Gülhan
11.08.2022 22:54
Agyrma ýüregim agyrma beýle,
Ýör bile çykaly seýrana-seýle.
Belki gussalaryň egsiler, gider,
Bilýäňmi hool günem bolupdy şeýle.

Baý şonda kösäpdiň agyryp öte,
Şomda-da ikimiz çykypdyk çete.
Derman, därä pisint dagam etmediň,
Kim bilýä nämeler düwdiň sen nete?

Gereginden artyk urjak bolduňmy?!
Ýa, urup ýadadyň, durjak bolduňmy?!
Bilmekligim üçin durmuş gymmatyn,
Ýa, gorkuzyp, hile gurjak bolduňmy?!

Siňesim gelenok Ýeriň teýine,
Irden görenlerim, ýogaldy öýle.
Entek edilmedik işlerim ýatyr,
Agyrma ýüregim agyrma beýle..!
11
79
N.T.
13 Awgust 2022
Gülhan,💔💔💔💔💔👍👍👍👍
alisherxon
12 Awgust 2022
👍👍👍👍👍😐😐
wolf
12 Awgust 2022
😔😔😔👍👍👍
Gülhan
11 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, 😊 bence'de)
gulshatayewa97
11 Awgust 2022
Gowy görýän şu goşgyny (ikimiziň galeraýamyz meňzeşräk bolup biler😁)
zolushka
11 Awgust 2022
Agyrma ýüregim agyrma beýle💔
SerdarMyradov
11 Awgust 2022
awtory kimka!gowy gosgy!
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.