ylham_gurbanaly
13.08.2022 13:49
Kaktus ýaly kök taşladym,
Ýandak ýaly gülledim men...
Barybir sen tiken diýdiň,
Güllerimi görmediň sen...
Görmediň sen geljegimi
Görmediň sen geljegiňi
Çigit ýaly umyt berseň,
Kynçylyklar yeňjegimi
Görmediň sen söýjegiňi
Söýmän gussa gömjegiňi
Irden jan alýan bedeniň,
Agşamlarna öljegini...
Bilmediň sen! (bolan boldy)
...Yşk depderi garalandy
Dünýäm şeýdip hapalandy
Arzuwlarym çapalandy
Entek ýaňy uçuş etdi,
Ganatyndan ýaralandy
Ahmyr çekdi - gözün ýaşlap,
Bir aýylganç seda boldy...
Ölmänkäler ýetiş dada,
Birje gelip gidäý boldy.
Dalda gözläp ýakyn-ýatdan,
Bilseň, umyt geda boldy
Çydam etmän pida boldy
Emma muny bilmediň sen...
Ýasyna-da gelmediň sen...
...Şeýdip şolaň ýasyn sowup,
Ýatlamany gyrçap, orup
Hiç kime aýtman toý etdim,
Ses ýetenden zowlandyryp,
Keçpelegi ýaňlandyryp,
Ak öýländen ertir daňa
Bulanyplar tans oýnadym,
Şadyhorram böküp çaňa
Pozup ykbalyň kartasyn,
Örtüp üste gam kürtesin
(Örtese hijran örtesin)
Gussa gelin boldy maňa
Indäm alan gelnim bilen,
Her gün toýy belledim men...
...Kaktus ýaly kök taşladym,
Ýandak ýaly gülledim men...
Arman, muny görmediň sen...


Ylham GURBANALYÝEW
13
138
ylham_gurbanaly
14 Awgust 2022
Милая.G, Salam. 1-njä düşünmedim. Ýok, lebaply, daşoguzlam bar.
Милая.G
14 Awgust 2022
YGurbanaly23,😂😂😂tapamoga aytsamyzam yasayan yeenizi

Hmm,dasoguzlymy tanslarnyzam
Gülhan
14 Awgust 2022
Bitter, ay bolyada)
Gülhan
14 Awgust 2022
Bitter, Baby dp girýädin öýtýän blmedim öñküler gelse derrew tanaýan mena
ylham_gurbanaly
14 Awgust 2022
Bitter, aý, bolya, gözel göwnüňiz!
Gülhan
14 Awgust 2022
Bitter, tanadm howwa
Gülhan
14 Awgust 2022
Bitter, Öñem giren bolsañ, Merjenmikäñ sen 🤔?
ylham_gurbanaly
14 Awgust 2022
Bitter, tanalyp ertir gazede çykasyňyz ýok)

alisherxon, aha)
alisherxon
13 Awgust 2022
YGurbanaly23, ak altynnanmy men andalypdan
ylham_gurbanaly
13 Awgust 2022
Bitter, 4 ýyl bolup gelýa agza bolanyma, ondan öňem myhmandym) Öwrenmeli ba, menem ba) Haýsynda? Täze transport men.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.