orhideya_
13.08.2022 20:06
EJEME

Huzuryňda boýnum buruk, mähriban,
Eziz käbäm, ýeňletsene dertlerim!
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýtdi-le
Durmuş
çekerimden agyr dert berip.

Bokurdagym dolup geldim ýanyňa,
Aýyplaşma didelemden ýaş aksa.
Men düşünýän, ýazygym kän sanardan,
Ýöne senem düşün, käbäm,
Ýaşlyk-da!..

Dünýäm apy-tupan bolup elenýär,
Ýol-ýodany saýgaramok, ümür kän.
Çynym, halys bezgek boldum,
Bu ömür
şeýdip näçe wagt ýaşaljak ömürkä?

Höweslerim dagap gitdi birmahal,
Birçak tapdan düşdi süýji arzuwlar.
Giç bolsa-da, ahyr menem düşündim,
Bildim, ýok ekeni güýji arzuwlaň.

Bimany günlerden geçip dur göwnüm,
Günälermi ötewersin ýaşlygym.
Eje, ine, şu zatlardan ötri men
Birwagt gülen gözlerimi ýaşladym.

Ýöne, şükür, umyt gülüm solanok,
Durmuş näçe örtese-de dert berip...
Ak başyňa gurban, kalbyňa gurban,
Käbäm, biraz saýpallady dertlerim...

Sapa HOMMADOW
11
67
alisherxon
13 Awgust 2022
Birwagt gülen gözlerimi ýaşladym... 👍👍👍👍🔥🔥🔥
gulshatayewa97
13 Awgust 2022
Sapa gowy goşgylar ýazýa 👏👏👏
wolf
13 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
jemal_seyitniyazowa
13 Awgust 2022
Ýöne, senem düşün käbäm ýaşlykda!..👏🏻
TKM..
13 Awgust 2022
Günälermi ötewersin ýaşlygym

Sapa Sapa beydibem ýüzüme basmada goshgysy dash bolupdyr
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.