Archi
14.08.2022 00:28
Wawilonly düýe söwdagäri (Dowamy)


Iki ýyllap kerwende düýe idiji bolup, güzap baryny gördüm. Şol ýerde-de çöl içinde entäp, ýaragsyz-goragsyz geçip barýan kerwenleri aňtap ýören talaňçylara duşdum. Wah, maňa gelişjek pişe däldi, kakam maňa beýle terbiýe-de bermändi. Ýöne şol günler dünýäni dürli reňkli aýnadan görýän ekenim, näderejede pese düşenime-de düşünmändirin.
Birinji nyşana alan kerwenimiz gowy olja boldy. Altyn, ýüpek ýaly gymmatbaha harytlardan gönendik. Alan oljamyzy Ginire eltip paýlaşdyk, saga-çepe sowduk.
Ikinji talaň tamamyzy tala daňdy. Çozup ýetişmänkäk kerwenden muzduny alyp, gorap barýan ýerli taýpaň baştutanynyň nökerleri atlarynyň başyny bize tarap öwürdiler. Iki sany öňbaşçymyzyň birini apardylar, galanlarymyzy bolsa Damaska eltip, geýim-gejimimizi sypyryp, gul edip satdylar.
Meni siriýaly bir çarwa taýpanyň kethudasy iki kümüş pula satyn aldy. Saçym syrylan, lybasym diňe uýat ýerimi örtüp dur, daş görnüşimde beýleki gullardan parhym ýokdy. Şol wagt gamsyz ýaşlygyň ýelginine berlip, bu zatlara gyzykly başdangeçirme hökmünde seredipdim. Emma bir gün hojaýyn meni dört aýalynyň öňüne agta hökmünde alsaňyz diýip eltende, görmeli görgülerimiň oýun däldigine akyl ýetirdim.
Çykgynsyz ýagdaýda galdym. Ol çarwa taýpasy juda wagşy hem söweşsöýerdi. Erkim-ygtyýarym olaryň elinde, ýapyşara ne ýaragym, gaçara ne ýagdaýym bar.
Gorkudan ýaňa ysgyn-mydarym gidip, zordan aýak üstünde durdum. Ol aýallar bolsa göýä meni görmeýän ýaly biperwaýdylar. Maňa nebsiagyryjylyk etmeklerine bil baglara umydym ýok. Uly aýaly Siranyň beýlekilerden uludygy görnüp durdy. Ol maňa seredende bakyşyndan hiç zat çaklap bilmedim. Dözümsizlik etjege meňzänok. Ikinji aýaly ulumsy hem owadandy. Ol maňa batgada ýatan gurçuga bakýan kimin, gözüniň gyýtagyny aýlady. Iki ýaş aýaly bolsa durman kikirdeşýärdiler.
Kysmatyma kaýyl bolup, nä karara gelerkäler diýip aýak üstünde durşuma magşar güni golaýlandyr öýtdüm. Aýallaryň bary-da netijä gelmegi beýlekilere goýmaga meýilli ýaly görünýärdi. Ahyry Sira göwünli-göwünsiz dillendi:
— Agtalar ýeterlik, düýe idijiler welin az, bolanlary-da iş oňaranok. Men şu gün ýarawsyz ejemi soramaga gitjekdim, düýe ynanar ýaly ýeke hyzmatkärem ýok. Guldan sora, düýe idedip, idip gördümikä bi?
— Düýe bakyp gördüňmi? – diýip, hojaýyn menden sorady.
— Men düýeleri dyza çökeribem, howutlabam bilýän, ýadatman uzak menzil aşyrybam bilýän. Eger zerurlyk bolsa, kesellerinem beje-rip bilýän.
Hojaýyn:
— Bu guluň agzyna jaň dakylan ýaly eken. Gerek bolsa düýe idiji edip alaý, Sira – diýdi.
Şeýdip men Siranyň ygtyýaryna geçdim. Hut şol günem men onuň düýesini idip, hassa ýatan ejesinden habar almaga uzak ýola rowana bolduk. Mümkinçilikden peýdalanyp, oňa kysmatymyň has keç bolmagyndan halas edendigi üçin minnetdarlyk bildirdim hem-de gul bolup dogulmandygymy, erkin adamyň, Wawilonyň hormatlanylýan ussasynyň ogludygymy gürrüň berdim. Emma onuň jogaby meni alasarmyk hala saldy:
— Ejizligiň zerarly şu güne düşen halyňa, nädip özüňi erkin adamyň ogly hasap edýärsiň? Edil suwuň pese akyşy ýaly, eger adamyň içinde guluň ruhy ýaşaýan bolsa, doglanynda nähilidigine garamazdan, ol hökman şol güne düşer. Eger sende erkin adamyň ruhy bolan bolsa, ykbalyň çarkandakly kötellerine düşmän, öz şäheriňizde hormat-sylaga, abraýa eýe bolardyň.
