Gaýmorit, burun boşlugynyň töwereginde howa bilen doldurylan jübüler hökmünde taryp edip boljak sinuslaryň ýokançlygydyr. Sinuslar, adaty şertlerde dem alýan howamyzy çyglandyrýan we gyzdyrýan gurluşlardyr.
Gaýmorit köplenç dümewden ýa-da allergiýadan soň ýüze çykýar we wagt taýdan 4 görnüşi bar:
Ýiti gaýmorit:
4 hepdeden az dowam edýän gaýmoritlerdir.
Ýarym ýiti gaýmorit:
Şeýle ýokançlyklaryň alamatlary 4-8 hepde dowam edýär we ilkinji etapda bejergä jogap berip bilmeýär. Gaýmoritiñ ýitiligi ýiti we dowamly arasynda üýtgeýär.
Hroniki gaýmorit:
Degişli bejergä garamazdan 6-8 hepdäniň dowamynda şikaýatlarynda yza gaýdyş we gowlaşma bolmaýar.
Gaýtalanýan gaýmorit:
Bir ýylda 3 ýa-da has köp ýiti gaýmorit ýüze çyksa, oña gaýtalanýan gaýmorit diýilýär.
Gaýmorit, dümew ýaly ýokary dem alyş ýollarynyň infeksiýalaryndan soň hem bolýar. Bu ýokançlyklaryñ dowamynda burnuň içini ýapýan mukoza çişýär we netijede sinuslaryň burun boşlugyna açylmagyna böwet döreýär.
Ýokarky dem alyş ýollarynyñ infeksiýalary bilen bir hatarda, allergiýa hem mukozanyň çişmegine we şuňa meňzeş ulgam arkaly has köp mukus öndürmegine sebäp bolýar, şeýlelik bilen sinusyň açylmagyna böwet döreýär.
Gaýmoritiñ döremegine sebäp bolup biljek beýleki şertlere şular girýär:
Burun gurluşynda näsazlyklar;
Giñän adenoidler (nazofarinks);
Suwa çümmek we ýüzmek;
Diş infeksiýalary we bejerginiň gaýraüzülmeleri;
Burun şikesleri;
Burunda galan keseki maddalar;
Çilim we çilim tüssesi;
Sinuslaryň burun boşlugyna açylmagyna böwet bolýan şeýle ýagdaýlarda sinuslaryň içi bakteriýalar we wiruslar üçin amatly ýer bolýar. Bu bakteriýa ýa-da wiruslar sinuslaryň içinde ýokançlyk döredýär we gaýmorit döredýär. Gaýmoritiñ döremegine sebäp bolýan bakteriýalar we wiruslar ýokarky dem alyş ýollarynyň infeksiýalarynda hem duş gelýär.
Alamatlary:
Gaýmoritiň alamatlary ýaşa görä üýtgäp bilse-de, esasan aşakdaky alamatlar ýüze çykyp biler:
Burun akmagy 7-10 günden gowrak dowam etmegi;
Üsgülewük;
Göz töwereginde çiş;
Burnuň akmagy;
Kelle agyry;
Ýüz agyry;
Agyz ysynyñ ýaramazlaşmagy;
Gyzzyrma;
Gulaklarda dolulyk duýgusy;
Ys duýgusynyñ peselmegi;
Diagnostiki usullar:
Gaýmorit diagnozyny lukmanyň arz-şikaýatlaryna baha bermek we gözden geçirmek arkaly amala aşyryp bolar. Mundan başga-da, lukmanyňyz aşakdaky ýaly barlaglary talap edip biler:
Rentgen;
Kompýuter tomografiýa (KT);
Gan barlagy;
Bejergi usullary:
Gaýmoritiñ bejergisi näsagyñ ýaşyna, ýüze çykyş sebäbine, haýsy wirus ýa-da bakteriýa sebäpli döränligine baglylykda üýtgeýär.
Lukmanyñyz burun dykylmagyny aýyrmak üçin burun spreýlerini we ýuwmak ýaly usullar bilen bilelikde kelle agyryny we ýüz agyrysyny aýyrmak üçin analgezikler hem ulanyp biler. Bulardan başga-da, antibiotikler bakterial gelip çykyşly hasaplanýan gaýmoriti bejermekde ulanylyp bilner, wirusly diýlip hasaplanýan gaýmoritlerde bularyň zerur bolmazlygy mümkin.
Lukmanyňyz tarapyndan geçirilen barlaglaryñ netijesinde, hroniki ýa-da gaýtalanýan gaýmorit üçin allergist ýa-da immunolog lukmanyna gönükdirip biler.
Käbir hroniki ýagdaýlarda bejerginiň görnüşi hökmünde hirurgiki amallar hödürlenip bilner.