl – gülde biz.
Agzybir, parahat, jebis ilde biz,
Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragym!

Bina bizde asman bilen tapyşýan,
Göwünlermiz Arşda ganat kakyşýar.
Arkadagly Serdarmyzy alkyşlap,
Türkmen halky bagtly, güldi, Pyragym!

Galkynyş döwründe iliň yrahat,
Doganlyk ýolunda dostdyr ýedi ýat.
Islegiň amalda, dilde nesihat,
Adyň älem-jahan bildi, Pyragym!

Ynanman alaç ýok oda, waspyna,
Danany ýürekden eýlär dostuna,
Dost kalpdadyr, duşman aýak astyna,
Ýowlaryň bossany soldy, Pyragym!

Her günümiz baýram – bagtyň baýramy,
Ýüreklerde parlar ýeňiş baýdagy.
Gyşyň ertesi bu ýazymyz baky,
Bagt käsesi paýdan doldy, Pyragym!

Aly Şirhan Daýhan ogly

''Dünýäni öwürýän şygryma'' goşgular ýygyndymdan (ähli hukuklary goralan)
6
31
abdy_dayy
20 Awgust 2022
Malades 👏👏👏👏
alisherxon
20 Awgust 2022
Sagboluň!..😘😘😍
perizadym
20 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Papatya
20 Awgust 2022
✨....
wolf
20 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.