❤GÜLHANYYM❤
19.08.2022 12:45
Azaşan arzuwlar🖊

Şäheriñ giñ,edil aýna ýaly tekiz ýollaryndan ulaglar iki ýana geçýärdiler.Başlary asmana hyýal etýän ak mermerli beýik,owadan binalar,mylaýymjak öwüsýän şemala ýaşajyk başlaryny yrgyldatýan al-ýaşyl güller,gök öwsüp,kölege berip duran baglar,sazçynyñ ajap owazyna tans oýnaýan ýaly,birdan asmana göterilýän suw çüwdürimleri şäheriñ görküne has-da görk goşup göwünleri göterýärdi.Eýläk beýläk gaýmalaşýan adamlaryñ hersiniñ öz işi aladasy bardy.Käbirleri duralgada howlukmaç awtobusyñ gelerine garaşýardylar,käbirleri bolsa bagt şäheriñ gözelliginden lezzet alyp,leýlisaç agaşlarynyñ aşagynda goýulan oturguçlarda ýerleşip daş töweregi synlap,gürrüñdeş bolýardylar.

Ine-de giñ howlynyñ deñine ýetende Sahyt aga ulagynyñ badyny haýallatdy.

-Geläýdik öýtýän.Batyryñ salgy berşine görä şul jaý bolmaly-diýip,daş töweregine göz aýlady.

Sähetli güne gabatlan Ogulbibi ene agtygy Batyr üçin ýitgisini gözläp,täze gudalarynyñ gapylaryny kakmaga ýola düşüpdiler.
Sahyt aga ýeke dikrar ogul perzendini öz terbiýesi bilen ulaltdy.Ese boýa galan Batyr il içinde sylanýan,sözi diñlenýän ýigit bolup ýetişdi.Batyr "-Basan ýerinden ot çykýar" diýenlerindendi.Dogumly,gaýduwsyz,ederini bilýan agras,berdaş bedenli ýigit özgelerden ilki gözlere ilýärdi.
Saçlaryna ýañy ak girip başlan,başy ak gyñaçly,edil perişde sypatly Ogulbibi enäniñ golundan tutup Sahyt aga käbesine ulagdan düşmäne kömek berdi.Yz ýany bilen Enegyz gelneje saçagyny goltuklap,gaýyn enesi bilen "Bissimillah"diýip,täze gudalarynyñ gapysyndan ätlediler.Sahyt aganyñ ulagyna tarap ýönelenem şoldy welin birden,baran howlularynda öz işi bilen gümra bolup oturan zenana gözi düşdi.Gaşlaryny çytyp içgin seretdi.Elbetde zenan maşgala özem nätanyş zenana çiññerilip seretmek gelşiksizdi.Ýöne Sahyt aga üçin bu zenan nätanyş däldi.Bir wagtlar iñ ýakyny hasaplan ynsanydy."-Maýagözel?"diýip,pyşyrdady.Ýüreginde galan ýarasynyñ üstüne duz sepelendi.Düşnüksiz duýgular gurşap aldy,alasarmyk ýagdaýda Sahyt aga ulagynyñ oturguçyna özüni atdy.Köne gam gussalaryñ ýenede dolanan kellesini arkan goýdy."-Ykbal,ykbal he-ý ykbal"diýip,uludan demini aldy.Dogrusy bolan ýagdaýlardan soñ näme söz diýjeginem bilmedi.
Gözlerini berk ýumanda geçen günler añynda aýlandy.Hemme zat edil şu günki ýaly ýadyndady.

Jöwzaly tomus indi gezegini,bereketli güýz paslyna bermegine sähelçe gün galypdy.
Ýalynly howalar geçip gitdi.Ýol boýunda ýeke duran gyzyñ uzyn saçlaryny mylaýymjak öwüsýän şemal oýnady.Maýagözeliñ şähere gelmedigine ep-eslije wagt bolupdy.

