awesome
18.08.2022 09:33
MENDEN SOŇ NÄME GALAR?

Kakamyrat agaň (Kakamyrat Ataýewiň), “Näme üçin ýazýarys?” diýen makalasyny okanymdan soň, birnäçe gün oýlanyp gezdim.

Soňam, “Durnanyň üstüne urna” diýlişi ýaly, Osman aga pahyr (Osman Ödäýew) bilen Nobatguly aga pahyryň (Nobatguly Rejebow) 1993-nji ýylda ýazan dialoglarynyň “Ikinji söhbet: “Bu dünýä Hudaýyň fantaziýasydyr” diýen bölegini okadym.

Şonda-da Nobatguly agaň özüniň Çärjewde (Türkmenabatda) ýüregagyrysy gozgap, agyr halda hassahana düşende, özünden soň näme galjakdygy we ölüm hakdaky pikirleri has ýiti ünsümi çekdi.

Nobatguly agaň ine şu sözleri:

“Çärjewde meniň ýüregimden erbet tutanynda men bir zada akyl ýetirdim: ozal “aý, goşgularym ýaşar, çagalarym bar” diýen ýaly pikirler ölümden gorkmazlyga maňa tekge berýärdi, ýöne Ezraýyl ýakaňdan ebşitläp tutanynda goşgam ýadyňa düşmeýän eken, çagaň-da...”.

Elbetde, adam zanny-ýasawy, tebigaty boýunça, hut instinktlerdir-refleksleriň derejesinde mensöýer (egoist), egosentrizmem instinkt derejesinde onuň şahsyýetiniň özeninde dur. Eger-de şeýle bolmadyk bolsady, onda adam durmuşda uzak ýaşamagymyňam, şeýle öz-özünden göwnühoş halda hereket etmegiňem, öz gaýryp-goparýan zatlaryny gaýryp-goparmagyňam hötdesinden gelmezdi. Akly goýalyşyp başlan badyna öz ömrüni bimany, bihuda hasaplap, ony dowam etmegini şarpa kesmegiň kül-külüne düşerdi.

Adamyň öz-özüni goramaklyga ymtylyşy (инстинкт самосохранения, janhowullyk duýgusy) hut şol egoizme we egosentrizme-de daýanýar we şondan gözbaş alyp gaýdýar.

Diýmek, onda tebigatyň nukdaýnazaryndan instinktdir-refleksleň esasynda ýaşaýan organizm bolan Adamyň ýaşamagynyň manysy diňe – Ýaşamagyň hatyrasyna ýaşamak bolýarmyka?!
Hatda onuň öz yzyndan zürýat galdyrmaga, şonuň üsti bilenem öz genleriniň, ýagny tohumynyň real dünýäde ýaşamagyny dowam etdirmäge bolan yhlasam, hut şol “ýaşamagyň hatyrasyna ýaşamak” tezisini ykrar ediji bir düzüm bölegimikä?!

Eger-de şeýle bolsa, onda ynsan paýhasyndan gelip çykýan “adamzadyň öňündäki ynsançylyk borjy”, “yzyňda ýagşy at galdyrmak”, “sogap gazanmak” ýaly belent düşünjelerem diňe haýýar ynsan beýnisiniň öz-özüni aklamaga, gözelleşdirmäge bolan hemişelik ymtylyşyndan emele gelenje ýasamalykmyka?

Ýazan bolýas...
Okalmagyny isleýäs, küýseýäs, nämedir bir zatlara, kimdir birleriniň ünsüni çekmek isleýäs...
Nämüçin?
Kime gerek bü zatlar?...

Umumy taryham, edebiýatyň taryhynam okap, göre-göre gelýäň...

Nähili beýik ýazyjy ýa-da şahyr bolanda-da küt-küt kitaplaryndan aňry gitse bäş-alty sany eseri bilen tanalyp, halkyň hakydasynda galmagyň hötdesinden gelýär.
Ol eserlerem tutuşlygyna däl-de diňe ganatly jümleler ýörgünli bolýar.
Onuňam esasy sebäbi, eger-de şol eserler orta mekdebiň okuw kitaplaryna girizilmegiň hötdesinden gelen bolsa...

Munuň şeýle bolýandygam, adamlaň aglaba köpüsi edebiýatdanam, sungatdanam juda daşda. Paýhas, ukyp, başarnyk, zehin taýdan ortagürp adam, edil million ýyl mundan ozalky ýaşan homo habilis – başarjaň adam ýaly, Allaň beren esasy nygmaty bolan paýhasynyň agramly bölegini ilki bilen öz maddy zerurlyklaryny gandyrmaga, soňam güýmenmäge sarp edýär...
Bu zatlar käte ýüregiňe dökülýär.

