TANKYTÇY SUMAKLYK SINDIROMY
“Tankytlaňda, awtory däl-de, pikiri tankytla!”.
Leonardo da Winçi
Tankytçysumaklyk sindromy (kritikanlyk sindromy) – bu kimdir birini ýa-da nämedir bir zady yzygiderli tankytlamaga, aýyplamaga, hemme zatda hökman kemçilik tapmaga bolan ymtylyşdyr.
Meşhur pianinoçy, kompozitor, dirižýor Iogannes Bramsyň (1833-1897) dosty bolan bir sazşynas-tankytçy, onuň üstünden gülmek üçin hemişe islendik mümkinçilikden peýdalanar eken. Günlerde bir gün olar iki bolup, Wena şäheriniň seýilgähinde gezmeläp, saz hakda söhbet edip ýören eken. Şonda endigine eýeren tankytçy şeýle diýipdir:
-Bilýäňizmi näme, gadyrly dostum! Siz – beýik kompozitor. Men anyk göz öňüme getirýän, ençeme ýyllardan soň, ine şu ajaýyp seýilgähde hökman adybelli kompozitor Bramsyň ajaýyp ýadygärlik heýkelini dikerler. Onsoň adamlar bärde seýil ederler. Ol ýadygärligi synlarlar. Onsoňam birek-birege sorag bererler: “Beh, täsin zat, bu nätanyş bende kimkä?!”☻.
Psihologlaň pikirine görä, tankyçysumaklyk özüni bejermeklige örän çynlakaý çemeleşilmegini talap edýär. Sebäbi bu häsiýet (ýa-da “degdi-gaçdy keselbentligiň bir görnüşi” diýseňem boljak☻), ynsanyň aň taýdan çökgünçiligini, aňynyň pese gaçmagyny (degradasiýasyny) emele getirýän ruhy hadysalaň biri bolup durýar. Onuň ýüze çykmagynyň esasy şertem – adamyň şahsy men-menligine, mensöýerligine (egoizmine) boýyn çümüp, öz ynsaby, öz-özüne tankydy baha bermek endigi bilen üzňeleşýändiginden ybaratdyr.
Her näme diýilse-de, kimdir birini ýa-da nämedir bir zady tankyt etmek ilkinji nobatda tekepbirlikden gözbaş alyp gaýdýar. Tankyt edýän adam, hatda öz-özüniň öňünde boýun almasa-da, kimdir birini tankytlanda: “Men senden nämäň nähili bolmalydygyny has gowy bilýän. Nämedir bir zady başarmagy başarmak isleseň, meň isleýşim, meň edişim ýaly etmäge dyrjaş, emelsiz!” diýip aňastaňynda hasaplaýar.
Ol özüniň özgelerden tapawutly, artykmaçlyk duýgusynyň täsiri bilen, beýleki adamlaň kemçiligini agtarýar. Haçan-da şeýle ýetmezçilikleri tapandan soň (ýa-da tapandyryn öýdenden soň) bolsa, tankytçy şol kemis-kümüslikleri ýepbeklemek arkaly, ýene-de bir gezek özüne-de, daş-töweregindäki başgalara-da özüniň näderejede ezberdigini, rüstemdigini, parasatlydygyny, başarjaňdygyny, şonuň üçinem wajypdygyny subut edýär. Tankytçysumak hamana, özüniň şeýle häsiýetli hereketleri bilen: “Men bujagaz jandarjyklardan has köp bilýän we has oňat başarýan” diýip öz-özüni sereşleýän ýaly.
Meşhur ýazyjy Karel Çapek tankytçysumaklyk barada şeýle belläpdir: “Tankytlamak – bu awtora: “eger-de men başarýan bolsam şeýle ederdim” diýip düşündirmekdir”.
Mark Twen bolsa käbir adamlaň şuňa meňzeş häsiýeti hakda şeýle ýazypdyr: “Adam, özüniň perpendikulýar durup bilmeýän topragynda nähili durmalydygy hakynda beýlekileri tankytlamaly däldir”.
Adatça, tankytçysumaklyk, adamyň kemçilikli bolmaga hukugyny☻düýpgöter ret edýär. Eger-de rimlileriň “Errare humanum est – Adama ýalňyşmak mahsus” diýen aýtgysy bilen özenini kesgitleseň boljak, her bir adama muwapyk kemçilikli bolmak häsiýetini ykrar edäýen ýagdaýynda-da, adatça, islendik tankytçysumaklar, islendik adama öz kemçiligini düzetmek üçin juda köp wagtyň gerekdigini göz öňünde tutmaýarlar. Üstesine-de, adamlaň aglaba köpüsi üçin özgeleň kemçilik diýip hasaplaýan zadyny, ol-a ýetmezçilik diýip hasaplamak ekeni, hatda käbir halatlarda artykmaçlyk diýibem hasaplaýandygy, köplenç tankytçysumaklyk keselinden ejir çekýänleň ýadyna-oýuna-da düşmeýär. Olar nämedir bir zady öz dünýägaraýyşlaryna laýyklykda ýepbeklemäge başlanda, olaň kimdir birine bildirýän “özgermek, düzelmek hakdaky talaplarynyň (bellikleriniň, tankytlarynyň)” kabul edilmegini isleýişlerini “hem-ä gyz gerek, hemem tiz gerek” diýen birje aýtgy bilen aňlatmak mümkin.
