alisherxon
14.08.2022 14:51
Gyş günleriniň birinde...

Müň dokuz ýüz togsan dördünji ýylyň gyşy gazaply geldi. Ýanwar aýynyň
ortalaryndaky bu aňzak sowukda daşarada bir minutjyk dursaňam öler ýaly
bolardyň. Bir gün öň başlan bu gazaply sowuk asmandan indi maýdadan sepeläp
başlan ak gara goşulyp barha güýjeýärdi.Şol sebäpden ýarym günden bäri diňe bir
bu Andalyp obasynda däl, eýsem beýleki obalardada tok ýokdy, çyralar sönendi.
Şeýle gazaply gyş günleriniň birinde mellekden täze alan gök jiguli maşynynda
gelýän goja Mergen aganyň gözleri Hamza köçesinden Bossan köçesine
burulýan çatrymyň ýanynda II asyrlyk torraňňy agajyndan galan köne töňňäniň
üstünde enaýyja bir gylyklary edip oturan gara-ak aralaş ala pişige düşdi. Ol ala pişik
penjesini göterip, barmaklaryny gymyldadyp sanap oturan ýalydy. Ilkibaşda bu
ýagdaý onuň ünsüni köpem çekmedi. Ikinji penjesinide göterip şeýdip oýnap oturşy
ony haýran edäýdi. Ýöne ol derrew jigulisinde pişigiň duşundan geçip gitdi. Gar
sepeläp durandygy sebäpli ýollaram azajyk typançakdy.
Hamza köçesiniň on üçünji jaýy. Goja Mergen öýüne gelip garažynda jigulisini
goýup malhana tarap gitdi. Çilden haýaldan ýöräp gidip barşyna-da güýz sürümi
edilen, indi ýazky ekişe taýýarlamak üçin gyş suwy tutulmaly atyzyna seredip
gelýärdi.
Malhana seretse, agtygy Aly suw tutup, ähli ot-iýmlerini berip garnyny çişirip
goýan iki sany göleli sygyr bilen alabaharda satjak bolup iýmlenip ýörlen daýaw gara
öküzi – ählisi ýerinde durdy. Mallaryň aňyrsyndan geçip towukhana tarap hem
ýöneldi. Towukhananyň gözenek torundan seretse, däneden garny doýan
horazdyr towuklar towukhananyň töründäki haýata münüp bir-birine söýenişip
otyrdylar. Hemme zat ýerbe-ýerdigine gözi ýeten Mergen aga ýene-de çil boýlap
öýüne ýöneldi.
Içerik girjek mahaly gapy açylandan goja Mergeniň sary-ak aralaş ala pişigi –
Mamyk derrew ylgap daşaryk çykyp gitdi. Mergen aga gapyny haýaldan içinden
nämedir bir zat hakda pikirlenip ýapdy. Gapynyň sesini eşiden Mergen aganyň gelni
Gülnar derrew aşhanadan atasyny garşylamana çykdy. Onuň egnindäki köne
possunyny çykaryp hammamdaky ildirgiçe asdy.
Bularyň maşgalasynda häzirlikçe pişikleri Mamygam hasaba alanda bäş adam
ýaşaýardy. Ýöne Mergen aganyň ogly – Gülnaryň adamsy – Myrat aga
krasnawodskda işleýärdi. Ol bilenem alty sany adam.
Birdenem içerden adamsynyň gelenini aňan ýaly Gülnaryň gaýnenesi – Maral
eje çykdy-da:
– Gelin, çyra entegem ýananokmy? – diýip sorady.
– Ýok, ýansa, meniňem nahar bişirmem çaltlaşardy. Aşhana-da garaňkylanyp
başlady, gün batana. Telefonymyňam kuwwaty az bolansoň, fonarjygam ýananok.
– Wah, meniňem telefonymyň kuwaty çökäýdi. Tok geläýse, zarýadlandyryja
goýardym – diýip Mergen aga-da gepe goşuldy.
– Wah eý, meň filmimem başlaýypdyr. Indi içime düşmez – diýip Maral eje-de
gynandy.
– Eje çyra haçan ýanarka? Sapaklarymam taýýarlabilmän otyryn – diýip birden
içerden Aly çykdy. Gülnar daýza-da:
– Ýanar, köşegim. Sen şu taýa geçip oturyber – diýdi.
