Mercedes_fan
16.08.2022 22:24
BMG-niň maglumatlary esasynda işleýän wirtual onlaýn-hasaplaýjy Countrymetrics.info dünýä ilatynyň 8 mlrd adama ýetendigini habar berdi. Şol bir wagtyň özünde erkekleriň sany has köp – 50,5%. Bu barada incrussia.ru belleýär.

Saýtda dünýäniň iň gür ilatly 20 ýurdunyň sanawy hödürlenýär, bu ýurtlarda, takmynan, 5,6 mlrd adam ýa-da planetanyň ilatynyň 70%-i ýaşaýar. Adamzadyň üçden bir bölegi Hytaýda (18,18%) we Hindistanda (17,72%) ýaşaýar. Iň köp ilatly döwletleriň onlugyna ABŞ, Indoneziýa, Pakistan, Nigeriýa, Braziliýa, Bangladeş, Russiýa we Meka hem girýär.
Countrymetrics.info 2022-nji ýylda ölümiň iň köp ýaýran sebäplerini hem hasaplady. 5,9 mln ölüm işemiýa keseli, 4,2 mln ölüm insult bilen baglanyşyklydyr. Aşaky dem alyş ýollarynyň ýiti ýokanç kesellerinden 2,1 mln adam ýogaldy.
Iýul aýynyň başynda BMG 2022-nji ýylyň 15-nji noýabryna çenli ilatyň 8 milliarda ýetjekdigini aýtdy. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bu pursatyň – “planeta barada alada etmegiň umumy jogapkärçiligi barada nobatdaky ýatlatmadygyny we haýsy ugurlarda adamlaryň biri-biriniň öňünde öz borçlaryny ýerine ýetirmeýändigi barada pikirlenmäge sebäpdigini” belledi

Tegler
8
46
wolf
17 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
bismark
16 Awgust 2022
Mercedes_fan,Bolya
Mercedes_fan
16 Awgust 2022
SSHB,Yo ozum hezilden aytdym gaty gorme
bismark
16 Awgust 2022
Mercedes_fan,Yasamaly yone erkek kop dogulyan eken diyjek bolyan su yerde
Mercedes_fan
16 Awgust 2022
SSHB,erkekler nm yasamaly dami
bismark
16 Awgust 2022
Bah urus bolsa erkekler gitya kop erkekler oldi urusda sondada ayallardan kop🤔
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.