Archi
16.08.2022 23:45
Bir owadan daragty hyýal ediň, biz göz üzmege dözmeýän ören owadan şol daragt, biziň gözimize görinmeýän bir tohumdan önip çykan bolup bilermi?
Elbette mümkin.

Indi kiçijik bir tikeni hyýal ediň indi ol tiken bir serkerdeniň atynyň aýagyna girse näme bolýar? Atyň ýöreýşi hereketlenşi neme edýär? Çäklenýär. Isleni ýaly ýörep bilmeýär isleni ýaly çapyp bilmeýär özini birahat duýýar başga başga.

At özini normaldan erbeträk duýar eken. At üstindeki serkerde, isleýen ýaly hereketlenip bilermi? Işlen menziline islen wagtda ylgap, ýagny atyny çapdyryp ýetip baryp bilermi? Ýok

Bir serkerdeniň hereketleri çäklener eken oluň goşunynyň hereketleri näme bolýar? Çäklener.
Hiç zat öziniň wagtynda gerekli wagtynda ornunda ýüz bermeýär, gijigip ýüz berýär her bir zat bolmaly wagtyndan gijigip ýüz berse näme bolýar? Serkerde ýola çykan bu uruşda jeňde utulýar
Bu jeňde ýeňilmege näme sebäp boldy? Bu jeňde ýelinmege şol atyň aýagyna giren kiçijik tiken sebäp boldy.

Indi sorag: biz, biz işleýen toparda, biz ýaşaýan maşgalada, jemgiýetde şol tiken dälmizmi? Ýanymyzdakylaryň ýaşamagyna,dürmuş sürmegine, işlemegine, ösmegine, başag başga ýagny kämilleşmegine, biz pädgel bermeýärismi? Şol tiken ýaly, ýagny bu uly bir jeňde ýeňlişe sebäp bolmagyza biz sebäpkär dälmizmi?
Bu hakda pikir edip görmegimiz gerek.

Ýena sorag berýäs: biz kimmiz? Biz şol göze görinmeýän bir tohumdan owadan bir daragty peýda edýän, ýagny özimizi kälilleşdirýän birimi? ýada bir tiken ýaly bütin jemgiýeti, işi yza çekýän zyýankär tikenmi? munuň jagabyny hemişe biz berýäris, nädip jogap berýäs?
Edýän işlerimiz bilen, dogry ýada ýalňyş ädimlerimiz bilen, halal ýada haram edýän amallarymyz bilen,

Hezret Aly r.a bir güni atlaryny münip metjide gelipdirler.
Jetjide girip barýarka gözleri bir näçar adama düşipdir.
Hezret Aly r.a Ol adama aýdypdyr: sen meniň atyma seredip durgyn gaçyp gitmesin ýada bir ogry ogry ogurlap gitmesin diýen manyda.
Namazlaryny okap bolup , içinden aýdypdyrlar: şol adam biraz näçar hem oňa atymy seredip durmagy tapşyrdym.
Häzir çykamda jübimdeki şu iki dirhemi oňa bererin bir gerek zadyna peýdalansyn diýipdir.
Çykyp ne göz bilen görse atyny tapşyryp giden ol adam atyň eýerini ogurlap gaçyp gidipdir.

Hezret Aly öýe gaýtdypdyr we öýindeki bir hyzmat edýän oglana:
Bu iki dirhemi alda baryp bazardan bu ata eýer satyn alyp gel diýdi. Oglan baryp bazardan ata iki dirheme bir eýer satyn alyp geldi. Hezret Aly ne göz bilen görse bu eýer öziniň atynyň eýeri eken. Ýagny hälki eýeri ogyrlap giden adam ony bazara baryp ony iki dirheme satdy. Ony satyn alan Hezreti aly-nyň özi boldy oglanyň üsti bilen.

Şonda Hezrat Aly aýtdy: Adamlar sabrysyzlyk sebäpli özlerine gelýän HALAL ryskyny haram edip alýarlar.
Şol iki dirhemi şonsyzam berjekdi metjitden çykyp şol iki dirhen berjekdiler
Şol ata şeredip duran adam bäş minut sabr edende şol iki dirhem onuň ryskydy HALAL ryskydy ol şol iki dirhem ryskyny näme etdi? Haram edip aldy. Eýeri ogyrlady bazar alyp baryp iki dirheme satdy. Eýeri ogyrlamadyk bolandada şol iki dergem onyňkydy.

Rysgymyz belgilendir, ýöne ony nädip gazanmagymyz elbetde biziň hereketlerimize baglydyr. Biz bir bankda işleýäs, başga bir ýerde işleýäris.
Ören äge bolmaly nokatlarymyz şolar.
Azajyk howlykmaçlyk edip, azajyk sabrsyzlyk edip,
hiç zat bolmaýar, hiç kim görmeýär,
hiç kim bilmez, meniň bu hereketim bilen jemgiýete hiç bir zyýan ýetmez ýada pylany hem şeýle işleri edýärä hiç kim hiç zat diýenoga hiçkim duýanoga diýip ogyrlyk etmek dogry gelýän zatlary nädogry bilen gazanjak bolmak hälki tiken bolmakdyr.
8
52
wolf
17 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Archi
17 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, Sagbol 😊 sered pavtorno:)
gulshatayewa97
17 Awgust 2022
Kämillesirýän birmizmi däl-de birimi diýseň. Tikenmizmi däl-de tikenmi diýseň näçar däl naçar Aý kän gaty
Archi
17 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, kömek edip bilýäňmi düzederdim...sinonimler bilseň
gulshatayewa97
16 Awgust 2022
Harp ýalňyşlar juda kän düzedilse okamak has aňsat bolardy🙄
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.