Gülhan
14.08.2022 00:39
...Şol diýip
Ýüz ýigit düşüpdi yşka,
Gyz bolsa birine beripdi göwün.
Toýda Tutuş oba gülüpdi... Ýöne
Togsan dokuz ýigit Aglapdam şo gün...

Şeýdip oba gyzy bolupdy gelin...
...Gelinlik has beter artdyrdy görkün.
Goşa egni göýä terezi kimin
Üstünde deň saklap gözellik ýükün,

Görk bilen Akyly ölçeýän ýaly
Des-deň bolup durdy (Kän-kän eginler
Taý getirip bilmän şol iki ýüki,
Ýeňil tarapyna bökýar kä günler).

Ýaşyl ketenili dim-dik eginler,
Keteniň üstünden gögerçin gyňaç –
Şowurdap işikden toýa geçende,
Eneler diýerdi: «Şuň ýaly agaç,
Gök ýaprakly agaç, saýaly agaç
Meniň balama-da salsyn-da saýa!»
Ol bolsa ýuwaşja ýylgyrýandyr-da,
Uz basyp barýandyr Toý tutýan jaýa.

«Öwülýän-ow»... diýip gark bolmaz oýa.
Gümradyr öz küýi, öz işi bilen.
(Oň bilen müň kişi gümradyr welin,
Ol gümradyr diňe
Bir kişi bilen...)

Biri iliň-günüň alkyşy bilen
Garramajak bolsa, şol sona gelin
Garramaly däldi. Emma elli güýz
Oňa elli ýerden urupdyr elin.

Kakypdyr ýapragyn, döküpdir gülün.
Diňe gözlerinden çen etdim gelni.
...Seniň häsiýetiňe belet men, Wagt,
Ýöne Senden bir zat sorasym geldi:

Teý bolmanda,
Käte, Şuň ýaly gelni
Gorap bileňokmy ýel-guzdan, posdan?
Näme üçin Saňa Gözellik bolsun,
Ha Bedroýlyk bolsun – hemmesi des-deň?

– Des-deň däldir!
(Güňlenç seslendi Wagt):
Men hem Gözelligiň aşygy, ogul.
Ýöne... borjum şeýle...
Wagtyň gözünden
Ýere tütäp gaçdy bir tokga nogul.
Ýalançy nogulmy?
Ýa çynçy nogul?
Çynçy! Ýalançy zat tütärmi eýsem.
...Sen hem-ä talaýaň, hemem lowlaýaň...
Jellatmyň, şahyrmyň –
Aýtsana, kim Sen?

Kerim Gurbannepesow.
20
166
Gülhan
15 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, ;)
gulshatayewa97
14 Awgust 2022
Şu goşgyny tapman ýördüm
alisherxon
14 Awgust 2022
👍👍👍👍👍🔥🔥🔥🔥Kerim aga 👍
wolf
14 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Dusia
14 Awgust 2022
😐😑 hemme zat gutarýaraý 👍👏
ylham_gurbanaly
14 Awgust 2022
Ah Kerim aga... Gaty gowy ýazlan
RuníA
14 Awgust 2022
Archi,menmi hehe... Arasynda şahyr bolan bolýan,ýazda dogulybam güýzi söýýän. Oýun edyan :) elbetde beýik şahyrlar bilen özümi deňemerin
Gülhan
14 Awgust 2022
Bitter, iki barmak mañlaýynda yerläni alar💐
Archi
14 Awgust 2022
Iň gowy görýän şahyrym....ýazda doglup güýzi söýen şahyr...
ArslanYazly
14 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.