Eneler maşgalanyň sütüni, ahlak gözelliginiň nusgasydyr. Häzirki zaman jemgyýetinde eneleriň ornuny, olaryň maşgala ojagyny berkitmek, kämil dünýägaraýyşly sagdyn nesilleri kemala getirmek ýaly hyzmatlary bilen halkymyzyň ruhy-medeni we durmuş-ykdysady ösüşlerine goşýan saldamly goşandy örän ulydyr.
Mähribanlygyň eneler bilen birliginiň asylky manysy olaryň dowamata ynsanlygyň iň asylly ýörelgelerini miras goýmak wezipesini berjaý edýändigindedir. Dünýäniň görki hasaplanýan eneler beýik Allatagallanyň ýaradan iň mukaddes ynsanlarydyr, olar adamzat durmuşynyň diňe bir bezegi bolman, eýsem ony döredijidir. Adamzat üçin eneden mährem, eneden eziz, eneden ýakyn zat ýokdur. Eziz Watan bilen ene ynsanyň iň ýakyn mukaddesligidir.
Enäniň söýgüsi ömrüň dowamynda ýaňlanýan akja aýdymy. Eneler perzent ýetişdirende çaga terbiýesini sallançakdan, şirin hüwdüsinden başlaýarlar. Öz balasynyň bagtly geljegi baradaky arzuwlaryny şirin hüwdülerine siňdirýärler. Çünki bu arzuwlaryň hasyl bolmagynda hüwdüleriň ähmiýetiniň bardygyna berk ynanýarlar. Her adamyň ilkinji sözüniň “eje” sözi bolmagy tötänden däldir.
Enäniň söýgüsi deňeşdirip bolmajak duýgularyň biridir, muny ýönekeý sözler bilen düşündirip bolmaz. Enäniň söýgüsi heniz çagasynyň ýagty dünýä inmezinden öň başlaýandyr. Çagany hiç kim ejesi ýaly söýüp bilmez. Eneler her kimiň dünýäniň iň mähirli, gowy, mylaýym, ýakyn we söýgüli adamsy. Kiçilikden tä ulalýança ýetişdirip kemala getirýär.
“Aglasa ejem aglar, galany ýalan aglar” diýen jümleler hem ýöne ýerden däldir. Ene öz çagasynyň ähli üstünliklerine ýüregi bilen begenjek, kyn gününde goldaw berjek hem-de ýüregi bilen gynanjak we öz balasynyň em-ýomuny tapyp bilýän ýeke-täk adam. Eneler perzendiniň öý-ojakly bolmagyny, agzybir, rahat durmuşda ýaşamagyny arzuw edýän dili senaly mährem ynsanlardyr. Türkmençilikde ene Käbä, ata Kybla deňelýär. Ata-ene balasyny jan-dil bilen ösdürip ýetişdiren adamlardyr. Bu mähribanlary hormatlamakda uly gudrat bardyr. Üns berip görseň, olaryň razylygyny gazanyp ýaşaýan perzent hem durmuşy üstünliklere hemradyr, işleri elmydama ileridir.
Eneler çagasy üçin hiç haçan erbet zat islemeýän we oňa hiç wagt zyýan bermejek, köşeşdirip, goldap, aladasyny edip, ýyly mähir berip bilýän ýeke-täk gudratdyr. Ene balasy üçin islendik zada taýýar bolan mukaddeslikdir. Balasy hassalanaýsa gijelerine kirpigini-kirpigine batyrman başujynda gijäni ukusyz geçiren, kyn ýagdaýlarda ýanynda bolup, begenen wagty begenjine çyn ýürekden şatlanýan mähremligiň beýik nusgasydyr. Galyberse-de, ejeňiziň gujagynda ähli aladalaryňyzy hem meseleleriňizi ýatdan çykarýarsyňyz we özüňizi rahat duýýarsyňyz. Ene söýgüsi hakda tükeniksiz gürleşip we ýazyp bolýar.
Enäniň gadyryny we onuň nähili gymmatlydygyny hergiz bilmelidir. Ejäni hemişe söýmeli we oňa üns berip, hemişe aladasyny edip durmaly. Eger-de eneň uzak aralyk bolsa-da, oňa hemişe jaň edip, ýagdaýlaryny sorap dur, sebäbi bu kyn däl.
Özümize ynanmasak hem hemişe bize kim ynanýar? Kim bizi şeýle bir söýýär welin, hatda biziň üçin janyny bermäge-de taýýar? Elbetde bu biziň ejemiz! Galyberse-de, 9 aýlap bizi ýüreginiň astynda göteren hut biziň ejemizdir. Ilkinji ädimlerimizi ädenimizde, ýanymyzda bolup, elimizi tutan arkadaýanjymyzdyr. Iň arassa we iň yhlasly tükeniksiz söýginiň çeşmesi. Enelerimiz iň wepaly we ygtybarly dostlarymyz. Enäniň gadyryny bilmeli. Enelerimiziň durmuş tejribesi köpdür we şonuň üçin uly ýalňyşlyklar etmezlik üçin olaryň maslahatyna gulak asmaly. Ene hiç wagt çagasyna ýamanlyk islemez. Söýgi, hoşniýetlilik, adalat we dogruçyllyk bilen doldurylan bu dünýä täze şahsyýet getirmek üçin sizi dünýä inderdi. Bu dünýädäki her kime bizden bir zat gerek, ýöne enemiz üçin ýylgyryşymyz, jyňňyrdaýan gülki we ýagty gözlerimiz ýeterlikdir. Munuň öwezine hiç zat gerek däl, enäniň söýgüsi çäksizdir.