ylham_1989
14.08.2022 15:47
Astronomlar indiki hepde
boljak magnit hadysasy
barada habar berdiler


Indiki hepde Ýere magnit tupany geler, ýöne ol o diýen güýçli bolmaz. Russiýanyň ylymlar akademiýasynyň Lebedew adyndaky Fiziki institutynyň Günüň rentgen astronomiýasy laboratoriýasynyň hünärmenleriniň 12-nji awgustda duýdurmagyna görä, 17-nji awgustda, çarşenbe güni magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar.

Öňünden çaklamalara laýyklykda, hadysa G1 kategoriýa (gowşak häsiýetli) degişli bolar, magnitosfera bolsa soňky iki günüň dowamynda, 18-nji we 19-njy awgustda hem täsirli bolmagynda galar diýip, "Moskwa" şäher täzelikleri agentligi ýazýar.
Lukmanlaryň pikirine görä, hatda iň gowşak häsiýetli magnit hadysalary hem degna ulgamy gowşak we ruhy bozulmalardan ejir çekýän adamlara täsirini ýetirip bilýär diýip, NSN belleýär. Şol bir wagtda lukmanlar sagdyn adamlar hem şol gün özüni bitap duýup bilerler diýip hasaplaýar.
14
155
alisherxon
17 Awgust 2022
Bolanok ýalyla🙄🙄
alisherxon
15 Awgust 2022
Geliň teswirleň dowamyny 17 si güni ýazýas göreliň hany
ideallider
14 Awgust 2022
Möwsümimi nämemi, şu günler agşam has sowugurak, gündüz has gyzgynyrak👍
Relax
14 Awgust 2022
Bitter,bizde gune aydyara watan son magnit hadysasyy bar dip bizde hemise barr)
Papatya
14 Awgust 2022
Maňa ha şuwagtdan täsiri ýetýär🤦🏼‍♀️
Милая.G
14 Awgust 2022
Tasin🙂
jemal_seyitniyazowa
14 Awgust 2022
Öňünden bilseň gowy dällay
Relax
14 Awgust 2022
Bitter, tasir edyan adamda kele agyry zat bolya öýdýän
wolf
14 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.