"-Tüweleme tanar ýaly bolmandyr paýtagtymyz.Ak şähermiz ak arzuwlaryñ amala aşýan şäheri.Men hem arzuwlaryma ýetdim-diýip,gyz buýsançly ýagdaýda geçelgäniñ gabadyna geldi.Ol öz-özüne igenip içini gepletdi."-Ýene-de kejirligimi etdim.Ýanym bilen ýola belediräk gyzlaryñ birini alyp gaýdan bolsam bolmaýamy diýsene.Illere azar bolmajak bolup..bolýa-da ýagşy adam ýolda galmaz diýipdirlerä,bir alajy tapylar."Gyz ýuwaşlyk bilen ýöräp ugranda geçelgede ýaşyl yşygyñ ýanmagyna juda az wagt galypdyr.Ýoluñ ortarasynda bolsa eli agyr ýükli daýza.Onuñ goşlaryndan ýaña hereketi hem haýaldy.Muny gören Maýagözel dessine şol daýzanyñ gapdalynda peýda boldy.
Ulagynyñ içinde bu ýagdaýy synlap oturan Sahyt Maýagözeli ilki görenden gyza göwni gitdi.Derek boýly,ak nurana ýagty ýüzünde edil ýaý ýaly uzyn gara gaşlary,badam gabaklarynyñ aşagyndaky okara ýaly gara gözleri ýigdiñ nazarynda eglendi.Bu pursady görmäne päsgel berýän ýaly ulagyndaky aýdymyñ sesini hem öçürdi.Ýigidi az salymlyk üýtgeşik bir duýgy gurşap aldy-da myssa ýylgyrtdy.Yz tarapynda garaşyp duran ulagyñ beren signaly,şol gözel gyzyñ täsin duýgularyna aralaşan Sahydy birden çekip çykarana döndürdi.Sahyt ýoly bilen boldy,ýöne onuñ gözleri gapdal aýnadan gyza garady.
Ýoldaky daýzanyñ öýi gatybir yzakda hem däl ekeni,Maýagözel daýzanyñ goşlaryny gapylaryna çenli eltip,ýoluñ gyrasynda aljyrañly ýagdaýda ulagyñ gelerne garaşyp durdy.Sahyt gyzyñ ýolagçydygyny bilip,ugruny üýtgetdi-de dessine Maýagözeliñ gabadynda peýda boldy.Ýigdiñ nazary gyzda biygtyýar eglendi.Gele gelmäne seredip durşuna Maýagözel geñirgendi,ol ardynjyrap ýüzüni kesä sowdy.Sahyt öz bolşundan özi utanyp,seslendi:

-Salam.Ugryñyz nire?Golaýladaýyn!

-Salam.Ugrum-a baş kitaphana.

Sahyt "-Bolýar"diýen manyda başyny atyp,ulaga münmegini yşarat etdi.
Maýagözel uz boýuna örülen,tolkun atyp duran şar gara saçlaryny eli bilen gysymlap,gujagyna alyp oturdy.Gyzyñ sepinen atyrnyñ ysy bilen gözel görki ýigdiñ hasda başyny aýlady.Içini gepletdi"-Allajanlarym bu nämäniñ alamaty boldugyka?!Janymy alyp barýala.Ýa-da gutulgysyz ýakymly derde uçraýdymmykam?!"

Gyzyñ seslenmesi Sahydy özüne getirdi.

-Bagyşlarsyñyz men gyssanmaç.Indi gidäýsek..?!Ýa-da birine garaşýañyzmy?!

Sahyt özüni dürsedi.Onuñ aýdan sözleri bokurdagyndan gyryk çykdy.

-Garaşýanym-a ýok-diýip,saçyny eli bilen daraklap,öñküsinden beter arkan gaýşaryp,ýola düşdi.
Gyz bolsa ýigde ünsem bermedi.Onuñ özi üçin timarlanşyndan hem habarsyz şol şähere seredip barşydy.Sahydyñ bolsa içinde harasat gopýardy."-Adyny soraýsammykam?Täze talyp bolmaga çemeli,nirede ýaşaýarka,el nomerini hä alsam kemem bolmazdy."Gyz bilen gürrüñdeş bolmak isledi.Emma kitaphananyñ gabadyna gelip ýetdiler.Maýagözel minnetdarlyk bildirdi.Sahyt bolsa gyz kytaphananyñ gapysyndan girýänçä onuñ yzyndan garap galdy."Indi haçan görüp bilerin,ýygralygym gursunla,hat-da adyny hem soramadym.Başga oglan dostlaryma gyzlar bilen gürleşenlerinde şeýle gepe çeper,alyp-ýolup barýalar-a."Ýigdiñ kalbynda söýgi uçgunjuklary peýda bolup başlady.Daş töweregindäki adamlara ýylgyryp bakdy.Öýne gelende hem ýüzüden ýylgyryş aýrylmady.Öñ agras ýigdiñ beýle hala düşmegini geñlemänem durmadylar.Her sapar otagyna girip kitapdyr depderlerini dyr pytrak etýän ýegenjigine käýemäniñ ýerine onuñ posolajyk ýañaklaryndan
gysdy.Gözleri balkyldap duran çagajyk Sahydyñ käýemänine begendimi nämemi ýumşajyk elleri bilen onuñ boýnundan asylyşdy.

