alisherxon
17.08.2022 13:06
Synpdaşlarym

Başymyza şeýle kyn iş düşende,
Işimi bitirýän synpdaşlarym.
Içime köp gam-gussalar üýşende,
Göwnümi göterýän synpdaşlarym.

Her gün mugallymlar käýeýär bizi,
Şeýdip bir-birmize deňeýär bizi,
Bilip düşünýäris bir-birimizi,
Maňa dostluk edýän synpdaşlarym.

Bile okaýarys, öwrenýäs bile,
Bile oýlaýarys, döredýäs bile,
Bile pikirlenýäs el berip ele,
Meniň wepalyja synpdaşlarym.

Jaň kakyldy welin, mekdep gutarýar,
Hemme ylgap gidýär öýli-öýüne.
Ylmyň köşgün gurup synpdaşlarym,
Şeýdip, nur saçýarlar ýagty ömrüne.

Aly Şirhan

''Golumda galam, dilimde Watan!'' goşgular ýygyndymdan (ähli hukuklary goralan).

Dälije synpdaşlaryny küýsänler barmy¿ 🙃😉😄
8
68
wolf
17 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
ArslanYazly
17 Awgust 2022
Ýok, sagbol bereket bersin!
Ovezova_
17 Awgust 2022
Men kuyseyan🥺
zolushka
17 Awgust 2022
alisherxon,gutardym men😔
alisherxon
17 Awgust 2022
Zoluşka, 👍👍

Mekdepde okaýaňyzmy ýada...

Okuwçy bolsaňyz yene 15 gun sabyr ediň🔥😄😄
zolushka
17 Awgust 2022
Elbetde synpdaşlam bilen geçen pursatlary küýsedim😔😢...
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.