– Onda men garaňky düşmän burun ýagty-gözde daşara bir çykyp geleýin – diýip
Maral eje gapa tarap ýöneldi.
Gapyny açan mahaly daşardan Mymyk girip göni Alynyň ýanyna geçdi. Aly ony
gaty gowy görýärdi. Oňa hatda ejesinden ogryn et-de berýärdi. Gülnar daýza muny
bilse-de ýalandan käýän bolýardy. Bu hem ýetmedik ýaly ony terezide hem ölçep
görýärdi. Bäş kilo dagy çykýardy. Özem ýaman semiz, tüýlekdi, owadandy,
ýakymlydy.
Gülnar gelneje naharynyň yzyny etmek üçin aşhana girip gitdi. Mergen aga
adatdakysy ýaly telewizory ýakjak bolan ýaly onuň ýanyna bardy. Soňam tokuň
ýokdugy ýadyna düşüp aljyrap eýwanyň töründe düşelgi duran düşekçä geçip,
telewizora sereden ýaly ýatdy.
Garaňky düşdügiçe sowugam barha güýjäp ugraýardy. Howa gar bilen sowuk
şemala bulaşdy. Çapgyn ýel il gezip ýördi. Obadaky ähli adamlaryň çyra ýanardan
tamasy üzülendi. Şol sanda Mergen agalaryňam. Olar Gülnar gelnejäniň bişiren süýji
böreginden türkmen maşgalasy türkmen saçagynyň başynda agşamlyk naharlaryny
edinip, ukulary gelmän eýwanyň törüne geçip, şem ýakyp, ondan-mundan gürleşip
oturdylar.
Aradan ençeme wagt geçdi. Gepem gutardy öýdýän bular ümsüm otyrdylar.
Birdenem birhili aýylganç ses bu ümsümligi bozdy.
– Mýa-awww... Mýa-a-aww...
Olar bu sese haýran galdylar. Ýöne şeýle bolsa-da, bu sesiň pişigiň sesidigini
aňdylar. “Mamyk şu ýerde, onda... Bu ses nämäniň seä?!” diýşip oýlandylar. Goja
Mergen onuň başga pişikdigini aňdy.Wagt geçdigiçe bu ses hasam güýçlenýärdi.
Aradan biraz wagt geçdi. Bu ses ýene dowam edýärdi:
– Mýa-aww... Mýa-aww...
Indi bu sese Maral eje bilen goja Mergeniň kellesi çydamady. Megerem ol pişik
daşary sowuk bolandygy üçin sowukdan zeýrenýän bolaýsa gerek. Indi goja Mergen
muňa artyk çydap oturyp bilmedi-de:
– Aly, bar oglum, pişigi içerik girizde, azajyk saklap, çörek berde daşaryk çykaraý –
diýdi. Ilkibaşda Gülnar bilen Maral eje muňa närazy boldular. Ýöne Aly:
– Bolýa – diýdi-de gapa tarap ýöneldi. Gapyny açandan gara-ak aralaş, ala, semiz,
tüýlek, owadan, ýakymly bir pişik ony garşy aldy. Gözüni mölerdip kellesini
gyşardyşy, “mýaw-mýaw...” sesi adamyň haýpyny getirýärdi. Aly ony bir görenden
halady, hatda Mamykdan hem. Ol ala pişigi gujagyna aldy-da gapyny berk ýapdy.
Gapynyň sesi ýüregiňi ýarýardy. Edil şol wagt sowuk şemal Gülnar gelnejäň tenine
gelip ýapyşdy. Şol sanda Maral ejeniňem eti üşedi.
Aly pişigi göterip eýwanyň törüne – maşgala agzalarynyň ýanyna getirdi-de
çörek getirmäne aşhana girip gitdi. Garaňkyda tapyp bilmedimi näme takyr-tukyr
ses geldi. Maral ejeň ýüregi ýarylyp zeýrenip başlady. Ol pişigi Mamyk halamadymy
nämemi, ol dişlerini gyjyrdadyp ala pişige topuljak ýaly bolup durdy. Şol wagt
Mergen aga Mamygy käýäp goýberdi. Birdenem goja Mergeniň ýadyna çatrymdaky
ýagdaý düşdi. Bu pişik tüýs şoňa çalym edýärdi. Ýöne ol “hyýalymadyr” diýdi-de
kellesini gaşap, burnuny çekip goýberdi.