Ine-de täze okuw ýyly,gelip ýetdi.Sahyt bu güne sabyrsyzlyk belen garaşypdy.Onuñ arzuwy uçarman bolmakdy,şol maksadyna ýetmek üçin uzak gije uklaman her täze güni kitaplar bilen garşylady,yhlasly göreşipdi.Talyplyk ýyllarynyñ ilkinji günlerine gadam basdy.Uniwersitetiñ gapysynda ähli ýaşlar begençlerini biri-biriler bilen paýlaşýardylar.Birdenem Sahydyñ gözleri şol ýolda gabat gelen gyza düşdi.Ýigit ýitiren zadyny tapan ýaly ýüzi ýagtylyp gidi.Wagt bolandan soñ talyplaryñ hersi saýlan urlary boýunça otaglaryna girdiler.Sahyt begenjinden ýaña uçmana ganat tapmady,asyl Maýagözel ikisiniñ saýlan ugurlary bir bolsa nätjek?!
Şol günden soñ Sahyt Maýagözel bilen gürrüñdeş bolup gepi sözi alşyp gitdi.Okuw meselesinde pikirleri hem deñ geldi.Soña baka bu ýagdaýlar adaty bir bolaýmaly ýagdaý ýaly bolup göründi.Sahyt kä wagtlar gürleşmäge zat tapmadyk halatynda,düşünýän temalaryna hem birgeñsi düşünmedik bolup soraglar bererdi.Soraglarynyñ dowamynda bolsa assyrynlyk bilen gyza nazar aýlardy.Wagt diýleni çalt geçýär.Gyş pasly öz akja gary bilen bile geldi.Penjireden garyñ ýagyp başlanyny gören Maýagözel daşaryk çykmaga howludy.Sahyt Maýagözeliñ gary juda halaýandygyny öñki aýdan gürrüñlerinden bilýärdi.Okuw wagty tamamlanandan soñ gyz uzyn ak paltosyny egnine atyp,gözlerini ýumdy-da gyşyñ tämiz howasyny içine sordy.Dessine gar tokgalamga durdy.Taýýarlan gar tokgajyklaryny Sahyta tarap zyñmana hyýallandy.Gyz yzyna öwrülende Sahytyñ özüniñkiden köp tokgalan garlaryna gözi düşip elindäkini ýigde tarap oklady.Gyz gowy zyñmadymy ýa-da oglan gowy gorandymy zyñan gary degmedi.Sahyt edil çaga ýaly heşelle kakdy.Ýerden gar alyp Maýagözele çenemäne durdy,şonda gyzyñ nar ýaly gyzaran ýañaklary,aý ýaly ýüzüni paltosynyñ ýakasy bilen bukan pursady ýigdiñ hereketini saklady.Şol ajaýyp pursat Sahydyñ hiç-haçan hem göz öñünden gitmedi.Talyp boýdaşlarynyñ hemmesi diýen ýaly Sahyt bilen Maýagözeliñ äbe-de jüýbe bolup ýörüşlerine öwrenşipdiler.Talyplyk ýyllary ahyrlap gelýärdi.Sahyt Maýagözeli özge ýigitlerden gabanman hem duranokdy.Bir gün hem ýüregni bire baglap,ençe wagt azar berýän duýgularyny gyza beýan etdi.Sahyt gyzdan,garaşmaýan jogabyny aldy.

-Sahyt men enem-atamdan öñe geçip karar berip bilmen...

-Elbetde düşünýän,biziñ aýra welaýatda ýaşaýanymyz päk söýgime böwet bolup bilmez!
Ýigdiñ jogaby pert boldy.Gyz dymdy.Sahyt gyzyñ näme diýjeklerini gözlerinden añdy:

-Täze myhmanlaryñyz çaý demläp goýuñ onda!-diýdi-de ýylgyrdy.

Sahyt öýne gelip,habarynyñ nähili aýtjagyny bilmän,esli oturdy.Ogulbibi eje oglunyñ bolup oturşuny geñledi-de:

-Eýgilikmi jan balam,nämäniñ aladasyny edip otursyñ?!

-Ejejan,ejejan...diýip,ellerini oýkalaşdyryp,barmaklaryny tas döwere gezek getiripdi.

-Hä düşnükli ogul!Gapy kakylmaly wagt geldi diýsene.

Sahyt ene ýüreginiñ öñemä duýgurdygyny bilýärdi welin indä hasam...

-Aýt hany çekinmede-diýip,oglunyñ ýüzüne soragly seretdi.

Sahyt hemme zady bolşy ýaly edip ejesine aýdyp berdi.

