Archi
13.08.2022 00:08
Wawilonly düýe söwdagäri

Açlyk duýgusy näçe ýiti boldugyça kelle şonça dury işleýän eken, naharyň ysy dagy janyňy alyp gelýär.
Azuryň ogly Tarkad muňa magat göz ýetirdi. Biriniň bagyndan iki sany injir ýoldy diýäýmeseň, eýýäm iki gün bäri agzyna bir owuntygam çörek alanok. Iki injirden artyk ýolubam ýetişmedi. Garasöýmez öý bikesi öýüň gapysyny jarkyldadyp serpip çykdy-da, gykylyklap, ony köçäň ugry bilen kowalady. Bazaryň içine girende-de injir eýesiniň sesi yzyndan galman, gulagyny kamata getiriberdi. Satyjylaryň sebedindäki ter miwelere el uraýmaýyn diýip, titräp duran barmaklaryny zordan saklady.
Wawilonyň bazaryna beýle köp azyk önümleriniň, tagamlaryň getirilýändigi, olaryň ysynyň şeýle ýakymlydygy hakda ozal hiç haçan pikirem etmändi. Ol bazaryň içinden geçip, myhmanhanaň girelgesinde ikiýana gezmeläp başlady. Iň bolmanda mis şaýlyk sorar ýaly, tanyş-biliş gabat geläýer öýdüp umyt etdi. Ýüzi gamaşyp duran derwezebany ýylgyrdyp, garbanyşhanada garnyny göjedip biljek zat diňe mis şaýlykdy. Jübiň bilbiliň ketegi ýaly bolsa, garbanyşhanada ýüzüňe seredýän adam ýok.
Pikir laýyna batyp durka, duşasy gelmeýän garynlak algydary, düýe söwdagäri Dabasir pete-pet gabat geldi. Üzülmeli möhleti bireýýäm geçen bergisini bererin diýip ýörenine-de eslije wagt bolupdy.
Dabasir begençli dillendi:
— Baý-ba, Tarkad, bu senmi asyl?
— Men şu wagt bir aý öňki alan iki sany mis şaýlygyňy, ondan has öň alan bir akja kümüşiňi haçan getirerkäň diýip pikir edip barýardym. Gabat geleniň gowy bolaýdy. Edil häzir pul gerek bolup dur. Ýeri, näme diýersiň?
Tarkadyň ýüzi lap-lap gyzdy. Dili gijäp duran Dabasir bilen aç garnyna dawalaşmaga ysgyn-mejaly ýokdy.
— Bagyşlaweri – diýip sakawlady.
— Şu wagt ýanymda bergimi berer ýaly mis şaýlygam, kümüş pulam ýok.
— Bir ýerden alaý, näme – diýip, Dabasir gidere maý bermedi. Kyn günüňde kömek eden kakaň dostuna berer ýaly, iki mis şaýlyk bilen bir kümüş alar ýaly adam bardyr-a.
— Ýok. Edenim ugruna bolanok. Meni mydama betbagtlyk yzarlaýar.
— Betbagtlyk! Öz ýalňyşlygyň üçin, Hudaýy ýazgarma. Betbagtlyk alan puluny yzyna gaýtarmagyň pikirini etmän, diňe kimdir birinden pul almagyň kül-külüne düşüp ýöreni yzarlaýandyr. Hany, ýör, men gaty aç, nahar iýýänçäm ýanymda otur. Men saňa bir wakany gürrüň beresim gelýär.
Dabasiriň gönümelligi Tarkada ot bolup basyldy. Ýöne nätsin, şu wagt garbanyşhanaň bosagasyndan ätlemäge ýeke sebäp Dabasiriň çakylygydy.
Olar içeri girip, tördäki kiçeňräk halyçaň üstüne çökdüler. Garbanyşhanaň eýesi Kauskor ýylgyrjaklap, gol gowşuryp gelende, Dabasir edähedine görä ýüzlendi:
— Ýeri-how, çişik çöl hažžygy! Maňa gowy bişirilen goýun buduny getir. Hawa, çörek bilen gök-sögem köpräk al, içim eljuk diýýär, juda ajykdym. Wi, bu dostumam ýadyňdan çykarma. Bir küýze sowuk suw alaý oňa-da. Bu gün howa gaty yssy.
Tarkadyň ýüregi gürsüldäp ugrady. Dabasir goýun buduny symyşlaýarka, oňa seredip, gyllygyny akdyryp oturmaly bolaýarmyka indi? Tarkad hiç zat gürlemedi. Gürläýin diýende-de, diline söz geljek däldi.