Birdenem aşhanadan Aly eli bir bölek nanly ylgap çykdy. Pişikleriň ýanyna geldi-
de olara döwümlep berip başlady. Ýaňky ala pişik gaty ajyganmy nämemi, ol
hyrryldap, biri alar öýdüp töweregine garanjaklap ogry pişigi ýaly iýýärdi. Ýöne bir
tarapdan ogry pişigä meňzemeýärdi. Sebäbi ol gaty arassady hem-de adamdan
gaçmaýardy, çagyrsaň, eliňe gelýärdi.
Aradan biraz wagt geçenden soň:
– Aly, bar oglum, pişik biraz gyzynan bolsa, ony öwrenişmän burun daşara çykaryp,
depip, kow! Balam – diýip goja Mergen agtygyna aýtdy. Aly hem pişigi göterip,
gapyny açyp haýaldan kowman goýberdi. Daşary bolsa gaty sowukdy...
Aradan ýene azajyk wagt geçenden soň hemmäniň ukusy gelip başlady. Ilki
bilen Maral eje bilen agtygy Aly içerik girip gitdi. Soňra bolsa Gülnar hemme zady
ýerbe-ýer edip özüniň jaýyna girip gitdi. Ahyryndam goja Mergen gapyny gulplap
eli şemli özüniň jaýyna – aýaly – Maral ejäniň ýanyna girip gitdi.
Daşary gaty sowuk. Asmandan inýän ak garyň parçalarynyň her biri göz ýaly
dagy gelýärdi. Çapgyn şemal iki jaýyň ortasyndan geçip jürlewükde biri sykylyk
çalýan ýaly ses emele getirýärdi. Bu ses içere hem girýärdi.
Goja Mergen düşegine göz aýlady-da elindäki şemli gaby stoluň üstünde goýup
öçürdi-de derrew düşeginiň üstüne geçip, ýelekli ýumşajyk ýassygyna kellesini
goýup, iki gatly mylaýym adeýalosyny üstüne çekip hezil edipjik uka gitdi.
Aradan salym wagt geçenden soň ýene-de bir aýylganç ses Mergen agany
ukudan oýardy. Ol onçakly bir ukam gitmedik eken. Indi gözi ilinäýipdir. Ol ses goja
Mergene tanyşdy. Ol ses öňki tanyş sesdi.
– Mýa-a-a-awww... Mýa-a-a-awww...
Ilki bilen Mergen aga “Bes eder” diýip mylaýym, ýumşajyk adeýalosyndan
çykasy gelmän ýaltanyp ýatdy. Biraz wagt geçenden soň bolsa Maral eje-de ýakar-
ýakmaz gözüni açan ýaly bolup “ol nämäniň sesi” diýen ýaly edip ümledi. Ýene
salym wagt geçenden soň bolsa Maral daýza muňa artyk çydap bilmedi-de goja
Mergeni dürtüp oýardy. Onuň ýene-de gözi ilnen eken. Ses bolsa barha güýjäp
dowam edýärdi:
– Mýa-a-a-awww... Mýa-a-a-aww...
Muňa artyk Mergen aganyň kellesi çydamady-da süýji uky isläp pişigi içerik
salmak isledi. Pişigem ýaman ýolly eken. Indi ol içerik girmeýänçe ynjamazdy. Gapa
tarap barşyna-da Mergen aga pişigiň usullylygyny oýlap, onuň indi etjek işlerini
özüçe hyýaldan göz öňüne getirýärdi. Pikirlenýän oýlaryndan bolsa özem gorkup
gidýärdi (Edil multfilmdäki ýaly). Ol gulply gapyny ýene-de açyp, pişigi aljak bolup
duranda goňşy atyzda gara kostýumly, şlaýapaly biri ap-ak garly atyzda belli bolup
durdy. Ol ýöreýinem diýmeýärdi, şol bir ýerde durdy. “Ýogsam bu sowukda atyzda
doňman duran kimkä?! Ýa doňup buzlap galaýypmydyr” diýip goja Mergen öz
ýanyndan güldi. Gapyny çalaja açyp ýene-de on sekunt töweregi ony synlap durdy.