Gul bolup ýörenime bir ýyl gowrak bolupdy, beýleki gullar bilen bir ýerde ýatýardym, emma olara goşulyşyp bilmedim. Bir gün Sira maňa şeýle sorag berdi:
— Beýleki gullar boş wagtlary bir-biri bilen gürrüňleşip oturýarka sen näme üçin ýeke özüň çadyrdan çykman otyrsyň?
— Men hemişe seniň aýdan zadyň hakda pikir edýärin – diýdim. — Mende guluň ruhy ýok. Olar bilen bir ýerde oturyp bilmeýänligim üçin ýeke bolýaryn.
— Menem ýeke özüm oturýan. Hojaýyn maňa emlägim, mal-mülküm köp bolansoň öýlendi. Ol meni söýmedi. Ýöne her zenanam söýülmek isleýär. Söýülmedim. Şonuň üçin oglumam, gyzymam ýok, özümi ýalňyz duýýan, ýeke oturýaryn. Wah, erkek bolan bolsam, gulçulygy ýok ederdim, ýöne biziň taýpamyzyň däbi bizi gyrnak bolmaga mejbur edýär.
— Men hakda indi näme pikir edýärsiň? – diýip soradym. — Mende nähili adamyň ruhy bar — erkin adamyňkymy ýa guluňkymy?
— Sen Wawilondaky bergileriňi üzmek isleýäňmi? – diýip, soragyma sorag bilen jogap berdi.
— Hawa, niýetimde bar, ýöne mümkinçili-gim ýok.
— Şunça ýyl geçensoňam synanyşmadyk bolsaň, onda sende hakykatdanam guluň ruhy ýaşaýar. Erkek kişi özüne hormat goýmaly. Eýsem, bergisini bermeýän kişini hormatlap bolarmy?
— Men näme edeýin? Men Siriýada oturan gul.
— Otur onda Siriýada gul bol-da, nalajedeýin.
— Men nalajedeýin däl – diýip, gyzaryldym.
— Subut et.
— Nädip?
— Eýsem seniň patyşaň duşmanlar bilen islendik usuly ulanyp, mümkin derejede söweşmeýärmi? Seniň duşmanlaryň — bu seniň bergileriň. Olar seni Wawilondan çykaryp kowdular. Olar senden has rüstem, has güýçli. Eger sen olar bilen erkek ýaly söweşen bolsaň, öz ildeşleriň arasynda abraýly adam bolardyň.
Şondan soň çetime degen bu sözler barada köp pikirlendim, içimden öz-özümi aklap, men gul däl diýip, birgiden zatlary diýişdirdim. Emma Siranyň ýüzüne aýdara ýagdaýym ýokdy. Üç günden soň onuň çorusy gelip, «Sizi bikäm çagyrýar» diýdi.
— Ejem ýene ýaranok. Ärimiň sürüsinden iň gowy iki sany düýäni al-da, howutlap ýola taýýarla. Suwly küýzeleri, alys ýol üçin horjunlary bökder. Çory saňa azyk-owkat berer.
Düýeleri howutlap, hataplary berkidýärkäm, çorynyň salyşdyran zatlaryny görüp geň galdym. Sebäbi bikämiň ejesiniň öýi bir günlük menzildedi. Çory yzky düýäň üstünde otyrdy, men bikämiň düýesiniň owsaryndan tutup, idip barýardym. Barmaly ýerimize ýetenimizde eýýäm iňrik garalypdy. Sira çorusyny ejesiniň öýüne tarap ötürip, maňa sowal berdi:
— Dabasir, sende erkin adamyň ruhy ýaşaýarmy ýa-da guluň?
— Erkin adamyň – diýip, jogap berdim.
— Muny subut etmäge seniň mümkinçiligiň bar. Seniň hojaýynyň meýmes bolup ýatyr, hyzmatkärleri-de gaty ýalta. Şu düýeleri al-da, gaç. Ine, şu horjunda hojaýynyň eşikleri bardyr, tüýsüňi üýtget. Men ejemi soramaga giremde gaçyp gidipdir diýerin.