Dabasir hiç haçanam uzak dymýan adam däl. Ol garbanyşhanaň içinde oturan tanyşlary bilen salamlaşýan äheňde ýylgyryp töweregine göz aýlap, elini galdyrdy.
— Urfadan dolanyp gelen jahankeşdeler daşyň aňrysy görnüp duran şekilde ýukajyk ýonmagy buýran bir baý adam barada gürrüň beripdiler. Ol şol ýukajyk daşy öýüne ýagyş urmaz ýaly, penjiresine goýupdyr. Şol aňrysy görünýän ýuka daşyň reňki sarymyşyn, şondan seredeniňde dünýä täsin reňkde görünýärmişin. Nähili pikir edýäň, Tarkad? Tutuş dünýä başga reňkde bolup biläýýärmikä?
Dabasiriň öňündäki ýagy akyp duran goýun budundan gözüni aýyrman oturan ýetginjek:
— Hemme zat bolup biler – diýdi.
— Men şonuň şeýledigine anyk gözüm ýetýär. Sebäbi özümem dünýäni başga reňkde synlap görüpdim. Gürrüň berjek wakamam dünýäni nädip ýene öňki durkunda görşüm barada bolar.
Töwerekde oturanlar:
— Dabasir bir zat gürrüň berjek bolýar – diýşip, halyçalaryny goltuklap golaý-golaý süýşdüler. Beýleki oturanlaram gäwüşemegini goýup, garbanyşhanaň içinde aý berip oturdylar. Adamlaryň elinde kileň ýary gemrilen süňk bar. Diňe Tarkad naharsyz otyr. Dabasir oňa iýip oturan ýahnasyndan hödür etmedi, hatda saçakdan ýere gaçan bir döwüm çöregi-de uzatmady.
— Bu waka oglan döwrüm bolupdy – diýip, Dabasir elindäki goýun buduna agyz urdy. — Bu waka meniň nädip düýe söwdagäri bolşum hakynda. Meniň Siriýada gul bolanymy bilýäniňiz barmy araňyzda?
Oturanlar geň galyp, bir-birine seretdiler. Olaryň geňirgenmesine Dabasiriň göwni hoş boldy.
— Men ýaş oglankam… – diýip, ýene bir dişlem et ýolan Dabasir, agzyny şapbyldadyp, sözüne dowam berdi.
— Kakamdan ýonaçylygy öwrenipdim. Ussahanada bile eýer ýasaýardyk. Gazanjymam aýalym ikimize eklenerlik bolýardy. Ýaş, tejribesiz oglanyň gazanjy-da, aňrybaş bol-telki bolmasa-da, nalar ýaly günümiz ýokdy. Alasym gelýän zadym köpdi, ýöne nätjek, mydar etmeli bolýardym. Günleriň bir güni, haçan-da, hasaplaşmaga pulum ýok wagty dükançylaryň karz berýändigi hakda oýlandym.
Ýaş oglankam gazanýan pulundan köp sowýan adamyň birtopar meseläniň, betbagtlygyň üstünden barýandygy barada pikirem etmeýärdim. Men aňryma-bärime seretmän, gazanjymy hasaplaman, gowudan-gowy eşikleri, aýalyma gymmat şaý-sepleri ondan-mundan karz alyp başladym.
Bergilerimi ýagdaýyma görä, başardygymça berişdiremsoň, birbada erbedem däl ýalydy. Soň gazanýan puluma hem eklenip, hem bergilerimi berip bolmajagyna gözüm ýetdi. Algydarlar yzyma düşüp, karz alan zatlarym üçin hasaplaşmagy talap edip ugradylar. Günüm gün däldi. Soň dostlarymdan karz alyp ugradym. Olara-da bergimi berip bilmän kösenerdim. Gün geçdigiçe günüm bulaşýardy. Ahyry aýalym atasy öýüne gitdi. Menem Wawilondan çykyp, rysgymy başga şäherden gözlemäge gitmegi ýüregime düwdüm.

(Dowamy bar)
9
67
Archi
13 Awgust 2022
Resul06,cinderella_, minnetdar
wolf
13 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
Archi
13 Awgust 2022
Okaýjy, dogry aýtýaň, sen hem...
RuníA
13 Awgust 2022
Okaýjy, govy hawa
Myrataly
13 Awgust 2022
Okaýjy, Nirden tapyp bolya kitaby
okayjy
13 Awgust 2022
Wawilonyñ iñ baý adamy !!! 🤔 GOWY KITAP 👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.