Soňra bolsa gapyny ýene-de gulplap aşhana tarap ýöneldi. Gapyny açyp çyrany
ýakjak boldy, ýöne çyra entegem ýanmandyr. Pişigi ýere goýjak mahaly garaňkyda
aşhanadaky stola aýagyny urup agryndy. Burçdaky körpeçäň üstünde ýatan
Mamygyň gözleri garaňkyda-da belli bolup ýanyp durdy. Ala pişigem Mamykdan
gaçjak bolup aňry burçdaky tekjäň aşagyna girdi. Mamygam biraz hyrryldap ony
halamadyk ýaly bolup durdy. Soňra bolsa uka gideninem bilmän galdy. Mergen aga
ýene-de aşhanaň penjiresinden daşara seretdi. Görse, ýaňky gara kostýumly adam
henizem ýaňky ýerinde gymyldaman dur eken. Onsoň bolsa Mergen agaň ukusy
gelip düşegine geçip ýatdy. Şondan soň sowuk şemalam biraz ýatyşaýdy gerek,
sebäbi, jürlewükden çykýan sykylyk sesleri indi gelmeýärdi.
Irden gün çykdymy nämemi, daşardan agaçlaryň şahalaryndan gulakhalka
bolup almaz ýaly ýalpyldaşyp duran buz bölejikleriniň eräp, erän damjasynyň bolsa
damyp aşaga gaçýan ýaly sesleri gelýärdi. Birki sanysy her wagtdan üzülip aşaga
gaçyp döwülýärdi we batlyrak ses çykarýardy. Şol batly sesleriň biri Mergen agany-
-da ukudan oýardy. Mergen aga-da başyny ýumşajyk ýassygyndan galdyryp, gözüni
ýakar-ýakmaz açdy-da gyzykly düýşüniň yzyny görmek üçin ýene-de başyny ýassyga
basdy.
Aradan bäş minut dagy wagt geçenden soň ukusy gaçyp goja Mergen turup
çykdy. Eýwana seretse, agşamky ala pişik otyrdy. Ýöne ol aşhanada däldi. Onuň
deňinden geçip aşhanaň içine göz aýlasa, Maral bardy. Gelni Gülnar bilen agtygy Aly
hem eýýäm mallara seredip ertirlik iýmlerini berip ertirlik edinjek bolup ýördüler.
Ýöne olaryň ýüzi birhili gamlydy. Muňa goja Mergen haýran galyp:
– Amanlykmy? Nämä beýle gamgynsyňyz? – diýip sorady. Gelni Gülnar hem:
– Amanlygam bolarmy?! Bu garry pişik Geçen gün meniň bazardan getiren bäş ýüz
müň manatlyk çüýşe blýudomy tekjäň üstünden gaçyryp döwüpdir – diýip Mamygy
görkezdi. – Indi bu pişik garrapdyr. Muny indi kowmaly. Syçanam tutup bilmez,
şeýlelikde peýdasam degmeýär muň!.. – diýdi. Gülnar gelnejäň bu gepine Mamyk
gözlerini iri açyp, Gülnar gelnejäni halamadyk ýaly enaýyja gözleri bilen birhiliräk
seredip, haýran galan ýaly bolup durdy. – Şonda-da bilmediksirän bolaýşyny görüň
muň! Gelsem blýudonyň döwükleriniň ýanynda oturan eken – diýip Gülnar gelneje
zeýrendi. Şeýle-de bolsa Mergen aga bu gepe ynanmady. Sebäbi...
Goja Mergen penjiräniň öňüne bardy-da daşara seretdi. Esasan-da goňşularyň
atyzyna. Gijeki şlýapaly, gara kostýumly adam bu gün ýokdy. Onuň deregine bolsa
gara kostýumly, şlýapaly, goňşy oglan Öwez gardan ýasan garadamy durdy.
Aslynda gije Mergen aganyň gören adamy garadam eken. Ilki bilen ol muňa haýran
galdy. Soň bolsa çydabilmän güldi. Beýlekiler onuň nämä gülýänine düşünmediler.
Soňra Mergen aga çyrany ýakyp tok gelenini barlap gördi. Seretse, çyra ýandy.
