Mercedes_fan
15.08.2022 22:08
Porsche ,,Ulaglar,, atly multifilminiň gahrymany

Porsche awtomobil öndürijisi Disney bilen Pixar-yň “Ulaglar” (“Cars”) atly animasion filminiň gahrymany – Salli Karreradan ruhlanan Porsche 911 Sally Special awomobilini çykardy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugyna salgylanyp, incrussia.ru habar berýär.

Bu özboluşly awtomobil 2022-nji ýylyň 20-nji awgustynda Sotheby’s auksionynda satylar. Satuwdan gazanylan girdeji bolsa iki haýyr-sahawat guramasyna berler: ýaş zenanlaryň goragy bilen meşgullanýan Girls guramasyna we BMG-niň bosgunlaryň işi boýunça ýokary komissarynyň edarasyna.

“Awtomobilleriň öz ýüzi we taryhy bolmaly. Pixar bilen bilelikde biz “Ulaglar” multfilminiň gahrymany Sallini ekrandan daşary çykardyk. Biz Sally Special-y auksiona çykararys, gazanylan serişdeleri bolsa haýyr-sahawata gönükdireris. Biz goldawa mätaç adamlara kömek etmek isleýäris, bu gahrymanyň ruhuna laýyk gelýär” – diýip, Porsche-niň kommunikasiýa, durnukly ösüş we syýasat boýunça wise-prezidenti Sebastýan Rudolf belledi.

Taslama 2021-nji ýylyň noýabr aýynda badalga aldy we öndürijini animasion filmi dörediji topar bilen birleşdirdi. Auksionda awtomobilden başga-da, Pixar bilen hyzmatdaşlykda döredilen Porsche Design-dan sagatlar hödürlener.

12
77
wolf
16 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍

Şimşek macquin😎
ideallider
15 Awgust 2022
Gowja personaž olam😊👍
zolushka
15 Awgust 2022
Maşynyň şekili gowja eken
alisherxon
15 Awgust 2022
👍👍👍👍🔥🔥🔥🔥 ulaglar hakdaky multfilmlere gyzyklanamok
Relax
15 Awgust 2022
Ulalyp oñalmadyklara gerek maşyn😁😅
jemal_seyitniyazowa
15 Awgust 2022
Hehe nähili bolaraý bular ýaly maşynlar gezip ýörseee😹😹😹 aý işleri şowly bolsun
Ovezova_
15 Awgust 2022
Alasym gelday😃
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.