Dünýäniň ilkinji “asma demirýoly” açyldy
Hytaý Halk Respublikasynda dünýäniň ilkinji asma demirýol liniýasy ulanmaga berildi. Ol magnit esasynda asylyp durýar. Bu barada Hytaýyň Merkezi teleýaýlymy habar berdi.
Bu asma demirýol liniýasy Hytaýyň günortasyndaky Sýansi welaýatynda ulanmaga berildi. Onuň uzynlygy 800 metr bolup, bu täsin desga ýerden 10 metr belentlikde guruldy. Bu demirýol ulgamy hemişelik magnit ulgamy arkaly hereket edip, 88 ýolagçyny götermek ukybyna eýedir.
Szýansi ylym we tehnologiýa uniwersitetiniň alymlarynyň bellemegine görä, otlynyň hereket etmegi üçin az möçberde elektrik energiýasyna zerurlyk bar. Şeýle desgalaryň özüne düşýän gymmaty metro liniýasynyň gurluşygyndan ep-esli arzandyr.
Synag hökmünde taýýarlanan asma demirýoly arkaly otly sagatda 80 kilometr tizlikde hereket edýär. Birnäçe synagdan soňra bu demirýol liniýasynyň uzynlygy 7,5 kilometre ýetirilip, onuň tizligi bolsa sagatda 120 kilometre ýetiriler.