Onsoň ol derrew öýdäki ähli telefonlary zarýadlandyryja goýdy.
Bular maşgalasy bilen ertirlik edindiler. Ertirlik wagty Mergen aga ýaňy näme
üçin gülendigini aýdyp berdi. Muňa beýlekilerem güldüler. Onsoň bolsa Aly
günortan başlanjak mekdebie taýýarlanmaga sapaklaryny taýýarlamak üçin özüniň
otagyna girip gitdi. Gülnar gelneje bolsa günortanlyk naharyny taýýarlamak üçin
ýeralma-sogan alyp gelmek üçin ammarhana gitdi. Maral gelneje bolsa täze
habarlary, ertirki täzelikleri eşitmek üçin goňşy aýallaryň üýşmeleňine gitdi. Gyş
güni bolansoň iş onçakly köp däldi. Şol sebäpdenem goja Mergeniň bu gün işi ýokdy.
Näme etjeginem bilmän durdy. Edil şol wagt daşarda köçe tarapdan birtopar oba
itleriniň sesi geldi. Bu ýagdaý her hepde şeýledi, ýagny, oba itleri hemişe
welosipedli, özbek poçtaçy ýigit köçeden geçende, her sapar oba itleri onuň
yzyndan kowalaýardylar. Ol biçäre gaçyp ýetişmän, welosipeddenem düşmän, gidip
barşyna desse-desse gazetleri welosipediniň öňündäki sebetden alyp degişli öýleriň
gapysynyň öňüne zyňyp gidýärdi. Mergen aga derrew atyz tarapdaky gapydan
dälde köçe tarapdaky gapydan ylgap çykdy. Gapyny açanam şoldy welin bir desse
gazet onuň öňüne gelip düşdi. “Daşoguz habarlary” gazeti. Ol derrew ýüzüni poçtaçy
ýigide gönükdirdi. Gara kurtkaly, gök başgaply poçtaçy ýigit oňa elini galgadyp
salam berip, ýylgyryp gitdi.
Howa örän arassa, ýakymly, jana şypalydy. Öýkeniňi dolduryp dem alasyň
gelýärdi. “Bulutdan çykan gün ýakar...” diýlişi ýaly garly gijäniň ertiriniň howasy.
Goja Mergeniň şu ajaýyp howada köçe tarapdaky sekiniň üstünde oturyp Ýanwar
aýynyň soňky hepdesiniň gazetlerini okasy geldi. Edil şol wagt eýwandan gelýen
şakyrdy ses Mergen aganyň ünsüni çekdi. Ol derrew gapyny gulplap içerik girip gitdi.
Aşhanaň gapysynyň öňünde ýolly ala pişik otyrdy. Eýwanyň töründe telewizor
döwükleriniň ýanyndaky körpeçäň üstünde ukudan ýaňy oýanan ýaly, hiç zatdan
habarsyz, hiç zady bilmediksirän bolup Mamyk ýatýardy. Telewizor näzijek stoluň
üstünde durdy. Şol sebäpden telewizor agyram bolsa ony itekläp, aşak gaçyryp
döwmek aňsatdy. Ýöne ony Mamyk döwendigine ol ynanmady. Çünki... Onuňam
bir sebäbi bardy...
Şol wagt sapaklaryny taýýarlap oturan ýerinden – içerden eýwana ylgap çykdy.
Goja Mergen muňa ynanmasa-da, indi Aly myňa aýdyň şaýatdy. Soňra ol bolan ähli
zady ejesi Gülnar gelnejä we başgalara aýtdy. Mamyga bolan hemmäniň määhri
barha sönüp barýardy.
Adatdakysy ýaly gün günorta golaýlaberende Maral eje üýşmeleňden geldi.
Birdenem Maral daýzany nämedir bir zat iten ýaly boldy. Aşagam buz
ýaly typançak bolansoň, ol garry halyna ýykylyp düşdi. Arkasyna seretdem welin,
hiç zatdan habarsyz Mamyk gelýärdi. Ol ýerinden haýaldan turdy-da Mamygy
gowyja edip bir depdi, Mamyk Maral ejeden gahary gelen ýaly öýkeläp aňry tarapa
gitdi. Ýöne bu ýerde onuň aýby ýokdy. Ýogsam, kim günäkärkä?!