— Sende şa zenanynyň kalby bar. Bagtyň bolsun!
— Ýat ýerlerde öýünden tezip ýören aýalyň nähili bagty bolsun? Ýola düş, ýol uzakdyr. Çölde ne nan, ne suw bardyr, çölüň ýagşyzadalary seni gorasyn-da!
Meni yrmak üçin köp wagt gerek bolmady. Ýüregim bilen alkyş aýtdym-da, garaňky gijä siňip gitdim. Ýurda näbelet bolamsoň, Wawilonyň haýsy tarapdadygynam anyk bilemokdym. Ýöne aňňat-aňňat çägeleriň arasyndan batyrgaýlyk bilen ýol aşyp ugradym. Men düýeleriň birine münüp, beýlekisini yzyma tirkedim. Uzak gije ýöredim. Ertesi günem hojaýynynyň malyny ogurlap, gaçmak islän guluň takdyrynyň nähili boljakdygy hakdaky pikir günüme goýmady.
Ertesi agşam adam aýagy sekmedik daglyk bir ýere ýetdim. Gyýçak-gyýçak daşlar düýeleriň dabanyny ýaralady, olar zoraýakdan mytdyllaşyp barýardy. Yns-jyns ýok.
Beýle ýolda aman galjak adam az-azdyr. Gün geçdigiçe ýol aşmak kynlaşdy. Azyk-owkat, nan-suw gutardy. Günem depäňi deşip gelýär. Dokuzynjy gün agşamara düýeden düşemsoň, indi münüp bilmejegime gözüm ýetdi, yns-jynssyz çölde ölüp galmaly bolaýdym öýdýän diýdim.
Çägäň üstünde süýndim-de, uka gitdim. Meni säher bilen Gün şöhleleri oýardy.
Başymy galdyryp, töwerege seretdim. Säheriň howasy süňňüme birneme serginlik çaýdy. Düýeler aňyrrakda sarsman otyrlar. Maýda daşlaryň, kä ýerdäki ýykylyp ýatan guran tikenli ösümlikleriň üstünden çäge tozap dur. Suwuň ysam ýok, yzgaram. Ne adama, ne düýä çeýnäre çöp bar.
Çölüň içinde ölüp galaýarmykam? Aklym şeýle bir düşnükli işleýärdi welin, owalda-ahyrda beýle pikirlenip görmändim, bedenim bolsa göwnüme, göýä, hiç zady aňlatmaýan ýalydy. Teşnelikden gaýzygan, ýaryk-ýaryk dodagym, gurap çişen dilim, hepbik ýaly aşgazanym — hiç biri hiç zady aňladanokdy.
Men ýene alysa göz dikip, öz-özüme sowal berdim: «Mende nähili ruh ýaşaýarka, erkin adamyňkymyka ýa guluňkymy?» Birdenem aklyma şeýle pikir doldy: içimde gul bar bolsa, men takdyryma ten berip, çölde ýatyp, ölüp galaryn. Gaçyp gaýdan gula mynasyp ölüm.
Eger mende erkin adamyň ruhy bar bolsa, onda Wawilona gidýän ýoly tapmaly, maňa ynanan adamlara bergilerimi bermeli, meni söýýän aýalymy görmeli, dogan-garyndaşlarymy ynjaltmaly.
«Seniň duşmanlaryň — bu seniň bergileriň. Olar seni Wawilondan çykaryp kowdular» Sira maňa şeýle diýipdi. Ol mamla. Men näme üçin erkek adam ýaly goranmadymkam? Näme üçin aýalymyň atasy öýüne gitmegine ýol berdimkäm?
Şol pursatda täsin hala uçradym. Tutuş dünýäň reňki üýtgäp giden ýaly boldy. Şol pursata çenli, göýä, dünýä reňkli aýnaň aňrysyndan sereden ýaly, indi bolsa gözüm açylan ýaly boldum. Men birdenkä durmuşyň hakyky manysyny, gymmatyny gördüm.
Çölde ölmelimi? Ýok, beýdip bolmaz. Men näme etmelidigime düşündim. Birinji bitirmeli işim — Wawilona dolanyp, bergilerimi bermeli. Köp ýyllyk kösenjimden, sergezdanlygymdan soň olara bergilerimi bermäge gelenimi aýtmaly. Soň aýalyma jaý gurup bermeli, enem-atam buýsanar ýaly, şäheriň abraýly-sylagly ýaşaýjy-sy bolmaly.
