Dinozawrlar nädip ýok boldular.
Takmynan 66-million ýyl mundan ozal Mekadaky Ýukatan ýarym adasyna meteorit gaçýar. Bu meteoritiň göwrümi 10-km, agyrlygy 1-katrilýon tonna, tizligi sagatda 100-müň kilometrdir.
Meteorit dünýa degeninden soň ähli
dinozawrlar ölüpdir düşünjesi ýalňyş!
Planetamyza meteoridiň gaçmagy zerarly Materikden we meteoritden köp mukdarda tozan bölünip çykypdyr, wulkanlar hem atylyp başlapdyr we wulkanardanam köp tüsse-tozan bölünip çykypdyr. Munuň
netijesinde bütin planetany uzak wagtlap tozan gurşap alypdyr. Tozanyň netijesinde planetamyza günden ýagtylyk gelmedi, bütin ýer planetasy garaňkydy. Günden ýagtylyk gelmese
Fotosintez hadysasy hem bolmaz.
Ýagny günden ýagtylyk gelmese ösümliklerem ösmez, bolanja ösümlikler hem öler. Ösümlikler bolmasa ot iýýän dinozawrlar hem öler. Ot iýýänler bolmasa et iýýän dinozawrlar hem öler. Şeýlelik bilen dinozawrlaryň nesli gutarypdyr.
Planetamyzdan tozanlar aýrylandan
soň ýene ösümlikler ösüp başlapdyrlar.