Şonda-da, Gurbannazaryň aýdyşy ýaly, “million setir okap bir setir goýmagyň, jahanda uly eşretdigine” şunça özüňi ynandyrjak bolup dyrjaşmaga başlaýaň...
Göwnüçökgünlik basmarlasa, lapyň keç bolsa, adamlardan, özüňden göwnüň geçse, şo jümläni nijeme gezek hetjikläp, öz-özüňi biraz rahatlandyrjak bolup çytraşýaň...

Emma rahatlanyp-rahatlanmazlygam gursagyňdaky lapykeçligiň derejesine bagly.
Käte başardýar.
Käte ýok.
Şunuň ýaly pursatlarda süňňüňi doldurýan bimanylyk duýgusynyň mazmuny nämeden ybarat?

Alymlar aýtmyş kylýalar :-) (Oňa-da ynanan bolaýmasaň başga alajyň ýok. Çünki olaň “aýtmyş kylýan” närselerinem görüp gelen-ä ýok. Subutnama hökmünde getirýän hasaplamalarynam dykgatly seljerseň: “Şü hasaplamalaryna özleri bir düşünýämikä?” diýen müňkür pikir öz-özünden emele gelýär):

1. Biziň siwilizasiýamyzyň öz oýlap tapan we ýasan enjamlarynyň, hasaplamalarynyň kömegi bilen “görmegi” (aň ýetirmegi) başarýan Älemi haçanam bolsa birwagt (alymlar: “13,799 ± 0,021 milliard ýyl mundan ozal” diýýäler), alymlar tarapyndan :-) “Big Bang (Äpet Partlaýyş)” diýlip atlandyrylan aň ýetirmek juda çetin bolan kosmiki hadysanyň netijesinde emele gelipdir. Şonda, tükeniksiz mähnet, agyr we gyzgyn bolan, alymlar tarapyndan :-) “singulýarlyk” diýlip atlandyrylan nokadyň düzümindäki bölejikleriň özara reaksiýasynyň netijesinde şol Nokat partlapdyr we Älem sowuk ýagdaýdan häzirki gyzgyn görnüşine geçip, giňemäge başlapdyr. Şol Giňemegiň dowamynda-da grawitasiýasynyň we beýleki fiziki hadysalaryň täsiriniň netijesinde Älemiň partlan Merkezinden çar ýana syçran bölejikler ýyldyzly galaktikalary emele getiripdirler.

2. Biziň ýaşaýan Zemin saýýaramyzyň takmynan bäş milliard ýyl mundan ozal emele gelendigini alymlar :-) aýdýarlar. Planetamyzda ýaşaýyş bolsa, takmynan ol emele gelenden ýarym milliard ýyl, ýagny takmynan 4,5 milliard ýyl mundan ozal döräpdir.

3. Darwinizme esaslanýan ylym, adamzadyň, ýagny, biziň planetamyzdaky diri organizmleriň gominid görnüşiniň takmynan 13 we 5 million ýyl mundan ozaldaky wagtyň aralygynda dörändigi hakyndaky çaklamany öňe sürýär.

4. Paleolit (gadymy daş asyry) zamanasyndan tä neolite (täze daş asyry), ýagny 3,3 million ýyl mundan ozaldan tä miladydan öňki 10000-nji ýyla çenli aralykdaky wagt, adamzadyň ýazylan taryhyndan öňki döwür diýlip ylymda kesgitlenýär.

5. Adamzat sesi belgi (şekil, petroglif, ieroglif, runy belgi, harp we ş.m.) bilen aňlatmagy oýlap tapandan soň bolsa, biziň häzirki manyda düşünýän edebiýatymyzyň döwri başlanýar. Şondan bärem gör näçe-näçe şahyrlar, ýazyjylar ötendir dünýäden...
Belli, näbelli...
Ýazan zatlary halklaryň hakydasynda galan, galmadyk, undulan, undulmadyk...

Indi şu, bolandygy-bolmandygam nämälim, ýokarda agzalan milliardlarça ýyllar, hat-ýazuw döräninden soňky müňlerçe ýyllarda ýazylyp, halklaryň hakydasynda saklanan-saklanmadyk eserler bilen baglylykda, bir sowal döreýär:

Menden soň näme galar?...

Serdar Ataýew
19
107
wolf
18 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Myhman Myhman
18 Awgust 2022
Moana
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.