Poet
18.08.2022 18:35
Gagra dynç almaga gelenler bilen
Salamlaşdym, ýuwaş-ýuwaş tanyşdym.
Gagradan dynç alyp ugranlar bilen,
Gujaklaşdym,
Adresler alyşdym.

Edil şeýle boldy, ol gyz bilenem.
Adres berdim. Gysdym elinem mäkäm.
Toba, toba! Beren adresim bilen
Özümem ýelmeşip gidäýdimmikäm?

"Ol gyz ýüregimi alyp gidipdir!"
Diýip, kän şahyrlar ýazypdy öň hem.
Meniň bolsa häzir tutuş özüm ýok.
Ahaw, meni gören?
Niredekäm men?

Aýna seretsemem - meňzeýän başga,
Deňizde ýüzsemem - meňzeýän başga.
Dostlarymam diýýär: "Meňzeýäň başga".
Ýeri, lukmanlara näme gerekmiş,
Şolar bir göwünlik bersedi käşgä?!

Gaýta edil gözlerime seredip:
- Bu sen däl! - diýýärler.
- Kimmişim eýsem?
Ynha, men! Gepleşip, halymy aýdyp
Otyryn ahbetin, şu men-ä! - diýsem,
-Ýok, sen däl! - diýýärler, - bu başga biri!
Lukman aýtdy, dawaň bolarmy onsoň?
Wessalam, özüňe özüm däl diýip,
Ýeňsäňi gaşa-da oturber sen soň.

Dogrusy, bu zatlar hijem-le weli,
Bir kitap ýazmaga gelipdim daşdan.
Ýeri, şu oturan özüm däl bolsam,
Kitabymy kim ýazmaly, ýoldaşlar?
8
81
wolf
18 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ylham_gurbanaly
18 Awgust 2022
Papatya, hawa, paýlaşdym)
Papatya
18 Awgust 2022
Maňlaýyňdan öpmi?
ylham_gurbanaly
18 Awgust 2022
moana, Sapadan sorap göreýin onna)))

Poet, paýlaşjak häzir
ylham_gurbanaly
18 Awgust 2022
moana, aý goýaa, men näme üçin okamadymkam ony. Bar bolsa okalylaaa:))
ylham_gurbanaly
18 Awgust 2022
moana, aýtýana manysyny alsaň açyk aýdyň aýdyp otyra oo😁
Poet
18 Awgust 2022
Nähili okasym geldi şuwagt 😒😒😒
ylham_gurbanaly
18 Awgust 2022
moana, kim diýipdir))
ylham_gurbanaly
18 Awgust 2022
moana, erbetdir oo, onda-da göçme manyly ýerleri😁
Poet
18 Awgust 2022
moana, nähili goşgy, men okamadym 🤭
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.