-Ýürek ýakyn bolsa aradaşlyk sebäp bolmaz.Bagtly agzybir ýaşaşsañyz bize ýeterlik.Ýöne kakañama özdiýenligini bilýäñä,öñden bäri şol dostunyñ gyzy üçin gudaçylyga git diýip goýmady.Her sapar bir zady bahanaladym.Sebäbi seniñ daşyñdan ýagdaýyñy añypdym.

Sahyt şol pursat ähli aladalary bir tarapa zyñyp edil çaga ýaly mähriban käbesiniñ gujagynda uklasy geldi.

-Hany kakaña bir aýdaýyn,ýumşak damaryny tapyp.

Ogulbibi eje oglunyñ kellesinden sypalady.
Gylyç aganyñ ýumşak damaryny tapmak gaty bir añsat zat däldi.Düzgün tertipli,öz diýenli adamdy.
Çaý başynda Ogulbibi eje oglunyñ aýdanlaryny Gylyç aga ýañzytdy.Ýassyga tirseklenip,çaý içip oturan Gylyç aga elindäki käsesini ýerde goýdy.

-Hawa añyrsy barada heý-de bir zatlar bilýäñmi?!

-Ýok,indi soraşdyryp,gatnaşyp başlamal-a.

-Soramalyñam bilemok,soramaly däliñem.Öýden täze gudalara diýip çykyp gidende Atageldileriñ gapylaryndan girersin-diýip,süýem barmagy bilen halyny taýly gezek kakdy.
Ogulbibi eje öýmesini bir ujuny agzyna tutdy-da:

-Beýlede doñýürek adam bolar ekeni.Çagañ geljegi barada oýlan!

-Maña nämäni oýlanmalydygyny öwretme.Han ogluña-da aýt,söýgi pöýgi diýip ýörmesin!

