filolosof
19.08.2022 15:16
Gadymy adamlaryň ýitip giden görnüşleri.
Homo latyn sözi bolup adam diýen manyny berýär.
1.Biziň görnüşimiz hakynda.
2.Adamlaryň ýitip giden görnüşleriniň sanawy.
1.Biziň görnüşimiziň ady
Homo sapiens görnüşi bolup durýar
manysy akylly (aňly düşünjeli adam) adam diýmekdir.
Homo sapiens idaltu, Homo sapiens görnüşiniň gadymy atasy hasaplanylýar. Homo sapiens idaltu
Gadymy homo sapiens diýen manyny berýär. Gadymy homo sapiens görnüşi häzirki döwrüň adamlary bilen birneme tapawutlanýar olaryň kelleleri tüňňi,elleri uzyn, tüýlek bolupdyrlar.
Homo sapiens görnüşiniň häzirki görnüşine bolsa Homo sapiens sapiens diýip at berildi ýagny akylly akylly adam (aňly düşünjeli aňly düşünjeli adam).
2. Adamlaryň ýitip giden görnüşleriniň sanawy.
1. Homo gautengensis.
2. Homo rudolfensis.
3. Homo habilis.
4. Homo ergaster.
5. Homo erectus.
6. Homo floresiensis.
7. Homo antecessor.
8. Homo neanderthalensis.
9. Homo rhodesiensis.
10. Homo cepranensis.
11. Homo georgicus.
12. Homo denisovensis.
13. Homo naledi.
14. Homo longi.
Bularyň arasynda ot we başga zähmet gurallaryny ulanyp bilen görnüşleri hem bar. Neandertal görnüşi, Neandertallar ýewropada we aziýada mesgen tutupdyrlar. Olar ýewropada 200 müň ýyl ýaşapdyrlar. Olar ýyly geýinipdirler. Arheologik işleriň netijelerine görä alymlar Neandertallaryň ýitmegine biziň neslimiziň ýewropa gelmegi sebäpli olar öz ýerlerini terk edip gitmeli bolupdyrlar,diýen pikirleri bar.Sebäbi biziň ýaraglarymyz olaryňka garanyňda has güýçli bolupdyr we bizde sungat bolupdyr biziň görnüşimiziňiň gadymy adamlary dürli bezegleri, mifiki jandarlaryň şekillerini we hatda saz gurallaryny hem döredip bilipdirler. Neandertallarda hem bezeg önümleri bolupdyr ýöne biziňki ýaly nepis bolmandyr. Iň soňky Neandertallar takmynan 39,26-müň ýyl ýa-da 41,03 müň ýyl mundan ozal nesilleri gutarypdyr. Neandertallar bilen biziň görnüşimiz bile urşan hem bolsa, özara nesilleri hem bolupdyr. Häzirki döwrürdäki ýewropoid we mongoloidleriň 2% genlarynda neandertalaryň genleri bar. Negroidlerde bolsa 0,3%.
Beýleki käbir görnüşler meselem homo gautengensis görnüşi takmynan 1,8 million ýyl mundan ozal ýaşap geçipdirler ýa-da ilkinji homo bolan homo habilis görnüşi takmynan mundan 2,3-1,5 million ýyl aralygynda ýaşapdyr. Homo habilis görnüşi ewolýusiýanyň netijesinde ýitip giden görnüş hasaplanylýar. Beýleki käbir görnüşler bizden has iri bolupdyr emma aňlary pes bolupdyr.
Biziň görnüşimiz öz-özüni kämilleşdirip şu günlere çenli ýetip gelipdir.
13
159
gulserem
4 Sentýabr 2022
👍👍👍👍👍☺️
filolosof
20 Awgust 2022
😆😆😆😆😆
filolosof
19 Awgust 2022
dislaýk goýsaňyz näme üçin goýanyňyzy aýdyp goýaýyň! Kemçiligi bilern ýaly!
❀𝙼𝙸𝙽𝚃❀
19 Awgust 2022
👍🏻👍🏻👍🏻
Lilia_
19 Awgust 2022
Gyzykly maglumat...
alisherxon
19 Awgust 2022
filosof, dogry, häzirem bir elimde kitap birinde telefon.😁
RuníA
19 Awgust 2022
Wauu👍🏻👍🏻👍🏻
wolf
19 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
filolosof
19 Awgust 2022
Şoň üçin köp kitap okaň 😁

Teswir ýazmak üçin içeri giriň.