Alladan dileseň, saglyk dilegin,
Saglyk bolsun ilki bilen geregiň,
Baylygyň,mal mülkiň,köşk ýaly jaýyn,
Peýdasy nä sag bolmasa seň janyň.
Soňra agzybirlik bolsun dilegiň,
Agzybir bol syla birek-biregiň,
Agzybirlik bolar seniň baş galaň,
Şol bolmasa dargar uly maşgalan.
Hökman dilärsiň sen rysgal döwleti,
Gyssanma hemme zadyň geler möwriti,
,,Huda ýetir"diýip işsiz boş ýatma,
Çalt baýajak bolyp haram iş etme.
Diňe özüne däl hemmäge dile,
Goý allahym ýetirsin birkemsiz güne,
Nalap ýörme şu günüňe şükür et,
Imanyň gazanyp,ertäň pikir et.
Салам дослар хемажанизин ертириниз хайырлы болсун!
Гошгы говнинизе йаран болса
❤ басмагы унутман?