Seni ýatlan çagym, göwnüm açylýar,
Göz öňümde seniň eziz keşbiň bar.
Sagalýan hassalaň ýagdaýy hakda
Gürrüňlerem aýdym bolup eşdilýär.
Ýöne, indi ýatlamaga utanýan,
Göýä biri bakýan ýaly çermegme.
Sen-ä meni küýsäp ýörenem dälsiň,
Mynasyp dälem men üns bermegňe.
Meň yzymda elli gün öň ýapyldy
Giň hem ýagty keselhanaň işigi.
Ýatan çöpem galdyramok bu ýerde,
Bejerýärler öýkenimiň çişini.
Sen bir kesellerden gora özüňi,
Galan ömrüň ýugrulmasyn perýada.
Näsag bolsaň, küreklemek kyn düşer
Gaýygyňy durmuş atly derýada.
Ýeri, bolýar, mähribanym, gynanma,
Janymyz sag, düzüw niýet-pälimiz,
Bolmajak zat barmy ýagty jahanda
Şatlyga-da sataşarys häli biz!