Agzalar şeýleräk bir oýun bar.Bu oýun öň hem başga agza tarapyndan oýnaldy.Ýöne men ýene size hödürlemegi makul bildim.
Içiňizden üç belgili san belläň.Ýöne ol sanlar bir-birine meňzeş bolmasyn we içinde nol sifri bolmasyn.Soňra ol sany yzdan öňe aýdyp görüň we ulydan kiçini aýryň.Siz maňa jogabyň 3-nji sifrini aýdyň.Men bolsa öňdäki sifrlerini biljek bolaýyn.Eger men bilmegi başarsam onda siz meniň islendik soragyma jogap bermeli bolarsyňyz.Eger men bilmegi başarmasam onda men siziň (adymdan başga) islendik soragyňyza jogap bererin.
Meselem :
794.
Yzdan öňe aýtsaň 497.Diýmek 794 den 497 ni aýyrýas.Jogap 297.Ýöne siz maňa diňe 7 lik sifri aýdyň.Men öňündäkileri biljek bolaýyn.
Düşnüklimi ?!
Başladyk onda !