Eger-de ýepbeklenýän ýepbekleýji tankytçysumagyň aýdýanlaryny “dogry” kabul edip, onuň isleýşi ýaly “düzelmek” islemese, onda adatça, tankytçysumaklar, ýepbeklenýäniňem öz şahsy dünýägaraýşynyň, şol bir zatlar hakda özgeleňkiden tapawutly nukdaýnazarynyň, şahsy tejribesine, ömür ýoluna, bilim, aň, derejesine, üşügine esaslanýan pikirleriniň bolmak mümkinçiligini doly inkär edip, ony “düzelmezlik” islegini, diňe onuň ýaltalygy, kütekligi, nadanlygy, körzehinligi we ş.m. bilen düşündirmäge ýykgyn edýärler.
Tankytçysumaklyk adamda nädip emele gelýär?
Adatça, bu sindromdan ejir çekýän (belki-de, lezzet alýan, ha:ýp gapyp alýan, pinekleýän☻we ş.m.) adamlar, häsiýeti boýunça oňşuksyz, “öz aýbyny görmeýen kişi aýbyna waý diýer”, “il gözüne gaçan çöpi görse, öz gözünde pürs görmeýär” diýilýän adamlar bolýar. Onsoň zanny-ýasawy şeýle adamlar hemme kişini özlerine görä etjek bolýarlar. Beýle adamlar üçin Ýeriň ýüzünde ýeke-täk nusgalyk deňeşdiriş ölçegi – etalon özleri!
Men ýalymy, maňa meňzeşmi?
Diýmek, gowy, kämil.
Dälmi?!
Öf-püf...
Wäkgiş...
Jejis!
Poýsy!
Maýmyň!
Böçje-e!!!
Çünki, tankytçysumaklaň hiç bir hadysa ýa-da tolgunma bilen mizedip bolmajak, mähnet Müsür ähremlerine (piramidalaryna) çalym edýän ynanjyna görä: “Bütüki, şeýlekin kämil dä Ýalançy-da, ýeke-täk daýanyş, ugur alyş nokady – OLAR we kämilligiň göbegin-ä dä, iň bolmanda, bir gyrak-bujagyna-da bolsa aslyşyp galjak bolsaň, onda sen bikemal hem ŞOLARA meňzejek bolmaly! Has takygy hut ŞOLAR ýaly bo:p bilseň, Ýalançyda armanyň galmaly dä:!!!
Düşdüňmi?!☻”.
Lukmanlar, tankytçysumaklyk sindromynyň gönüden-göni özeninde durýan, daş-töwergiňdäki adamlardan nägileligiň, göwnigeçmäň, olara çakdan aşa ýokary talap bildirmegiň uzagyndan diňe bir psihiki däl-de, fiziki ýarawsyzlyklara-da getirip biljekdigini belleýärler. Mysal üçin, şeýle häsiýetli adamlarda köplenç rewmatizm we bokurdak keselleri ýüze çykýar (...myş☻).
Öz düzüminde Virgin Atlantic, Virgin America, Virgin Mobile we Virgin Active ýaly 360 sany kompaniýany jemleýän Virgin Group korporasiýasynyň esaslandyryjy, iňlis tütjary Riçard Çarlz Nikolas Brenson adamlary tankytlamak hakda şeýle belleýär: “Öz adamlaňňyzda (awt. işgärleňňizde) hemişe ýagşy häsiýetleri gözläň. Öwgüni gysganmaň. Hiç haçan tankytlamaň. Lidere öz golastyndakylaň hatalarynda ünsi jemläninden, haýsydyr bir zady her gün dogry berjaý edýän adamlary tapmak gerekdir. Eger-de işgärleriň ösüşini, kämilleşmegini olaň bitiren işleriniň ykrar edilmegi we olaryň taryp edilmegi bilen höweslendirmek däbi iň ýokarky derejeden gaýdýan bolsa, onda ol işgärleň aňyndan işiň ösmegi üçin zyýanly bolan şowsuzlykdan gorkyny ýok eder”.
Adamlaň arasyndaky gatnaşyklary ugrukdyrmakda meşhurlyk gazanan Deýl Karnegi bolsa, tankyt hakda şeýle ýazypdyr:
“Tankyt peýdasyz.
Sebäbi ol adamy goranmaga, gaýtawul bermäge we düzgün bolşuna görä özüni aklajak bolup çytraşmaga mejbur edýär.
Tankyt howply.
Sebäbi ol adamyň şahsy men-menligine zarba urýar, öz-özüniň ähmiýetlilik duýgusyna degsinýär we şonuň netijesinde-de onda öýke-kine döredýär.
Islendik şowsuzlykda, säwlikde özüni däl-de, kimem bolsa başga birini, başga bir hadysany günäkärlemek adamyň zannyna mahsus.
Biziň hemmämiz şeýle.
Şonuň üçinem, ertir biz kimdir birini tankytlamak islesek, geliň ilki bilen, tankydyň edil poçta kepderileri deýin hemişe yzyna – öýüne dolanyp gelýändigi hakda oýlanalyň!
Kemsitmeli däl – bu nähili dürs!
Bu nähili dirilik ähmiýetli derwaýys!
Bu sözler näçe gaýtalansa-da, biziň iňňän az bölegimiz şu hakda oýlanýarys.
Biz başgalaň duýgularyny gödeklik depgileýäris. Öz diýenimizi gögerdip, illeriň ýalňyşyny agtaryp tapýarys, haýbatly hemle urmak bilen tabynlygymyzdaky ýa-da kesekileň ýanynda çagamyzy tankytlaýarys.
Şol bir wagtda-da, ýeke minutlyk diňirgenme, sypdyrylmanka ölçerip-dökülen söz, beýlekiniň ýagdaýyna, ruhy ahwalyna çynyň bilen düşünmek – bihuda ýerden emele gelýän peýdasyz yzalaryň kän derejede ýumşamagyna getirip bilerdi...”...