Gülhan
11.08.2022 21:44
Dyrnak ýaly umyt berseň, ýeterlik,
Onsoň dünýäň bar bagtyna şärik men.
Şaýat boldum, hol ullakan bagyňam,
Gögerenne bir kiçijik şänikden.
*****
Bu durmuşda ýetilmejek arzuw ýok,
Yhlasyňa deň bolýandyr miwesem.
Ynamsyzy yrandyrýa bu ýollar,
Ýok, ýok “birden aýrylaýsak” diýme sen.
*****
Gülüp ýören kän-ä ýogsam ozalda,
Hemmämizem aglap doglan bäbejik.
Tiz gutarar gaýgy-gama sowursak,
Bize berlen ömür özi nämejik.
*****
Meni ýatla, gam basanda göwnüňi,
Uran paltaň degeninde daşa ýa.
Unutmagyn bu dünýäde seň üçin,
Senden başga ýene biri ýaşaýa.

Mätgurban Mätgurbanow.
15
109
Myhman Myhman
17 Awgust 2022
Gaty govy ,manyly yazylypdyr.
Gülhan
11 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, howwa, internetde şeýle çykardy özä
gulshatayewa97
11 Awgust 2022
Gülhan,onda bilmedim o has gowy ýöne meň üçinä oňam awtory Mätgurban dp durdy dämi
Gülhan
11 Awgust 2022
Gülşat Ataýewa, asyl nusga şu, sizdäki üýtgedilen öydyän. Ol mendede bar
gulshatayewa97
11 Awgust 2022
Bu goşgyň doly görnüşi däl ýöne hä
wolf
11 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
alisherxon
11 Awgust 2022
👍👍👍👍👍👏👏
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.