Poet
16.08.2022 20:45
Hamala çagalyk geçmejek ýaly
Çagalygyň kenarynda kän durdum.
Bu dünýe durşuna sowaldy maňa,
Şo sowallaň jogabyna näm berdim.

Ol şeyle kenardy
Beýik kenardy,
Alkymynda sorag Adasy bardy.
Aňyrsynda bolsa başga bir beýik,
Başga bir giň kenar uzap gidýärdi.

Ol şeýle bir uzak,
şeýle çuň eken,
Ol şeýle bir beýik,
şeýle giň eken.
Çeker şatlygyny diňe göteren,
Gaýgysynam diňe göteren çeker.

Şo kenara gelip oý edip ýörün,
Ýygnap ýeňil, agyr soraglaň baryn -
...Ne bir o kenarda jogap tapdym men,
Ne bir bu kenarda jogap tapýaryn.
12
54
Ovezova_
17 Awgust 2022
👏👏👏👏👏
Poet
17 Awgust 2022
Iň gowy görýän goşgym 👍
wolf
17 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
perizadym
16 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.