Spiritualizm - ynsanyň öz ruhy bilen ýakynlygy, ony tanamak syýahaty.
Biz ýeriň ýüzünde bedenleri göterýän ruhlar. Ruhlary saklaýan bedenler däl. Aslymyz, özümiz, düýbümiz RUH. Beden bu ýerde ýönekeý örtük. Beden illuziýa ruhlaryň ýer ýüzünde özüni aňladyp bilmegi üçin geýen geými. Aslynda dünýäniň nygmatlaryndan peýdalanyp bilmegmiz üçin bize berilen baýlyk.
Bedeni kapasa, ruhy guşa meňzederler.. Kapasany näçe bezesekde ruh gözelleşmez. We ruhyň gözlelligni beden gözelligi ýaly aňsatlykça görüp bolmaz.
Guş kapasadan daşaryny synlar, ýöne görýän kapasa däldir.
Guşsyz kapasany hiçkim öýünde saklamaz, Iň ýakynymyzy ölenden soň näçe gün, ýada näçe wagt saklarys?!.
Bedene ene garnynda bellibir wagta ýetensoň ruh üflener.
Ölüm beden üçndir, ruh üçin däl. Ruh kapasadan aýrylansoň, Beýik Alla oňa mynasyp geýimi geýdirip has giň älemlerde barlygyny dowam etdirer..
Ruhumyz sungat bilen örän baglanyşykly. Sungat bu içimizdäki ruhyň daşardaky şekili. Her ynsanda döredijilik ruhy bolýandyr, üns berip görüň sungatyň islendik bir görnüşine degişli gyzyklanmasy bolýar. Emma muny ýüze çykarmany başaran ynsanlar bolsa ruhunyň mekanyny has giňelden ynsanlardyr.
Biz aklymyzyň öz çäginde ýaşaýarys. Ýaradanyň gudratlary bolsa pikir edişimizden has başga!