Bir gün bir adam düýe münüp çölde barýarka halys tapdan düşen, dodaklary guran, suwsyzlykdan ejir çekýän bir pukara duşýar. Ol pukaraň ýanyna baryp, şol bada düýeden düşüp pukara özi suw içirýär. Pukara bolsa suwdan ganansoň ol adamy iteläp goýberýär we düýesine münüp gaçyp başlaýar. Şonda ol adam pukaraň yzyndan gygyrýar
" Bu ýerde bolan zatlary hiç kime aýtma haýyş edýän!!"
Pukara muňa geň galyp yzyna dolanyp ol adamdan soraýar
" Men seniň düýäňi alyp gaçdym. Ýöne sen saklan diýip gygyrman hiç kime aýtma diýýäň. Näme üçin beý diýdiň?" diýip soraýar..
Şonda ol adam şeýle jogap berýär
"Eger sen bolan zatlary başgalaryň ýanynda aýtsaň ADAMLAR ÇÖLDE SUWSUZ GALANLARA SUW BERMEZ" diýip jogap berýär.....
Bu günki Juma namazynda Ymamyň gürrüň berenlerinden....