alisherxon
12.08.2022 10:24
Mukaddeslik

Maşgaladan başlanýar Watan,
Maşgaladan başlanýar geljek.
Maşgaladan başlanýar ömür,
Maşgaladyr goldawyň berjek.

Maşgalany deňeýän mydam,
Pula deňäp bolmaýan bagta.
Ynsan üçin maşgala dälmi
Tümlüklerden çykarýan ýagta?!

Maşgalanyň gadryny biliň!
Ýetim-ýesir ynsanlar näçe?!
Özge ýurtda ýörenler bardyr...
Maşgalasyn küýsänler näçe?!

Maşgaladyr edebiň başy,
Maşgaladyr bilim ojagy.
Maşgalanyň süýji her aşy,
Mähirlidir onuň gujagy.

Maşgala – bu ilkinji mekdep,
Agzalary saňa derslikdir.
Maşgala – bu birinji edep,
Maşgala bu Mukaddeslikdir.

Aly Şirhan Daýhan ogly

''Dünýäni öwürýän şygryma'' goşgular ýygyndymdan (ähli hukuklary goralan).
8
50
alisherxon
13 Awgust 2022
Sag boluň...
kyyas2017
13 Awgust 2022
Berdinazar Hudaýnazarowy oka, Şu görnüşde ýazylan goşgulary bar, berekella üstünlikl
alisherxon
12 Awgust 2022
Sag boluň
wolf
12 Awgust 2022
Watan🔥👍
Милая.G
12 Awgust 2022
Ilkinji 👍 menden.gowy gosgy
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.