Gylyç agañ bolşuna"-Sen heýde bir söýginiñ beýhuş ediji şerabyndan azjygam bolsa dadyp gördüñmi?!"diýen soragy beräýesiñ gelýärdi.
Sahyt kakasynyñ häsiýetine belet bolansoñ näçe dyzasada öz diýenini tutdurjagyny bilýärdi.Şeýle hem boldy.Işe başlanyna ýany bir ýyl bolanda
Atageldi agalar bilen guda bolundy.Atageldi aga hormatlanýan adamdy.Onuñ gyzy Enegyzyñ hem hyrydarlary köpdi.Asyllylygy,edepliligi bilen tanalýan gyza höwes ederdiler.Enegyzyñ häsiýeti hem başga gyzlardan üýtgeşikdi.Sesiniñ batly çykyp,gülüp duranyny ýa-da ile gezek bermän gürläp duranyny asyl ha görmersiñ.Boýdaşlarynyñ içinde Enegyz boljak bolup öýkünýänleri hem tapyldy.
Sahyt bilen Maýagözeliñ arasynda salam,selimden başga gürrüñler açylman başlady.Gyz bir emmasynyñ bardygyny Sahyt dili bilen aýtmanda-da düşünipdi,sowuklyk aralaşdy.Ilki başda bile bir ýerde işläp başladylar.Soñra Sahydyñ öýlenýändigi hakyndaky gürrüñler gyzyñ gulagyna ildi.Şondan soñra gyz gara bermedi.Sahyt işdeşlerinden Maýagözel hakda soranda onuñ meýletin başga ýerde işe durandygyny bildi.Näçe kyn düşsede hemme zady aklyndan goparyp zyñmak oglana başatmady.Gyzyñ mylaýym sesi,jykyrdap gülşi,ýigdiñ añynda aýlandy,ony şol ýatlamalar ummanynyñ içine atdy.Toý dabarasy uludan tutuldy.Bir öýüñ maşgalabaşysy bolan Sahyt hojalygynyñ aladasy bilendi.Enegyz hem täze ojagyna öwrenşdi.Gaýtarjy güni geçenden başlap Ogulbibi ejäniñ eline iş ýetirtmedi.Säher bilen turup ähli işlerini edip,hemmelere güler ýüz bilen garaýardy.Biş-düş ugrandan eli süýjidi.Öýe myhman gelse"-Biz-ä Enegyz gelniñ unaşyny iýmäne geläýendiris"diýenlerinde dessine ýeñini çermäp unaşy atarmaga başlardy.Gyzgynjagy bilen agaç okaralara guýup myhmanlara uzadardy.Hemmeleriñ täze gelinden göwünleri hoşdy.Hemme zadyñ dermany wagt salym bermän geçip durdy.Günleriñ birinde bu agzybir maşgalanyñ akja bäbejige ýüzleri düşdi.Öýe şatlygy özi bilen jägildäp alyp gelen oglanjyga Batyr diýip at goýdular.Sahyt oguljygynyñ daşynda hözenek boldy.Aglan wagty gelniniñ elinden alyp özi goýdurmaga çalşardy.Bu ýagdaýa Ogulbibi eje bilen Enegyz öz ýanlaryndan gülüşerdiler.Iki aýakly iki günde diýleni Batyr indi mekdep ýaşyna ýetipdi.Sahydyñ gözünde bolsa şol kiçijek bäbejik ýalydy.Sahyt aga işden gelen dessini Batyr onuñ başgabyna ýapyşardy.Mähir doly gözjagazlaryny ýaldyradyp,goñur küdürje saçly,tegelejik ýüzli kellesine başgaby geýerdi.Kiçijek kellesindäki başgap oña uly bolup,ýöremekçi bolanda gözlerini ýapardy.Ogullarynyñ hereketine guwanýan gülki sesleri giñ,kaşañ mähirden doly öýiñ içini gurşap alardy.
Wagt salym bermän geçýärdi.Batyr näçe kyn bolsada,baş egmän ähli kynçylyklaryñ hötdesinden geldi.Maksadyna ýetmek üçin dyrjaşdy.Gijelerine hem çirm etmän ukudan galyp,kitaplar biler geçirdi.Dünýägaraýşy öñkülerinden düýpgöter üýtgedi.Deñ duşlarynyñ arasynda sözleýän sözleri,pikir ýöretmesi düşünjesi tapawutly boldy.Elbetde bu içinde basylyp ýatan syrly sandykly,altyn sahypaly,parasatly kitaplaryñ bir çetinden girip başlamagy gaýduwsyz ýigde öz täsirini ýetiripdi.
Batyr edil kakasy ýaly uçarman boldy.
Günler biri biriniñ yzyndan hatar gurap gelýär.Her geçen gününi,sagadyny bisarpa ulanmazlyga çalyşýan Batyr kitaphananyñ içinde her günküleri ýaly kitaplaryñ içinden üýtgeşik,hiç kitaba meñzemeýän kitabyñ gözlegindedi.Esli wagt kitaphananyñ tekjelerini dörüşdirýän ýigidi Gülnäziñ ünsüni çekdi.Ahyry:
-Salam-diýip,mylaýym sesli gyz ýüzlendi.
-Salam.
Garşysynda nurana gyzyñ durandygyndanmy,duýdansyz duşuşukda ýigdiñ sesi sandyraly çykdy.Gözleýän kitaplaryny tapyşmaga kömek berenden soñ gyz kitaphanadan çykyp gidi.Batyryñ gyzyñ yzyndan garap galdy,ýaş ýigdiñ ýüregi şol näzenin gyz bilen bile gidipdi.Bu ýagdaý her gün diýen ýaly gaýtalandy.Batyr bilen Gülnäze hem talyp bolmak nesibelerinde bar ekeni.Birnäçe ýyl uniwersitediñ gapysyndan bile girip çykdylar.Bularyñ ikisi hem öz ene-atasynyñ başyndan geçirenlerinden habarsyzdy.Enegyz gelneje Batyrdan sorag edende salgy beren gapysy şol Maýagözel gelnejeleriñ gapysy bolsa nätjek?!

Ulagyñ gapysynyñ sesi ýatlamalara siñem Sahyt agany özüne getirdi.

-Hä,geläýdiñizmi eýýäm?!

-Geldik oglum.Eýýäm diýerlik zat ýokla,garaşdyryp ýadatdyk senem.

Sahyt wagtyñ nähili geçenini hem bilmän başyny atyp oñdy.

-Ýogsada gelinligimiziñ ejesi seniñ işiñde işleýän eken.Sen-ä tanady.

Sahyt ejesine"-Şol meniñ öñki aýdan gyzymda"diýmäge mejap etdi.Geçen geçdi indi aýdanyñ näme parhy bar diýsene?!

Maýagözellere tarap gatnaw ýygjamlap başlady.Sahyt aga"-Bagbanyñ seretmegine garşy bolnan gülüñ indi ýaşajyk gunçasyna şol bagbanyñ ogly ygtyýaryna aldy"diýip pyşyrdady.

GÜLHANYM MUHAMMEDOWA🖊
14
119
abdy_dayy
20 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
Sheýda
19 Awgust 2022
🔥🔥🔥🔥🔥🥺
wolf
19 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
alisherxon
19 Awgust 2022
Özüňiz ýazdyňyzmy mlds 👏👏👍👍🔥🔥
Lilia_
19 Awgust 2022
👍👌👌👌👌👌👌
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.