Maral daýza bolan wakany içerik girende, hemmä aýdyp berdi. Mamykdan
bolsa hemmäniň ýene-de göwni sowady.
Olar Gülnar gelnejäniň bişiren süýji palawy bilen günortanlyk etdiler. Onsoň
bolsa Aly mekdebine ugrady. Maral eje üýşmeleňden kellesi ýadap geldimi nämemi,
içerik otagyna girip uklap galdy. Gülnar gelneje öz öý işleri bilen gümra bolup ýör.
Mergen aga bolsa daşarda tagta sekiniň üstünde täze gelen gazetleri okap otyr.
Gün gijöýlän boluberende Aly entegem mekdepden gelmändir. Maşgala
agzalary hemme işlerini bolup eýwanyň töründe, ýyljajyk öýlerinde telewizor
tomaşa edip otyrdylar. Birdenem gapydan Mergen aganyň beýleki oglundan bolan
agtygy – Allan geldi. Ol Hemme bilen salamlaşdy. Hal-ýagdaý soraşdylar. Ol ýolda
suwsyrap gelene meňzeýärdi. Şol sebäpden aşhana tarap ýöneldi. Aşhana girende.
Gazyň üstünde Gülnar gelnejäniň sygyrlarynyň giçki sagymyndan alnan, gaýnadylan
bir gazan süýt bolmalydy, ýöne häzir onuň içindäki süýt bir käse dagy çykmaýardy.
Gazyň aşagynda-da Mamyk hiç zady bilmediksirän bolup durdy. Allan derrew bu
hakda beýlekilere habar berdi. Şol wagt hemme aşhana geldi.
Aşhanaň beýleki bir burçunda ýolly pişik körpeçäň üstünde hiç zatdan habarsyz
ýaly süýji ukyda ýatýardy. Beýleki bir tarapdaky ýagdaý bolsa hemmäni haýran
galdyrdy. Indi muňa Gülnar gelnejäniň takady ýetmedi. Ol derrew Mamygy eline
aldy-da gapa tarap ylgady. Ol gapyny açyp Mamygy gahar bilen daşary oklady. “Pişik
ýere düşse eli bilen düşýär” diýen gürrüň rast eken. Ol garry bolandygy üçin
şeýtmäge zordan ýetişdi. Ýöne bu işde Mamygyň işi däldi.
Bular agşamlyk naharlaryny iýdiler. Gülnar gelnejäň eli dert görmesin bu günki
eden palawy hemme halap iýdi. Olar agşamlyk naharyny edinip bolanlaryndan soň
Biraz wagt süýjili çaý içip köne telewizorda täze çykan gyzykly filmi tomaşa etdiler.
Onsoň bolsa gapyny gulplap hemme jaýly-jaýyna girip ukladylar. Aly bilen Allan
Alynyň otagynda ýatdylar. Mergen aganyň maşgalasy adatça gijesine girip çykanda
amatly bolar ýaly edip dähliziň çyrasyny ýakyp goýmazdylar. Olar ähli ýeriň çyrasyny
söndürip ýatýardylar. Sebäbi bir ýer ýakylgy galaýsa Alynyň gözüne şol ýagtylyk
tarapda biri görünýän ýaly bolup gorkýardy. Bu saparam şeýdip ýatdylar. Ýöne bu
sapar Allan garaňkylykdan gorkupdyr. Şol wagt Allan:
– Gaty gorkup barýan. Her saparam gelenimde şeýtýäňiz. Gözüňi açanyň bilen
ýumanyň bir-äý – diýip aýtdy. Onda Aly:
– Onda gözüňi açyp uklaber – diýip güldi. Muňa Allanyň gahary gelse-de, biraz wagt
geçenden soň olaryň ikisem hiç zady bilmän uklap galdylar. Gije sagat on birlere
garap sowugam düşüp, barha güýjäp ugrady. Daşary gaty sowukdy. Düýnki ýaly
gary bolmasa-da, düýnkiden-de sowukdy.
Gije sagat on birlerden geçende, ýene-de şol tanyş ses:
– Mýa-a-a-a-a-awwwww.....
