sh_shamko_
17.08.2022 01:27
Dowamy

Sanarlar ummandan beterden beter
Ýükçi bolsaň diýrler bes indi göter

Güýçsiz bolsa Çak ýetmez diýip aýdarlar
Ýuwaş ýuwaş pessaý uryp gaýdarlar

Ýükçi bolsa hiç darykman bakarlar
Bir birine ýuwaş çawyş çakarlar

Diýerler eşitdik gyzyň bahasyn
Hany mundan aýyrýaňyz näçesin?!

Aýtdyk biz hemmeje bahaň çen çakyny
Indi siz aýdaýyň näçe boljagyn!

Ikiýandan çekeleşip başlarlar
Tüýs keýipden çykyp göwün hoşlarlar

Gelenler kem kemden ýokary süýner
Gyz taýy howlukman pessaýy iner

Bir ýany diýr-Ol bolmasyn Bul bolsun
Ýok o bolmaz,o bolmasyn bul bolsun!

Ertirden agşama iki ýan tartyp
Barlyşyk ýasarlae bir çene baryp

Agzaşarlar hemme halat serpaýyn
Goýun tüwi baryn gandyny,çaýyn

Mal geçirmek üçin sähedini belläp
Gaýdarlar bar zadyn ýerbe ýer telläp

Gyz otyr daş çykman başga bir jaýda
Gaýgyly hasratly müň hili hürde

Käýinip bir özü örtenip başlar
Güýçli üýşýän ynjy ýüregne düşer

Atam-enem meniň işimi gorýärler
Tanalmaýan bir ýat ýere berýärler

Men pahyr bir boýny bagly goýun-la
Satyljagyma dogaly gün boýun-la

Ýokmy maňa öz obamda hyrydar
Bagtym gara däldir özüm bir myrdar

Aýtsalardy Annamyrad-a gel-ä
Meni aljak oňat ýigit ýok däl-ä

Razymy-Razy däl?! Menden soraýan ýok
Söwdä eýýäm bişdi, gutardam bir çäk

Ýamanlygy ýokdur atam-enämiň
Dymmakdan başga bir alajym ýok meniň

Hyýal eden barmy gyz göçürmäge
Ýygnanşyp gelerler mal geçirmäge

Gyz atasy ýygnar ýene kowmuny
Sanap almak üçin gyzyň malyny

Ýigit taýy sanar başdan gyrany
Çekip ýygnar gyz taýynda durany

Utanjyndan gyz galdyrman kirpigin
Ýeňňesi tarp edip ýapar serpigin

Gelin utansada uýalyp gaçmaz
Hakyn bermeseler serpigip açmaz

Pul alansoň durman otaýdan gaçar
Syryk bilen dürtüp serpigini açar

Bäşden bäşden gyran sanýan dogrulap
Käbirjigin alyp galar ogurlap...

Sanalansoň puly halta jaýlarlar
Gyz pahyryň süýjüligini paýlarlar

Gelinalyjynyň gününi belli ederler
Işi bitdi diýip öwüp giderler

Çykjak gyzyň üýşüp daşyna gyzlar
Gülüp oýnap timar bererler başyna

Hersi bir zatjyk tapyp jykyrdar olar
Alnyň hak açdy diýip degişer güler

Bu gyzlara gelip gaty gahary
Gyşa döner onuň alabahary

Içinden käýinip it alyp ýanar
Her sagady aýa ýyllara döner

Ýer çeken begibagt maňa dözenler!
Meň günüme düşiň gedaý gezenler!!

Dowamy inniki postlarda :))
14
66
abdy_dayy
27 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
Myhman Myhman
25 Awgust 2022
Sylamaly mydam ene atany
Милая.G
25 Awgust 2022
Yamanlygy yokdur atam enemin.Dymmakdan basga bir alajym yok menin👍
alisherxon
22 Awgust 2022
👍👍👍👏👏👏🔥🔥🔥❤❤❤
wolf
17 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Возможность комментирования данной публикации было отключена.