alisherxon
16.08.2022 11:45
Ol mekana Türkmenistan diýerler...

Seniň adyň aýdym bolup ýaňlansyn,
Ýüreklerde, köňüllerde, dillerde.
Ak kepderiler seni ýada salsyn,
Uçup ýörkä obalarda, illerde.

Seň şanyňa goşgy düzen ellerim,
Düze-düze hiç ýadamaz muny bil,
Ony okap hiç ýadamaz dillerim,
Ony diňläp seniň waspyň bilsin il.

Ol mekana Türkmenistan diýerler,
Ýüregimden hiç öçmejekdir adyň.
Jennet mekandygyň mydam bilerler,
Muny duýup has-da artýandyr badyň.

Sen misli bir goşgy misli bir aýdym,
Mydam sazly ýüregimde ýaňlanýan.
Geljege barýarys ýollarmyz aýdyň,
Seniň adyň mydam öňe saýlanýar.


Hiç ýadamaz seni wasp edýän şahyr,
Seň waspyň şahyra bolýandyr ylham.
Seniň waspyň soňuna ýetmez ahyr,
Çünki, seň waspyňdan ýitidir galam.

Men seni wasp edip okadym goşgy,
Goý, seni wasp etsin ýaňlanýan aýdym.
Ýürekden orunly watanyň yşky,
Ajaýyp adyňy dünýäme ýaýdym.

Seniň adyň aýdym bolup ýaňlansyn,
Ýüreklerde, köňüllerde, dillerde...
Kepderiler mydam seni ýatlatsyn,
Uçup ýörkä obalarda,illerde...

Aly Şirhan Daýhan ogly

''Golumda galam, dilimde Watan!''
goşgular ýygyndymdan
(ähli hukuklary goralan)

Milletim özbek bolsa-da, Ata Watanym - Türkmenistan!..😉😉
12
48
wolf
16 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.