alisherxon
18.08.2022 13:17
Hyýal bahary

Garşylap pasyllaň tylla güýzüni,
Burnuma baharyň ysy gelip dur.
Gökde garlawajyň synlap yzyny,
Hyýalym: ''Baharyň yzy'' diýip dur.

Elimde şahadan boýyn egen nar,
Hyýalyma gunça ýaly görünýär.
Ömrüň güýzem barlygyndan bihabar,
Hyýalyma bahar a:ly görünýär...

Ýazyň ýagmyryndan parhyn bilemok,
Ellem aýasyna ýagýan güýz ýagşyn.
Ýaňy ýere gaçan saryja ýaprak,
Ýatladýar baharyň baldakda nagşyn.

Şondan bilýän, tylla güýzüň gelenin,
Gözüme görünse garlawaç yzy.
Senenama gerek bolmaz, bilenim,
Burnuma gelende baharyň ysy.

Aly Şirhan Daýhan ogly

Täze ýazyp başlan '' Geldi Döwran... '' goşgular ýygyndymnan (ähli hukuklary goralan)
11
69
alisherxon
18 Awgust 2022
Papatya, 😄😄😄😂

Crazy,garajaoglan,Resul06,garlawaç,CrAzY Girl,Milaya_🌺,Papatya, sag boluň hemmäňizem 👏👏👏

Ýagny, bahary gowy görenden hatda güýz gelse-de baharyň ysy gelýär, baharda garlawaçlaryň uçup ýören yzlary görünýär( göçme manyda ) diýdim.ýagny hyýal bahary. Hakyky baharda oň ýaly bolanok.sebäbi baharyň özünde biz. Küýsäňde şeýle bolýa. Egerde baharyň ysy gelse, diýmek, güýz geldi, senenamasyzam bilip bolýar diýen manyda. Hyýalyň bahary küýsese (ýaşlygy), ömrüň güýzem ýakynlaşyp gelýändigi (garrandygy), ýagny, adam garrasada göwni, hyýaly ýaş diýip düşünsede bolýar.
Papatya
18 Awgust 2022
Illeň ýygyndysam bar, bela ýaly)
perizadym
18 Awgust 2022
gaty gowy goshgy bolupdyr 😍
wolf
18 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.