Näme sebäpdendir bu wagt goja Mergen ukusy gelmän ukusyz ýatyrdy. Ol bu
sesi derrew eşitdi. Ol muňa indi artyk çydap bilmedi. Ol derrew bildirmän ýerinden
turdy-da aşhana tarap ýöneljek bolanda, otagyň içindäki stoluň gyrasyna aýagyny
urdy. Ol gaty agryndy. Ýöne şonda-da muny Maral daýza duýmady (Ukusy gaty
gowy, tüweleme!).
Ol aşhana geldi-de, ýolly pişigi göterip daşky gapy tarapa ýöneldi. Gulply
gapyny açyp, pişigi daşary zyňdy-da, Mamygy gujagyna alyp, içerik girdi-de gapyny
gulplap, Mamygy aşhana girizip, burçdaky körpeçäň üstünde ýatyrdy. Ol gaty
buzlap galypdyr. Soňra Mergen aga aşhanadan çykdy-da jaýyna girip, düşegine geçip ýatdy.
Ol näme üçin beýle edendigini maşgalasyna düşündirip bilýärdi. Sebäbi...
Sebäbi bu bolan işleriň ählisinde Mamygyň aýby ýokdy, olaryň sebäpkäri, ähli işiň
günäkäri hut ýolly pişikdi. Emma nädip?! Tekjeden Gülnar gelnejäň ýüz manatlyk
blýudosy gaçanda ony ýolly pişik edendi. Sebäbi Mamyk tekjä çykyp bilmeýärdi. Ol
belentlikden gorkýardy. Telewizor döwlende bolsa muny Mamyk etmändi. Sebäbi
Mamyk telewizor goýlan stoluň aşagynda duran kaktus gülünden gaty gorkýardy
(Kaktusyň diametri çemesi otuz santimetr dagy bardy). Bu işi hem usully pişik
edendi. Maralejäniň typyp ýykylmagyna bolsa onuň umuman dahly ýokdy. Ony
ýolly pişik itip goýberendi. Sebäbi bulaň ählisini şol wagt Mergen aga penjireden
görüp durandy. Şol wagt ala pişik ony itip şol ýerdäki sekiniň aşagyna gaçdy.
Bärdenem Mamyk gelýärdi. Süýdi bolsa Mamyk içmändi. Ony ala pişik içen bolmaly,
sebäbi, Mamyk süýdi halamaýardy... Bularyň ählisini goja Mergen bilýärdi. Bulary
ol ertir beýlekilere aýtmagy ýüregne düwüp ýatyrdy.
Irden günüň nurana şöhlesi tutuly penjiredenem geçip Mergen aganyň üstüne
ýagtysy düşdi. Azaşan serçäniň penjirä gaýta-gaýta urulmagyndan emele gelen ses
Mergen agany oýardy. Agşamky sowukdan galyndy hem galmandy. Ol ýerinden
turdy-da gapa tarap ýöräp başlady. Onuň hyýaly daşaryny aýlanyp gelesi bardy.
Gapyny açanam şoldy welin, aýylganç bir ýagdaýa güwä boldy. Bu ýagdaýdan
beýlekileriň habary bardy. Onuň öňünde buz ýaly sowap galan ak-gara ýolly pişigiň ölüsi ýatyrdy...

(Çagalar üçin)
Aly Şirhan Daýhan ogly

(Ähli hukuklary goralan)
Ýazyjylyk ukybymam baha beriň halypalar.
5
78
ylham_gurbanaly
19 Awgust 2022
alisherxon, Näçenji ýyl?
alisherxon
15 Awgust 2022
Bolýa agam, öldi diýp grubyrak etmän doňup galypdyr diýsem azajyk gowyrak bolmazmyka?😄😄
wolf
14 Awgust 2022
alisherxon,dos muny sonyny gowurak soñlap žurnala zada iber gowy hekaya
alisherxon
14 Awgust 2022
Paulo Koelo nyň ' Ölüm diriler üçin sapakdyr' diýen sözüni köp eserlerime epigraf edip alýan, kim üçindir gowulyk bilen gutardy... kimdir üçin gaýgyly... ,Resul06

Resul06,cinderella_, sag boluň!
wolf
14 Awgust 2022
Soñy gowy gutarmadylay
wolf
14 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
alisherxon
14 Awgust 2022
Öňki postymdaky soraglaryň jagabynam ýazdym. Gyzyklanýanlar görüp biler.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.