Meniň bergilerim meniň duşmanym eken, emma menden algydarlar dostum eken, sebäbi olar maňa ynanyp pul beripdirler.
Men ýuwaşlyk bilen aýaga galdym. Açlygyma-da, suwsuzlygyma-da üns bermedim. Olar maňa Wawilona ýetmäge päsgel berip bilmezler. Mende duşmanlary bilen söweşmäge hem dostlaryny dolamaga gelýän erkin adamyň ruhy ýaşaýar.
Gyryk sesimden täze sözleri eşiden düýelerimiň gözleri lowurdap gitdi. Birnäçe gezek synanyşansoň, zordan ýerlerinden turdylar-da, demirgazyga tarap ýörediler. Menem «Wawilon şu tarapda bolsa gerek» diýip, içimden pikir edip barýardym.
Ahyry suwuň üstünden bardyk. Otlaryň gök öwüsýän, miweli agaçlaryň gür ýerine-de ýetdik. Biz Wawilona barýan ýolu-da tapdyk, sebäbi erkin adamyň ruhy durmuşyň gezekli-gezegine çözülmeli meselelerden düzülendigini görýär hem olary çözýär. Guluň ruhy bolsa: «Men gul bolsam dagy nädeýin?» diýip nalaýar.
Tarkad, sen nähili pikir edýäň? Boş garnyňa gowy pikirlenip bolýarmy? Senem öz hormatyňa barýan ýoly gözläsiň gelenokmy? Dünýäni öz hakyky reňkinde görüp bilermiň? Bergileriňi berip, ýene-de Wawilonyň hormatly adamy bolasyň gelýärmi?
Ýetginjegiň owasy ýaşdan doldy.
— Sen maňa täze durmuşy görkezdiň. Men indi özümde erkin adamyň ruhunyň ýaşaýandygyny duýýan.
— Dabasir, sen gelip näme etdiň onsoň – diýip, diňläp oturanlaryň biri sorady.
— Maksat bar ýerinde, ýol hem tapylar – diýip, jogap berdi. — Birinjiden, men algydarlarymyň ýanyna ýekän-ýekän aýlanyp, gazanyp üzýänçäm, biraz sabyr etmegi haýyş etdim. Olaryň köpüsi hoşamaýlyk bilen garşy aldylar. Ýüzümi alanlaram bar, ýöne aglabasynyň kömek edesi geldi. Olaryň biri has mätäç zadym boýunça kömek etdi. Ol üsseçi Matondy. Siriýada düýe idiji bolanymy eşidip, ol meni düýe söwdagäri Nebaturyň ýanyna ugratdy. Şol günlerde patyşa oňa harby ýöriş üçin güýçli hem sagdyn düýelerden uly sürini ýygnamagy buýran eken. Sarman bolup, düýe tanaýşym bähbit boldy. Tiz wagtdan bergilerimiň iň soňky mis şaýlygyna çenli üzdüm. Şondan soň başymy dik tutup, adamlaryň arasynda özümi arkaýyn duýup başladym.
Dabasir ýene tabaga tarap egildi.
— Kauskor, nähili adam-ow sen, paňkelle diýsänim – diýip gygyrdy. — Nahar buz bolupdyr-a. Bar, aşhanadan gyzgynyny getir. Köne dostumyň ogly Tarkada hem uly jama guýup getir. Bu-da aç, biz bile naharlanjak bolýas.
Gadymy Wawilonly düýe söwdagäri Dabasiriň gürrüňi şu ýerde tamam bolýar. Ol özünden has ir ötüp geçen paýhasly adamlaryň akyl ýetiren hem peýdalanan beýik hakykatyna düşünensoň täze bir ruha eýe boldy.
Bu hakykat asyrlarboýy adamlary kynçylykdan çykaryp, üstünlige ýetirdi. Adamlar onuň jadylaýjy güýjüne ynanýarka, bu hemişe şeýle-de bolar:
////////////////////////////////////////////////////////
MAKSAT BAR ÝERINDE, ÝOL HEM TAPYLAR
////////////////////////////////////////////////////////
9
31
Archi
16 Awgust 2022
cinderella_,Resul06, minnetdar

cinderella_,Resul06, minnetdar
wolf
14 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.