ylham_gurbanaly
14.08.2022 22:40
Bu gije gussa kän kalby gemirýän,
Tebigat dem alýar agyr hem tukat.
Ýyldyzlar birsyhly süýnýär asmanda,
Şemallar ses edip gidýärler uka.

Köpýyllyk hassa deý tutuksy asman,
Aýylganç dymyşlyk ýöredýär hökmün.
Oýunçylja guşlar näme,
Şolaňam
bu gün göwünleri birgeňsi çökgün.

Dagyň agraslygy artana meňzeş,
Boýny buruk çüw-ýalaňaç baglaňam.
...Menem gidip barýan çola köçeden —
Iň bir näzik duýgulary talanan.

Hyýallarym uçup ýörler düýnde,
Ahmyr bilen penjeleýän saçymy.
Öz-özüme ezýet berip — kötekläp,
Sowatmaga meýil edýän içimi.

Bu gije duýgulam şam boldy gussa,
Bu gije ýüregim boşatdy için.
Käbir zatlar pida etdi özüni
Käbir zatlar üçin...

Sapa HOMMADOW.
16
124
filolosof
16 Awgust 2022
🤴 👍👍👍gowy
alisherxon
15 Awgust 2022
Şony bir bogunda okamalyda sebäbi bir çekimli bar, käbiriler wagyt bagyt gudurat duyun dip okaya...
BaýramBejidow
15 Awgust 2022
alisherxon, okalanda iki bogun bolup eşdilýär şonuñ üçin
Милая.G
15 Awgust 2022
Kabir zatlar ucin.......👍
alisherxon
15 Awgust 2022
Gowy goşgy...👍👍👍 näm üçin köp şahyrlar düýn, bagt, wagt, gudrat ýaly sözleri 2 bogun 3 bogun diýp hasap edýärler. Menä okamda şolar 1 bogunda okaýan, bir setiriniň bir boguny az ýaly bolýa, g.şagulyýewada köp şoň ýaly ýagdaý ...
Gülhan
15 Awgust 2022
Iñ halayanlarmyn icinde 😓👍
ylham_gurbanaly
15 Awgust 2022
Papatya, iň gowy ýeri)

....Menem gidip barýan çola köçeden - iň bir näzik duýgulary talanan... (şuda gowy)
Papatya
15 Awgust 2022
Käbir zatlar pida etdi özüni, käbir zatlar üçin...
kyyas2017
15 Awgust 2022
Sagbol, gowy düzüpsiň berekella, Sapa
Ovezova_
15 Awgust 2022
👍👍👍👍👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.