Umman ýaly akyl hem-de paýhas bar,
Hem tejribe her bir geçen düýnünde...
Her kimiň ikinji ene-atasy -
Mugallym bar, her bir käriň düýbünde
******
Isle ylgap gitgin, isle gyrmyldap
Barýarkaň büdreseň turmany başar
Durmuşam her ýeňen kynçylygyňa
Serpaý edip saňa üstünlik goşar
******
Gez diýdiler: göýä güller, agaçlar,
gazlar soňky sapar gelýän mysaly
Ýöne "umydymyň" meýilnamasy-
Gojalykda gezmek, elim hasaly
******
Garybyň agysyn gömmeli boldy
Baýyň daşda gaýnaýarka kah-kahy
Bilbiller oturyp dymmaly boldy
Bagşy bolup saýraýarka jok-joky
******
Bu ömür.
Garaşylmajak öwrüm bar
Käte umytlarmy ýaka bildiler
Garynjany ynjytmajak göwnüm bar
"Kime gerek?" - diýe ýyka bildiler...
Ylham GURBANALYÝEW