ArslanYazly
12.08.2022 13:19
Kitap çagalaryň söz baýlygyny, aň-düşünje, duýgy, ruhy we ahlak taýdan ösdürýän iň möhüm guraldyr. Çagalar kitaplar arkaly pikirlenmegi we töwereginde bolup geçýän zatlary seljermegi öwrenýärler. Çagalaryň kitap okamagy üçin belli bir ýaş ýok. Hatda bäbeklerem degişli kitaplar okalanda lezzet alyp öwrenýärler.

Kitap okamak endigi, kitap okamagy öwrenenden soň bu işden lezzet alyp, üznüksiz dowam etdirmekdir.


Çagalara kitap okamak endigini nädip gazandyryp bolar?

Kitap okamak endigi, okamagy öwrenenden soň lezzet bilen dowam etdirmek üçin zerurdyr. Bu endigiň ösmegi üçin çaga kitaplar bilen mümkin boldugyça ir tanyşdyrylmalydyr. Çagalary üçin kitap saýlaýan ene-atalar, kitaplaryň çaganyň ýaşyna we jynsyna laýyk gelýändigine üns bermelidirler. Bu meselede ene-atalar çaga üçin ýol görkeziji hökmünde çykyş edýärler. Öýde kitaphana döredilmeli, çaga üçin oýunjaklar ýaly kitaplar satyn alynmaly we iň esasysy çaganyň ýanynda kitap okalmaly. Çagalara kitap söýgüsini gazandyrmak üçin çagalykdan ertekileri okamak gaty möhümdir. Kompýuter we telewizor kitap okamakda möhüm päsgelçiliklerdir. Ene-atalar kompýuteriň we telewizoryň öňünde geçiren wagtyny çäklendirip, çaga üçin görelde bolmalydyr. Çaga boş wagtynda planşet ýa-da kompýuteriň ýerine kitap tapmagy başarmaly. Çaga töwereginde näçe köp kitap bolsa we näçe köp kitap okaýan adam bolsa şonça-da okamak endigine eýe bolýar. Doglan günlerinde we beýleki aýratyn günlerde kitap bermek ýa-da sowgat hökmünde kitap satyn almak maslahat berilmelidir, ýöne bu meselede çaga basyş edilmeli däldir.

Maşgaladan soň ikinji ýerde mugallymlar okamak endikleri taýdan çagalara gaty täsirlidir. Çagalar baglaryndan başlap, ähli okuw jaýlarynda kitaby söýdürjek çäreler geçirilmelidir. Kitap dükanlaryna, kitaphanalara gezelenç çäreleri geçirilmelidir. Öý işini taýýarlaýan çagalar, internetiň ýerine kitaplardan gözleglere gönükdirilmelidir.

Üns ýetmezçiligi we okamak

Üns ýetmezçiligi, islendik mowzuga uzak wagtlap ünsi jemläp bilmezlik, ünsüň we gyzyklanmanyň çalt sowulmagydyr. Üns ýetmezçiligi pes derejeden agyr derejä ýetýär. Agyr görnüşi kesel diýip kesgitlenýär. Adatça çagalar okamagy we ýazmagy öwrenenlerinden soň pes we orta görnüşler duýulýar. Sapagyň dowamynda sapaga ünsi jemläp bilmedik, sapak wagtynda beýleki zatlara üns bermek, ýygy-ýygydan hajathana gitmek, öý işini ýerine ýetirýän wagty telewizor we telefon ýaly zatlar bilen iş salyşmak, öý işini ýa-da kitaby gaty uzak wagtlara ýaýratmak ýaly ýagdaýlarda
üns bölünmegi ýa-da ýetmezçiligi diýip atlandyryp bolar.

Üns ýetmezçiligi bolan adamlaryň iň uly problemalarynyñ biri hem kitap okamazlygydyr. Kitap okamaga kän bir gyzyklanmaýarlar. Şeýle-de ýaşlary üçin degişli kitaplary okamak endigine-de eýe bolup bilmeýärler. Kitap okamak endigi, belli bir wagt aralygynda belli bir sahypada kitap okamagy aňladýar. Üns ýetmezçiligi bolanlar kitaba başlap bilmeýärler ýa-da 5-6 sahypadan uzaga geçip bilmeýärler. Okaýarka, özlerini gyzyklandyrýan başga zatlary tapýarlar.

Eger üns ýetmezçiligi bolan çagaňyz bar bolsa we oña okamak endigini öwretmek isleseňiz, ilki başda öz isleýän kitaplaryny saýlamagyna rugsat beriñ! Kitap okamak sagatlaryny kesgitläñ! Ilki başda bu wagtyñ gaty uzyn bolmazlygyna üns beriň! Wagtyň geçmegi bilen ýuwaş-ýuwaşdan kitap okamak wagtyny artdyryp bilersiňiz. Oňa kitap okaň we ondan hekaýanyñ manysyny aýtmagyny haýyş ediň! Okaýan hekaýaňyzy bir ýerde kesiň we çagadan dowam etmegini haýyş ediň! Mümkin boldugyça üns artdyrýan oýunlary we maşklary ediň!

Çagalarda sapak okamak endikleri:

Çagalaryň yzygiderli sapak okamak endigini ösdürmegi üçin ilki bilen ene-atalar käbir düzgünleri berjaý etmeli. Bularyň birinjisi, çagalara has irki döwürde jogapkärçilik duýgusyny bermekdir. Özüne berilen işi wagtynda we doly ýerine ýetirmegi öwredilmelidir. Galyberse-de, öý işi çagalaryň jogapkärçiligidir. Ene-atalar çaganyň öýde sapagyny okamagy üçin zerur fiziki gurşawy üpjün etmeli. Mekdepden gelýän çaga ilki dynç almaly, garnyny doýurmaly we belli bir wagtyň içinde öý işini etmeli. Çagalar öý işleri barada sorag berenlerinde, olara jogap bermeli, ýöne çaganyň öý işini ene-atasy etmeli däl. Öý işini gutarandygyny ýa-da gutarmandygyny barlamaly, ýöne öý işinde düzedişler girizilmeli däl. Sapagyny okap bolandan soň, çaga bilen täsirli wagt geçirmeli. Oýun oýnamak we film görmek ýaly halaýan çärelerini saýlap, çaganyňyzyň hem lezzet almagyny üpjün etmeli!
17
161
ArslanYazly
12 Awgust 2022
GoLd, hawa ýetişýän gurşawy, gatnaşýan deñ-duşlary, okaýan mekdebi, maddy ýagdaýy we başga-da birnäçe faktorlar çagalañ okamaga höwesi, bilim derejesi, zehini üstünde uly rol oýnaýar!
MissBoss♕
12 Awgust 2022
Suratyñ ozi gurlap duran yaly,suraty ozume aldym👍🏻
abdy_dayy
12 Awgust 2022
ArslanYazly, dogry cagany yasdan ayaly basdan diyilenida berekellaArslanYazly,
ArslanYazly
12 Awgust 2022
moana, ooo turkish, severus!
ArslanYazly
12 Awgust 2022
moana,?
ArslanYazly
12 Awgust 2022
Dusia,👍
Dusia
12 Awgust 2022
ArslanYazly, bolia
ArslanYazly
12 Awgust 2022
Dusia, ýo hiç zat.
Dusia
12 Awgust 2022
"😐" ?
ArslanYazly
12 Awgust 2022
Dusia, hawa!

Dusia,?
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.