NIÝETIŇ DOGRY BOLSYN
Lukman hekimiň goly açyklygyny, sorana garz berip, ýazyp goýmaýandygyny bilýän bir kişi alan garzyny bermezlik niýeti bilen ondan müň altyn teňňe aldy.
Ýolda dem-dynçyny almana otyrdy, we alan pulyny gyzyl reňkli bir mata sarap goýdy. Bir guş ony et diýip hyýal edip alyp gaçdy we Lukman hekimiň öýi üstinden uçyp barýarka tumşugydan düşirip goýberdi. Lukman hekim özi beren altynlary tanap, alyp goýdy. Kälki adam gelip, ýene şu niýet bilen müň altyn teňňe aldy.
Ýöne, derýadan geçjek bolanda ony suwa gaçyrdy. Derýa Lukman hekimiň öýi ýanyndan geçerdi. Hekim altyny tanap, ýene alyp goýdy. Şol adam üçinji gezek gaýtarmazlyk niýeti müň altyn alyp, ony hem bir säbäp bilen ýitirdi. Dörtinji gezek ahyry, söwda-satyk bilen meşgullanmak we peýda görse, Lukman hekime dört müň edip gaýtarmak niýeti bilen müň altyn teňňe sorady. Bu gezek peýda gördi we Lukman hekime dört müň altyn alyp geldi, Hekim müň altyn teňňeni alyp, galanyny gaýtaryp berdi.
Ebu Hureýre Abdurrahman ibni Sahr radyýallahu anhyň adyndan rowaýat edilmegine görä, Resulullah sallallahu aleýhi we sellem şeýle diýipdir: “Allatagalla siziň bedenleriňize we ýüzleriňize däl-de, kalplaryňyza (ýürekleriňize) sereder.”