Toý sowuldy welin, bagşy-sazandalar meni ýanyna çagyrdylar. Barmaga ýaýdanýan, sebäbi bagşa bermäge-de pulum ýokdy. Ýaýdanyp-ýaýdanyp barsam, Atabaý: «Eý, şu wagtdan «heleý guly» boljak bolma, seni çagyryp getirip bilemizog-a» diýip degişdi. Gapdalynda duran oglanlaň birine-de: «Bar, inim, öýden bir gyňaç getirsene!» diýdi. Derrew gyňaç getirdiler. Ol ýaňky gyňajy ýere ýazdy-da, üstüne sandykdaky toýa düşen pullary agdardy. Sazandalaryna ýüzlenibem: «Oglanlar, şu puldan maňa-ha hiç zat gerek däl. Eger siz razy bolsaňyz-a toýa gatanç edäýeliň!» diýip geňeşdi. Ýerli-ýerden «razy» diýdiler. «Onda oglanlar, toýuňyzda gaýtsyn! Size-de nesip etsin, Hanow, jan! » diýip , gyňajyň dört burçundan tutup elime berdi. Puly sanap görsek şo wagtyň pulunda iki müň sekiz ýüz manat çykdy. Şol wagtlar toýa Annaberdi Atdan bilen Öwezgeldi Teke iki müň manada giderdi, Atabaý bilen Nurýagdy Tokga ikisem bir müň alty ýüz manada giderdiler. Emma Atabaýyň aýdymy üçin il-günüň isleg bildirip tutan puly üç müň manada golaý bolaýypdyr. Atabaýyň şunuň ýaly sahylygy, adamyň ýagdaýyna düşünýänligi, güzerany pesräk ýaşaýanlaryň egninden göterip bilýän gaýratlylygy bardy» diýip alkyş baryny aýtdy. Soňam: «Onuň ýaly ýokdur-laý. Atabaý kalbymda rowaýata öwrülip ýaşaýar» diýdi-de, ýene-de gürrüňini dowam etdi.
Aýdym-sazy diýseň gowy görýärdim. Atabaýyň aýdymlaryny diňlänimde özüm üçin aýdylýan ýaly täsir ederdi. Ol orta mekdebi gutaran dessine ulag edindi. Maňa ulagyny sürdürip kän toýlara bile giderdik. Türkmen döwlet filarmoniýasynda Öwezgeldi Tekäýewiň iş dolandyryjysynyň sürüjisi bolup işleýän döwrümde-de, Atabaý, sazandalary Nurmuhammet Babalyýew, Öwezmyrat Paşşyýew üçüsi bilen Öwezgeldi Tekäýewiň «Arzuw» aýdym-saz toparynda bile işledik. O wagtlar bagşy-sazandalar üçin «Watan», «Mir» kino teatrlarynda hemem serkerdeler öýünde çykyş etmäge mümkinçilik bardy. Şonda konsert çykyşlaryna barlanda her bagşy iki aýdymdan kän aýtmazdy, emma Atabaýa gezek gelende tomaşaçylaryň haýyşy üçin azyndan bäş aýdym dagy aýtdyrardylar.
Bir günem Bally kakam ogluny öýerjek bolup toý sähedini alypdyr. Ol maňa: «Oglum seň diýeniňi eder, oňa ýagdaýy düşündirip ber. «Toýumda Atabaý aýtmasa öýe geljek däl» diýip kösäp otyr. Atabaý bolsa, toý günümizde başga toýuň haýyşyny boýun alan eken. Eger sen diýeniňi diňledip bilseň-ä, bagşa iki esse pul tölemäge-de razy» diýdi. Ýagdaýy aýtdym,welin, Atabaý: «Boş wagtyma sähedi süýşürsinler, mugt aýdyp bereýin, ýöne boýun alan toýumdan dänip bilemok» diýdi. Şeýdip toýa başga bagşy tytmaly bolduk. Ýöne nesibesi bar eken, Atabaýyň boýun alan toýy bir sebäp bilen goýbolsun edilipdir. Birden bap-bap edip ulagyny gygyrdyp Atabaý geläýdi. Egni donly, ak telpekli çepiksije göwredäki horja oglan ulagdan düşdi welin, Bally kakam: «Atabaý aýtsyn diýip, derejeläp ýöreniňiz şujagaz oglanmy, şu göwreden üýtgeşik ses çykar öýdemok» diýdi. Şonda toýda Atabaý şeýlebir aýdymlar aýtdy. Bally kakam: «Oglum, ýöne ýere diýmän eken. Alla tarapyn berlen zehin eken-ä bu» diýip geň galdy. Toýdan soň oňa öz bermeli nyrhynyň üstüne-de, dört ýüz manat artyk goşup beripdi — diýip gürrüň berdi.
Hangeldi aganyň telefonunda Atabaý bagşynyň Büzmeýiniň 40 ýyllyk kolhozynda bir toýda aýdym aýdan ýazgysy bar eken, Älhepus, o märekäniň köpdügini. Gözüň bilen görmeseň ynanar ýaly däl. «2000-2001-nji ýyllardaky toýuň ýazgysy» diýdi. Ýene bir ýazgysy bar eken, onda Atabaý bagşy Mäne Garaýewiň ýolundan aýdyp otyr welin , düýbünden üýtgeşik heňde aýdypdyr. Onuň ýaly heňde aýdym aýdýanyny birinji gezek diňläp gördüm. Hangeldi aga: «Atabaýa hemişe «Bagyşla meni», «Ogulsyz»,«Weýran eýledi»hemem «Dünýedir» aýdymlary haýyş edip aýtdyrardym. Ol: «Dost jan, saňa haýsy aýdymy aýdyp bereýin diýmäge ýaýdandyrýaň. Gamgyn aýdymlary haýyş etmesene» diýerdi. Men ol aýdymlary özüm üçin döredilen aýdymlar ýaly kabul edýärdim» diýip, çeper okaýyşda aýdymyň sözlerini gaýtalady. Ondan Atabaýyň eliniň işliligi hakynda soradym. Ol: «Atabaýyň elinden gelmeýän iş ýokdy. Suwagçylykdanam, gurluşykdanam, ulag ussaçylygyndanam hat-da tikin-çatyndanam baş çykarýardy. Ol oglanlaň gyýma balaklaryny özi biçip tikýärdi. Ejesi bilen şahyr Gurbannazar Ezizowyň kakasy dogan. Belki, şondandyr, ejesiniňem, Atabaýyňam zergärçilikden başy çykýardy» diýdi.Soňra-da ol Atabaý bagşy on ýedi ýaşyndaka bile düşen suratyny getirip berdi