alisherxon
15.08.2022 22:43
Bolma

Hakyky dost özi birje bolarmyş,
Galany dost bolup soňra gülermiş.
Ýylan kimin süýnüp syryň bilermiş,
Bilýänin aňsaňda, ynanjak bolma.

Gowulygy bilmedige etseň-de,
Bilmese, özünden, gowulyk sende.
Allanyň rehimi inmedik bendä,
Biriniň derdine gynanjak bolma.

Derdi beren şypa bermän goýmaz hiç,
Kesel ýowdur şirin jana doýmaz hiç.
Derman ajy, süýji melhem bolmaz hiç,
Halypaň käýese zeýrenjek bolma.

Durmuş kyndyr, menzil alys, ýük agyr,
Kynçylyksyz bolmaz mal-mülk, gäw-sygyr.
Çydam et, agyrmaz bu ýürek bagyr,
Säher saba ýelne yranjak bolma.

Ýagşyny näbilýäň ýamany görmän,
Uny näbilersiň samany görmän.
Ylymlar dagynyň daşyny dörmän,
Çeşmesin suwundan ganaýjak bolma.

Näm üçin göz iki, birje berlen dil?!
Müň gez eşidenden, bir baryp görgül.
Utanç ýoldaş bolsa, Şirhan, ýat bilgil,
Başarmaz işiňe synanjak bolma.

Aly Şirhan Daýhan ogly
''Dünýäni öwürýän şygryma'' goşgular ýygyndymdan
(ähli hukuklary goralan).
6
59
alisherxon
16 Awgust 2022
Ýöne enäni ene mährini bir zada meňzetmek üçin uly ýürek gerek. Ol melhemdenem güýcli zat. Ýa siz başga zady aýtjakmydyňyz¿ meselem
wolf
16 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
alisherxon
16 Awgust 2022
YGurbanaly23, bilemok , prosty men yzky setiri bln baglanyşdyrmak üçin aýtdym, süýji melhem ene mähri...

Zoluşka, sag boluň, 😄

cinderella_,M898, YGurbanaly23, sag boluň
ylham_gurbanaly
15 Awgust 2022
Süýji näme üçin melhem bolmaly dälmiş?!
Myhman Myhman
15 Awgust 2022
Indi dost galanok diňe pul, maşyn,galybersede aş dostlar köp
zolushka
15 Awgust 2022
Näme üçin göz iki birje berlen dil?! Müň gezek eşidenden bir baryp görgil. (( Manysy düzülişi gowy bu goşgy näçe like goýsaňam az👍👍
alisherxon
15 Awgust 2022
Edil men ýaly
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.