ylham_1989
11.08.2022 23:43

Sürüjisiz taksi döwri başlaýar


Hytaýda sürüjisiz taksi döwri başlaýar. Ýurtda ilkinji gezek sürüjisiz awtonom robot taksileriň hyzmatyndan peýdalanyp başlanýar. Ýolagçylar üçin şeýle hyzmatda ýurduň Uhan we Çunsin şäherlerinde ýola goýlar.

“Baidu” kompaniýasyna bu ugurda 2 sany rugsatnama berildi. Şoňa laýyklykda, Uhan şäherinde 13 inedördül kilometr meýdanda sagat 9:00-dan agşam 17:00-a çenli, Çunsin şäheriniň Ýunçuan etrabynda bolsa 30 inedördül kilometr meýdanda irden sagat 09:30-dan agşam 17:30 çenli sürüjisiz taksi hyzmaty berler.

Her zolakda “Apollo 5” kysymly ulaglaryň 5-si hereket eder. Ulaglar uzakdan dolandyrylar we olar kynçylykly ýagdaýda duçar bolanlarynda uzakdan dolandyrylyp, hereket edýän ugruny dowam etdirer.

Sürüjisiz taksileriň hyzmat edýän ilkinji günlerinde kameralar arkaly yzygiderli gözegçilik saklanar.

Golaýda bu kompaniýa sürüjisiz ulagynyň 6-njy täze görnüşini hödürledi. Ol tutuşlygyna awtonom awtoulag bolup, yzygiderli önümçiliginiň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar. “Apollo RT6” kysymly awtoulagy indiki ýyl öndürmek meýilleşdirilýär.
11
104
Myhman Myhman
31 Awgust 2022
Dünya gaty osiberse gowy dal

Dünya gaty osiberse gowy dal
Myrataly
14 Awgust 2022
♤°•°•°Nusga°•°•°♤, Dogry aŷtŷaňyz.
jemal_seyitniyazowa
14 Awgust 2022
Myrataly, hemme zat elektronlaşyp, artyp başlady adamlaryň hereket ediş ukyby azalyp ähli zat ýeňilleşip barýa...diýjek bolýanymam bu zatlar haýyrly zadyň alamaty däl

Bitter, 🤦🏻‍♀️🤦🏻‍♀️🤦🏻‍♀️😂😂 manysyzdygynyyy
Myrataly
14 Awgust 2022
♤°•°•°Nusga°•°•°♤, Name ucin bey diydiniz.
jemal_seyitniyazowa
14 Awgust 2022
Ahyrzaman🥺
Papatya
14 Awgust 2022
Menä haladym)
alisherxon
12 Awgust 2022
Ölmeseň her zady görjeksiň diýleni ekenda
wolf
12 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
ylham_1989
12 Awgust 2022
cinderella_,👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻👍🏻
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.