MissBoss♕
13.08.2022 13:49
Maslahatyn dogry biçip ýörmäne
Ejizlänim görejimden görmäne
Halyn sorap,salam üçin örmäne
Gollarym tutmana kakam bolsady...

Üşänimde possunyny bermäne
Mähir küýsänimde gujak germäne
Kemsinipler dönenimde armana
Dadyma ýetmäne kakam bolsady...

Durmuşymda dagym bolup durmana
Sözin eşits mätäç günüm dermana
Dostsuz galanymda söhbet gurmana
Ak ýola gitmäne kakam bolsady...


Çal saçlaryn çalyşmazdym harmana
Kakamy ber gel sen ykbal urmana
Taýynyñ men ellerimi sermäne
Duzumy datmana kakam bolsady...
15
88
Myhman Myhman
16 Awgust 2022
salam
MissBoss♕
13 Awgust 2022
♤°•°•°Nusga°•°•°♤,Nurmyradovna_a,elbetde🥰
Nurmyradovna_a
13 Awgust 2022
Kakamjanyň ýerini hiç kim tutup bilmez💚💚💚🥰🥰🥰
jemal_seyitniyazowa
13 Awgust 2022
Kakamm❤❤❤
MissBoss♕
13 Awgust 2022
Melikee,🥀🥀🥀🥀👍🏻
wolf
13 Awgust 2022
Melikee,dogry👍
Melikee
13 Awgust 2022
Kakada şeýle bir mukaddeslik bar,
Patasyn almadyk çölde eziler.
Perzentlerini eklän kakalar hakda,
Näme üçin az goşgular ýazylýar.

Kakada bar ýürek daglary ýarar.
Bize görünsede şeýle gaharly.
Gaharyň içinde gizlenen ýürek,
Bu dünýäde ähli zatdan mähirli.

Ýamandan gowudyr nämede bolsa,
Dirikä ol seniň barlyk baryňdyr.
Kakasyny sylan ýaradan sylar,
Kakaň bu durmuşda arkadagyňdyr..🌺


#:?
alisherxon
13 Awgust 2022
👍👍👍🔥🔥🔥👍👍👍
MissBoss♕
13 Awgust 2022
Resul06,Милая.G,cinderella_,🥺☹️
Милая.G
13 Awgust 2022
🥺🥺👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.